Saglyk — baýlyk

29 Noýabr 2023
397

AIW ýokanjyna, AIDS-e garşy göreş dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde saklanýan esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Döwlet, sebit we halkara derejede gazanylýan ylalaşyklaryň we olaryň çäginde alnyp barylýan işleriň netijesinde AIW ýokanjynyň ýaýramagynyň garşysyna göreş alnyp barylýar. Biziň ýurdumyzda ynsan saglygyna uly zyýan ýetirýän endiklere garşy göreş döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Käbir adamlar AIW ýokanjy we AIDS şol bir zady aňladýandyr diýip pikir edýärler. Aslynda welin beýle däl. AIW — adam bedeninde immun ýetmezçiligi sebäpli döreýän wirus. AIDS immun ulgamynyň düýpli işjeňsizligi netijesinde dürli agyr we howply kesel alamatlarynyň ýüze çykmagy bilen häsiýetlendirilýän keseliň soňky döwri bolup durýar.

AIW diňe adam bedeninde ýaşap bilýär. Howada ol hereket etmek ukybyny ýitirýär. Bu wirus adam bedenindäki ähli suwuklyklarda saklanýar, ýöne ol diňe, gan, suwuklyklar arkaly syrkawdan sagdyn adama geçip bilýär. Sebäbi bu suwuklyklarda wirusyň kesel döredip bilýän mukdary saklanýar. Örän az mukdarda saklanýandygy üçin AIW peşew, der, tüýkülik arkaly ýokuşmaýar. Wirus oňurga ýiliginde köp mukdarda saklanýan bolsa-da, onuň oňurga ýiligi arkaly ýokuşmak howpy aradan aýrylýar.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 16-njy saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.