Ynsanperwer işleriň ilerleýän ýurdunda

29 Noýabr 2023
662

Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda hem giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilip, uly ösüşler gazanylýar. Lukman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy düýpli döwrebaplaşdyrylyp, dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän bejeriş-dikeldiş, şypahana-dynç alyş düzümleri döredildi. Saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmek, döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek turuwbaşdan Türkmenistanda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ähmiýet berilýän esasy ugurlarynyň biri bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Muňa biz 14-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabatda we onuň töwereklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşmagynyň barşynda häzirki wagtda paýtagtymyzda bina edilýän täze saglygy goraýyş desgalaryny dikuçardan synlamagynyň, olara içgin gyzyklanma bildirmeginiň mysalynda ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdik.

Adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilýän Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň özboluşly aýratynlyklarynyň biri-de alnyp barylýan işleriň ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlik ýol-ýörelgeleri bilen sazlaşykly durmuşa geçirilmegidir. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler, zähmete ukyby bolmadyk, durmuş goldawyna we howandarlyga mätäç uly adamlardyr çagalar üçin döredilýän mümkinçilikler hem ýeňillikler munuň aýdyň mysallarydyr.

Gurbanmagtym GULGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň ortopedik we hirurgik stomatologiýa kafedrasynyň assistenti.