"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Ýürekden çykanda Al­kyş sözleri...

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023 Be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak sag­ly­gy ber­kit­mek bi­len bir ha­tar­da, adam­la­ryň asyl­ly iş­le­re, dö­re­di­ji­lik we zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň art­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň asyl­ly iş­le­re ruh­lan­dyr­ýan­dy­gy­na he­mi­şe ün­si çek­ýär. Şu mak­sat bi­len, döw­let Baştuta­ny­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­myz­da sport ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, kä­mil­leş­dir­mek hem-de onuň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, de­giş­li kö­pu­gur­ly dü­züm­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Ýyl­lar­da­dyr ak gel­je­giň gü­wä­si

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023 Pa­ra­hat­ly­gyň, bag­ty­ýar­ly­gyň, sag­dyn­ly­gyň hö­küm sür­ýän ýur­du­na ýyl­lar ýyl­lar­dan zy­ýa­da gel­ýär. Her bir ýyl öz ge­ze­gin­de ýe­ti­len sep­git­le­ri bi­len aý­dyň er­tir­le­re bar­ýan ak ýol­la­ryň üs­tün­lik­li ge­çil­jek­di­gi­niň öz­bo­luş­ly su­but­na­ma­sy­na öw­rül­ýär. Ta­mam­la­nyp bar­ýan 2023-nji ýyl hem Wa­ta­ny­myz, hal­ky­myz üçin dü­şüm­li ýyl­la­ryň bi­ri bol­dy. Bu ýyl­da hal­ka­ra de­re­je­de bol­şy ýa­ly, Wa­ta­ny­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy we ru­hy taý­dan ösü­şi­niň dür­li ugur­la­ry­na de­giş­li içe­ri sy­ýa­sat ba­bat­da hem äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ryň en­çe­me­si bo­lup geç­di. Bu be­ýik baş­lan­gyç­lar döw­le­ti­mi­ziň dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar, aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün ed­ýär.

Arkadag şäherinde Täze ýyl baýramy

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023 Arkadag şäheri özüniň ajaýyplygy, häzirki zamanyň dünýä ülňülerine laýyk gelýändigi bilen durmuşyň dürli ugurlaryna gönükdirilen ýokary derejeli iri medeni, sport, ylmy köpçülikleýin çäreleriniň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Şonuň üçin hem bu şäher her gün toýdur baýramlara beslenýär. Muny her ýyl geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jeminiň şu «akylly» şäherde jemlenmegi hem subut edýär. Häzirki wagtda bolsa Günden görkli, Aýdan nurana bezemen şäher täze 2024-nji luw ýylyny garşylamaga taýýarlyk görýär.

Änew — tür­ki dün­ýä­niň me­de­ni paý­tag­ty

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023 Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi hal­ky­my­zyň ta­ry­hy me­de­ni­ýe­ti­ne dün­ýä de­re­je­sin­de uly or­nuň de­giş­li edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. De­giş­li çöz­güt TÜRK­SOÝ-yň me­de­ni­ýet mi­nist­le­ri­niň he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň Tür­ki­ýä­niň Bur­sa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 39-njy mej­li­sin­de bi­ra­gyz­dan ka­bul edi­lip­di.

Tä­ze ýy­lyň bo­sa­ga­syn­da

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023 Täze ýylyň bosagasynda seriňe ajaýyp pikirler dolýar. Şa­hy­ryň goşgy setirlerinde:

Dün­ýä­de şeý­le bir şä­her bar

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023 Gün­le­ri nur­ly Gü­ne­şiň ço­gy ki­min sa­ha­wat­ly gel­ýän Di­ýa­ry­myz­da asyr­la­ra ba­ra­bar iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz

«Ar­ka­dag» Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny bol­dy we ku­bo­gy eýe­le­di

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023 «Ar­ka­dag» to­pa­ry­nyň fut­bol­çy­la­ry Aş­ga­bat­da «Al­tyn asyr» to­pa­ry­ny utup, Ýo­ka­ry li­ga­nyň klub­la­ry­nyň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny di­ýen ada möh­le­tin­den öň eýe bol­du­lar. «Ni­sa» sta­dio­nyn­da bo­lup ge­çen oýun Wla­di­mir Baý­ra­mo­wyň tä­lim ber­ýän oýun­çy­la­ry­nyň peý­da­sy­na ta­mam­lan­dy. Ýa­rym­go­rag­çy Wel­my­rat Bal­la­kow (44-nji we 68-nji) hem-de hü­jüm­çi Di­dar Dur­dy­ýew (58-nji we 60-njy) ýe­ňi­ji­le­riň çal­şyk­da­ky oýun­çy­la­ry hök­mün­de oý­na gat­naş­dy­lar.

