Saglyk — baş baýlyk

24 Noýabr 2023
712

Saglyk ynsanyň iň uly baýlygydyr. Bu babatda il arasynda «Saglyk — baş baýlyk» diýen aýtgy bar. Juda jaýdar aýdylan bu jümle ähli döwürlerde-de öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy çuň manyly setirlerinde şeýle diýýär: «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» ýa-da «Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy, // Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy».

Saglygy goraýyş ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze derejelere çykdy. Garaşsyz Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetde berkarar bolmagyny gazanmak maksady bilen giň göwrümli çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda bu ulgamy ösdürmäge gönükdirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işjeň hereket edýär.

Miwe ÖWEZDURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.