"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Talyplar önümçilik tejribeligini geçýärler

Zähmet bazarynda häzirki zaman ylmyndan baş çykarýan başarjaň hünärmenleriň taýýarlanmagy zerur bolup durýar. Geljekki hünärmenleriň zähmet ukybyny häzirki zamanyň talaplaryna gabat getirmek we önümçilik şertlerinde innowasiýalar bilen tanyşdyrmak üçin önümçilik tejribeligini geçmegi örän möhümdir. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutymyzyň talyp ýaşlary hem okuwda özleşdiren bilimlerini önümçilikde ornaşdyrmak maksady bilen, edara-kärhanalarda, guramalarda we bank edaralarynda  önümçilik tejribeligini geçýärler.    

Erik Fihtelius: «Žurnalistikanyň 10 ýörelgesi»

(Başlangyjy geçen sanlarymyzda) Wajyplyga kesgitleme bermek beýlebir kyn däl, ýöne ony iş ýüzünde ulanmak welin aňsat däldir. Biz maglumatyň öz auditoriýamyz üçin wajyplygy hakynda pikir edýäris, ýagny maglumaty beriji we maglumaty alyjynyň arasyndaky sessiz ylalaşyk boýunça onuň wajyplygyny kesgitleýäris. Wajyplyk çelgisi kärdeşler arkalaşygynyň gazetinde ýa-da ýöriteleşdirilen neşirlerde bir hili, «sary metbugat» diýlip atlandyrylýan neşirlerde düýbünden başga hili. Ýerli gazet üçin wajyp bolan maglumat tutuş ýurt üçin niýetlenen neşirlerde hiç hili ähmiýete eýe däl.

Sport žurnalistikasy

Her ýylyň 2-nji iýulynda sport žurnalistleriniň halkara güni bellenilýär.  Milli federasiýasy sport žurnalistleriniň halkara assosiasiýasynyň agzasy bolup durýan  Türkmenistan Watanymyzda hem bu hünär baýramy kärdeşlerimiziň arasyn-da dabaralandyrylýar.  Bu baýram mynasybetli  halypa žurnalist Gurbangeldi Mämmetsähedowyň sport žurnalistikasyndan söhbet açýan makalalar toplumyny çap edip başlaýarys. Sport žurnalistikasynyň maglumat çeşmesi. Häzirkizaman sporty örän çylşyrymly hem-de gapma-garşylykly medeni-jemgyýetçilik düzümi bolup durýar. Onuň medeni, syýasy ähmiýeti emele gelen şertlere baglylykda üýtgäp hem biler. Bu köpugurly, köptaraply medeni-jemgyýetçilik hadysasy, ýagny sport özüniň ähli wakalary, maglumatlary bilen bilelikde, sport žurnalistikasy tarapyndan garalýan, beýan edilýän, seljerilýän, öwrenilýän ugur bolup durýar. Sport žurnalistikasy onuň häsiýetli aýratynlyklaryny kesgitleýär, öwrenýär. Žurnalistika tarapyndan beýan edilýän ähli pudaklaryň arasynda sport üýtgeşik guralan ulgam, onuň köpdürli mazmuny bar, ol habar beriş serişdeleri üçin aýratyn maglumat giňişligini döretmäge ukyply. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan beýan edilen islendik sport wakasy žurnalistika wakasyna öwrülýär. Žurnalist

Milli ykdysadyýetimizde sanly hyzmatyň orny

  Ykdysadyýetde sanly hyzmatlaryň orny, täze döwrebap innowasion tehnologiýalaryň hem-de maglumat-aragatnaşyk ulgamynda dürli görnüşli sanly tehnologiýalaryň ýüze çykýan täsiri hökmünde düşündirilýär, bu täsir ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we durmuşda özüniň ornuny tapýar. Sanly hyzmata berilýän ünsüň, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň dünýäniň ähli ýurtlarynyň ykdysady ösüşinde barha uly ähmiýete eýe bolýandygy bilen şertlendirilýär. Sanly ulgam bilen bagly meseleler dünýä ýüzünde köpleri gyzyklandyrýan meseleleriň birine öwrüldi. Munuň esasy sebäbini ykdysadyýetiň sanly görnüşinde jemlenen mümkinçilikleriň diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmekde däl, eýsem, ynsan durmuşynyň hem özgermegine getirýändigi bilen baglydyr.

