Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip

29 Noýabr 2023
480

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna we halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýar. Ýurdumyzyň çäginde AIW/AIDS ýaýramagynyň öňüni almak hem-de AIW ýokanjy boýunça kanunçylyk-hukuk esaslaryny kämilleşdirmek maksady bilen, adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli, bu keseliň ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ýurdumyzda AIW ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almaga döwlet derejesinde uly üns berilýär. Ýowuz kesele garşy göreşde döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işleriniň ýerine ýetirilişini utgaşdyrmak maksady bilen, AIW ýokançlygy AIDS boýunça Pudagara utgaşdyryjy topar döredildi. Toparyň agzalary, ýagny ministrlikler, pudaklar hem-de jemgyýetçilik guramalary Bütindünýä AIDS-e garşy göreş güni bellenilýän dekabr aýynda has-da jebisleşip işleýärler. Tutuş aýyň dowamynda toparyň agzalarynyň işjeň gatnaşmaklarynda ýurdumyzyň, umumybilim berýän, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarynda, harby bölümlerinde, ilatyň arasynda «AIDS-e garşy birleşeliň» diýen şygar astynda duşuşyklar, söhbetdeşlikler, medeni-sport çäreleri geçirilýär.

Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde hem-de halkymyzyň saglygyny goramakdaky aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!

Gülşat MURRIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 12-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.