Saglygymyz öz elimizde!

27 Noýabr 2023
499

AIDS keseline garşy göreşmek boýunça bütindünýä güni Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji bütindünýä saglyk günüdir. AIW keseliniň öňüni almak üçin adamlaryň arasynda bu kesel barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek zerurdyr. Bu keseliň bardygyny bilmezlik, bu kesel barada sowatlylygyň bolmazlygy keseliň ýaýramagyna getirip biler. AIDS keselini ýüze çykarmak boýunça gan barlaglary geçirilýär.

AIW — bu adamyň immunodifisit wirus ýokanç keseli bolup, ol kesel bilen kesellän adamyň immun ulgamynyň zeperlenmegine we adamyň kesele garşy göreşijilik ukybynyň peselmegine getirýär. Immun ulgamynyň zeperlenmegi kesellän adamyň dürli ýokançlyklara garşy göreşmek ukybynyň has peselmegine we dürli ýokançlyklar (inçekesel, meningit, pnewmaniýa, howply täze döreme keselleriň käbir görnüşleri) bilen kesellemegine we keseli agyr ýagdaýda geçirip, soňunyň bolsa heläkçilik bilen gutarmagyna eltýär. AIDS — keselli adamdan sag adama ganyň üsti bilen geçip biler.

Aýsona ALLABERENOWA,
Aşgabat şäherindäki 7-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.