Buhgalteriýa hakynda maglumatlar

Buhgalteriýa düşünjesi gadymy müsürde döräpdir. Hat ýazmak üçin olar papirusdan we palçykdan peýdalanypdyrlar. Häzirki wagtda peýdalanýan hasap ulgamymyz XV asyrda döräpdir.  Bäş müň ýyl mundan ozal hojalyk ykdysadyýetinde hasaplamalaryň bolandygyny taryha ser salanyňda görüp bolýar. Olar hasaby düwünleriň, taýagyň we süňkleriň ýüzündäki kertikler bilen hasaplapdyrlar.

Üstünligin açary

Ýigrimi altynjy söhbet «Aýwi li» usuly. Taým-menejmentde öndürijilikli zähmet çekip, wagtyňy has tygşytlamak üçin ýörite usullar hem döredilendir. Olardan meşhurlaryň biri-de «Aýwi Li» usulydyr. Geçen asyrda öndürijilikli zähmet çekmegiň usullary boýunça dünýä belli hünärmen hökmünde tanalan Aýwi Ledbetter Li bu usulyň wajyplygyny ykrar edýär.

Önüm öndürijiler üçin döredilýän mümkinçilikler

Ata Watanymyzda işewürligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça yzygiderli syýasatyň ýöredilmegi netijesinde, telekeçilik, söwda hem-de hyzmatlar ulgamynda ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzda önüm öndürijileriň we sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagyna we bähbitleriniň berjaý edilmegine gözegçilik etmegiň öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagynyň esasynda, harytlaryň we hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmek ulgamyny kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

6G internet ulgamy

Hytaý 6G internet ulgamyny enjamlaşdyryşda dünýäde öňdebaryjy ýurtdur.  «Asman imperiýasy» diýlip atlandyrylýan bu döwlet geljege göz aýlaýar we standartyň indiki neslini işe girizmek barada pikir edýär.  Hytaý şeýle torlaryň 2030-njy ýyla çenli işe girizilip bilinjekdigine ynanýar.  Hytaý 6G ulgamynyň işe girizilmegine eýýäm çynlakaý çemeleşýär. Emma häzirki standart henizem köp ýurtda durmuşa geçirilýär. 

Syýahatçylar olimpiýa oýunlarynyň ilçilerine öwrüldiler

   Jahankeşdeler diplomatlara öwrüldiler. Bu hakykatdanam şeýle. Pandemiýa sebäpli Kabo-Werde döwletinde biygtyýar eglenmeli bolan ýaponiýaly syýahatçylar Tokioda geçmeli Olimpiýa oýunlarynda bu ýurduň ilçileri bolarlar. Rikiýa we Aýumi Kataokalar durmuş toýlaryndan soňra bal aýyny ýeriň daş-töweregine aýlanmaga sarp etmegi ýüreklerine düwdüler. Ýöne bu maksatlaryny amala aşyrmaga olara koronawirus epidemiýasy päsgel berdi. Olar Kabo-Werde döwletine ýetenlerinden soňra eglenmeli boldular. Muňa howa uçarlarynyň gatnawynyň togtadylmagy sebäp boldy. Dünýä ýüzüne aýlanmakdan geçen ýaş juwanlar indi öýlerine hem gaýdyp bilmeýärler. Sowalga pullary tamamlanansoň, syýahatçylar restoranlardyr myhmanhanalar üçin tanyşdyrma kitapçasyny döretmäge başladylar. Döreden kitapçalaryny bolsa azyk-owkata, ýaşamak üçin ýatak jaýa çalyşdylar. Ýapon syýahatçylary Rikiýa bilen Aýumi Kataokalar bu döwletiň özlerinde galdyran täsirleri barada şeýle gürrüň berýärler:

Jeki Çana meşhur diýmek bärden gaýdýar

Doly ady: Çhan Kong Sang Ýörgünli ady: Jeki Çan