Sagdynlyk hereketde

25 Noýabr 2023
607

Saglygy berkitmegiň, işjeňligi artdyrmagyň, ruhuňy galkyndyrmagyň iň gowy tebigy usullarynyň biri ýöremekdir. Az hereketlilik saglyk üçin zyýanly bolup, dürli keselleriň döremegine getirýär. Şonuň üçin maşk etmegi, ýöremegi endik edinmeli. Her gün on müň ädim ätmek ýa-da arassa howada 30 — 60 minut ýöremek zerurdyr. Zenanlar üçin her gün, ortaça, 2700 ädim ätmegiň hem peýdalydygyny bilermenler belleýärler.

Her gün ýöremek myşsalaryň çeýeligini artdyrýar, bedeniň çydamlylygyny güýçlendirýär, ýürek bilen bagly howplaryň öňüni alýar, süýjüli diabetiň saglyk üçin zyýanlylygyny azaltmaga kömek edýär, şeýle hem ýatkeşligi berkidýär, beýniniň işjeňligini ýokarlandyrýar, dartgynlylygy we aladalary azaltmaga ýardam berýär.

Bibisara SAPARGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.