Böwrek daş keseliniň toplumlaýyn bejergisinde mekgejöwen gulpagynyň ähmiýeti

5 Dekabr 2023
1038

Jeýhun ÝAZYÝEW
M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň urologiýa okuwly fakultet hirurgiýa kafedrasy

Böwrek daş keseli (BDK) – häzirkizaman urologiýanyň esasy meselesi bolmak bilen, urologik keselleriň arasynda duş gelýän ýygylygy boýunça piýelonefritden soň ikinji orunda durýar. Şeýle näsaglar urologik kesellileriň 30-50%-ni tutýar. BDK bilen keselleýjilik Ýer şarynyň hemme regionlarynda gabat gelip, ol erkeklerde, aýallarda we islendik ýaşdaky adamlarda, hatda çagalarda hem ýüze çykyp, adamlaryň, esasan, zähmete ukyply, ýagny 30-50 ýaş aralygynda has ýygy duş gelýär. BDK-nyň ýaýraýjylygy Ýer şarynyň ähli regionlarynda birmeňzeş däldir, sowuk howaly demirgazyk regionlarda seýregräk duş gelýär, tersine, yssy howaly regionlarda köp duş gelýär. Şeýle-de, BDK bilen keselleýjilik Aziýada 1-5%-e, Ýewropada 5-9%-e, Demirgazyk Amerikada 13%-e, Saud-Arabystanda 20%-e çenli duş gelýär [2, 5]. BDK bilen keselleýjiligiň ýylsaýyn artmagy bu patologiýanyň wajyplygyny has-da artdyrýar.