«Gara altyn» Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023 Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň «Ga­ra al­tyn» to­pa­ry fut­zal bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ku­bo­gy­na my­na­syp bol­dy. Döw­let An­na­ýe­wiň tä­lim­ ber­ýän «Ga­ra al­tyn» to­pa­ry fi­nalda paý­tag­ty­my­zyň «Kö­pet­da­gy» bi­len du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen fi­nal oý­nun­da ta­lyp­lar has ynam­ly çy­kyş et­di­ler we öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gy ba­şar­dy­lar. Netijede, olar bäsdeşleriniň derwezesine jogapsyz üç pökgi girizmegi başardylar. Munuň özi «Ga­ra al­tyn» toparynyň ýeňiş gazanmak üçin eden yhlasynyň ýerine düşendigini görkezýär.

Hoş geldiň, täze ýyl!

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023 Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň ýe­tip gel­me­gi my­na­sy­bet­li, il­deş­le­ri­me, deň-duş­la­ry­ma gut­lag­la­ry­my ýe­ti­re­sim gel­di. Goý, umyt­ly ar­zuw­la­rym si­ze bu ak ýol­lar­da ýol­daş bol­sun we Tä­ze ýyl­da ha­syl bol­sun! Söý­gi­ňi­ziň öm­rü­ňi­ze şug­la sa­çyp dur­ma­gy­ny, adam­la­ra mäh­ri­ňi­zi paý­lap, iň go­wy hä­si­ýet­li adam­la­ry dur­mu­şy­ňyz­da çel­gi edi­nip, öňe git­me­gi­ňi­zi ar­zuw ed­ýä­rin.

Türkmenistan - sport ýurdy

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023 Gah­ry­man Ar­ka­dag­ymyzyň ba­şy­ny baş­la­ma­gy, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man

Welaýatlardan gowşan habarlar

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023 Ga­ra­gum et­ra­by­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lü­min­de et­ra­byň sport pu­da­gy­nyň iş­gär­le­ri­niň, Ga­ra­gum et­ra­by­nyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ryň jo­gap­kär iş­gär­le­ri­niň we me­de­ni­ýet to­par­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da uly üs­tün­lik­le­re eýe bo­lan tä­lim­çi­le­ri we tür­gen­le­ri sy­lag­la­mak mak­sa­dy bi­len, Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra ge­çi­ril­di.

Täze ýylyňyz düşümli bolsun!

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023  Tä­ze dö­re­di­ji­lik göz­leg­le­ri

Türk­men ra­dio­sy­nyň us­sa­dy

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023 Türk­men hal­ky­nyň gaý­ta­lan­ma­jak ze­hin­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Arap Gur­ba­now öm­rü­niň ag­ram­ly bö­le­gi­ni dö­re­di­ji­li­ge ba­gyş­la­ýar. Ol ýa­zy­jy hem dik­tor­çy­lyk kär­le­rin­de özü­ni ta­nad­ýar. Öm­rü­niň ça­ga­lyk ýyl­la­ry kyn­çy­lyk döw­rü­ne ga­bat gel­se-de, Arap çe­per eser­le­re bo­lan söý­gü­si­ni, gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny gow­şat­ma­ýar. Ýa­zy­jy Wa­tan­çy­lyk ur­şy ýyl­la­ry­nyň je­bir-sü­te­mi­ni ger­de­nin­de çek­ýär. Ol or­ta bi­li­mi­ni ta­mam­lan­dan soň­ra Aş­ga­ba­dyň mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi­ne oku­wa gir­ýär, oku­wy­ny ta­mam­la­man­ka türk­men ra­dio­sy­na işe gir­ýär. Özü­niň çuň ze­hi­ni bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ýa­zy­jy bu ugur­da ýö­ri­te bi­lim al­ma­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, örän us­sat­lyk bi­len özü­niň we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.

