Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si we sag­lyk

3 Dekabr 2023
510

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023

Yn­san dur­mu­şyn­da sag­ly­gyň iň gym­mat­ly baý­lyk­dy­gy, ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak ha­zy­na­dy­gy, ýe­ri­ni hiç zat bi­len dol­dur­ma­gyň müm­kin däl­di­gi hem­mä­mi­ze mä­lim­dir. Sag­ly­gyň baş şer­ti bol­sa sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni dog­ry ber­jaý et­mek­den baş­lan­ýar. Üýt­gäp dur­ýan ho­wa, daş­ky gur­şaw ada­myň dem al­şy­nyň, ýü­rek ur­gu­la­ry­nyň, gan ba­sy­şy­nyň hem üýt­ge­me­gi­ne tä­sir ed­ýär. Şo­nuň üçin, il­kin­ji no­bat­da, pas­la gö­rä ge­ýin­mek, aras­sa ho­wa­da köp­räk ge­ze­lenç et­mek sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň hem­me­ler üçin el­ýe­ter­li we hök­man ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li şert­le­ri­niň bi­ri­dir.

Ogulsona Bäşimowa,
M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň mugallymy.