Toýnuk gurap uçan guşlar

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023 Halkymyzyň arasynda guşlar bilen baglanyşykly ýaýran ruhy we durmuş ýörelgeleri her birimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Ýurdumyzda guşlaryň birnäçe görnüşleri bar. Olardan biri hem adalatlylygyň nyşany hasaplanýan durna guşudyr. Durnalar tebigatyň ajaýyp bir bölegi hasaplanylýar, olar Ýewropada, Aziýada, Demirgazyk Amerikada we Awstraliýada ýaşaýan hakyky durnalar maşgalasyna degişli guşlaryň bir urugy bolup durýar. Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş dünýä halklarynyň köňüllerine dolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň söz açýan dana setirlerinde:

Ten­nis: sport­ly Türk­me­nis­ta­na be­lent ynam

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023 Türk­me­nis­ta­nyň Ten­nis fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Eziz Döw­le­tow şol bir wag­tyň özün­de Azi­ýa­nyň Ten­nis fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti­niň (ATF) orun­ba­sa­ry we­zi­pe­si­ne saý­la­nyl­dy. Şeý­le­lik­de, ol mun­dan beý­läk yk­lym fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň do­lan­dy­ryş bö­lü­min­de hem iş­läp baş­lar. Türk­men spor­tu­nyň ta­ry­hy üçin aý­ra­tyn mö­hüm wa­ka ATF-iň Taý­lan­dyň paý­tag­ty Bang­kok şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mas­la­ha­tyn­da bo­lup geç­di.

Ak bag­tyň ak ýol­la­ry­na ba­dal­ga

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023 Şa­hyr ýü­rek­li Ar­ka­da­gy­my­zyň «Do­wam bol­sun!» at­ly aja­ýyp şyg­ry­ türk­men hal­ky­nyň uly üs­tün­lik­le­re, ta­ry­hy wa­ka­la­ra bes­le­ýän her bir ýy­ly üçin öz­bo­luş­ly şy­gar­dyr. Ar­ka­dag Serdar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly-da hal­ky­my­zyň, şol san­da türk­men ýaş­la­ry­nyň dur­mu­şyn­da mö­hüm or­na eýe bol­dy. Ta­mam­la­nyp bar­ýan ýyl­da yk­dy­sa­dy­ýet, ylym, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş we dur­muş üp­jün­çi­li­gi, oba ho­ja­ly­gy, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag, ara­gat­na­şyk, te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar, gur­lu­şyk, me­de­ni­ýet, sun­gat ul­gam­la­ryn­da be­lent sep­git­le­re ýe­til­di.

Şan­ly ýyl­da ýaş­lar ba­ra­da ala­da

«7/24. tm» № 51 (186) 18.12.2023 Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly ýur­du­myz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­la­ma­gyn­da, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­riň bag­ty­ýar gel­je­gi, okap, öw­re­nip, hü­när eýe­si bol­ma­gy ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­le­riň ýy­ly bol­dy.

Ýaş­la­ryň da­ba­ra­ly mas­la­ha­ty we ser­gi­si ge­çi­ri­ler

«7/24. tm» № 51 (186) 18.12.2023 Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň esa­sy­sy ýaş ne­sil­ler, ola­ryň ­sazla­şyk­ly ösü­şi we sag­ly­gy, my­na­syp bi­lim-ter­bi­ýe al­ma­gy, saý­lap alan hü­nä­ri­ne eýe bol­ma­gy, ylym we dö­re­di­ji­lik, be­den­ter­bi­ýe, sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi bo­lup dur­ýar.

Şat­lyk-şow­hun bi­len gel­ýär Tä­ze ýyl

Welaýatlardan gowşan habarlar

«7/24. tm» № 51 (186) 18.12.2023 TKA-nyň Mil­li mer­ke­zi­niň «Awa­za» Mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky «Da­ýanç» sa­gal­dyş mer­ke­zin­de TKA-nyň Ma­ry we­la­ýat bir­leş­me­si­niň gu­ra­ma­gyn­da okuw mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di we oňa we­la­ýat, şä­her, et­rap bir­leş­me­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, jo­gap­kär iş­gär­le­ri, şeý­le-de dür­li ul­gam­lar­da ta­pa­wut­la­nyp zäh­met çek­ýän iş­jeň ag­za­lar gat­naş­dy­lar. Bu mas­la­hat­da bi­rek-bi­rek­den öw­ren­mek we öza­ra pi­kir alyş­mak üns mer­ke­zin­de sak­la­nyl­dy.