"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

27-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary

2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 27-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 27-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary

2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda

Täze ýyl. Täze şäher. Täze jaý

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäherinde bagtyýar maşgalalaryň birnäçesi döwrebap öýleriň açaryny alyp, jaý toýlaryny tutdular. Ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň köp gatly ýaşaýyş jaý toplumynda ýaýbaňlandyrylan dabara ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň Täze ýylyň öňüsyrasyndaky her bir gününiň şatlykly wakalara beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Dabara Arkadag şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimlikleriniň, beýleki edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. Onuň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Munuň özi ýurdumyzyň hem halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalaryň guramaçylyk derejesine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ähli amatlyklary özünde jemleýän jaýlaryň giň, ýagty öýlerine göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalar ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny guwanç bi

Türkmen diplomatlaryna baýramçylyk sowgady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günleri Özbegistanda işleýän türkmen diplomatlary üçin ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. Düýn Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri üçin niýetlenen täze ýaşaýyş jaýy açylyp ulanmaga berildi. Munuň özi ýurdumyzyň ynsanperwerlige, dost-doganlyga esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşýan diplomatik gullugyň işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş-durmuş we iş şertleriniň döredilýändigini aýdyň görkezmek bilen, buýsanjyňa buýsanç goşýar. Täze jaýyň açylyş dabarasyna daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň hem-de Daşkentde işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ministrlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden iki ýurduň resmi wekilleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Özbegistan Respublikasynyň Pr

Ýylyň ady — döwre şan

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna buýsançnama «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryny baýdak edinen bereketli ýylymyz ahyrlap barýar. Täze ýyly joşgun bilen garşylaýarys. Ilki bilen, ony mynasyp atlandyrýarys. Bu biziň asylly däbimiz.

Pyragynyň italýan dilindäki diwany —

Aşgabatdan Rime ylham köprüsi Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine goşan uly goşandy bu günki gün giňden ykrar edilýär. Dana Pyragynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň altyn hazynasynda orun alan eserleri köp dillerde terjime edilip, türkmen şygryýetiniň abraýyny belende göterýär. Şol terjimeler daşary ýurtly okyjylar üçin türkmen halkynyň beýik oglunyň şygyrlarynyň many-mazmunyna, filosofik garaýyşlaryna düşünmegiň açary bolup hyzmat edýär. Doglan gününiň üç asyrlyk senesiniň bellenilýän ýylynda söz ussadynyň goşgulary ilkinji gezek italýan dilinde-de neşir edildi. Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabara hem Magtymgulynyň italýan dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysyny tanyşdyrmaga bagyşlandy.

Taryha ýazylan wakalar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda belent ruha, beýik işlere beslenen 2024-nji ýylyň tamamlanyp barýan günlerinde geçilen menzillere ser salyp, ýetilen sepgitler barada buýsanyp söhbet edýäris. Şunda 11-nji sentýabrda bolup geçen şanly wakalar hem aýratyn bellenilmäge, gaýta-gaýta nygtalmaga mynasypdyr. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzdan sanly ulgam arkaly ak pata bermeginde ýurdumyzyň günorta künjeginde — Tagtabazar etrabynyň çäklerinde, türkmen-owgan serhedinde bolup geçen taryhy wakalar göwünlere ganat eçilen, ýüreklerde röwşen geljege mizemez ynam, umyt döreden tutumly işler hökmünde ebedi ýatda galdy. Diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, eýsem, tutuş sebitiň, umumadamzadyň ösüşlerine oňyn täsirini ýetirjek iri taslamalaryň gurluşygyna badalga berilmegi, möhüm desgalaryň ulanyşa girizilmegi bilen baglylykda geçirilen çärelere gatnaşyp, il-ýurt bähbitli taryhy wakalara dahylly bolmak bagty bize-de nesip etdi. Biz munuň üçin özümizi juda bagtyýar saýyp, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýollary bilen Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da beýgeldýän, halkymyzy röwşen gel

Ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygyny pugtalandyryp

Häzirki wagtda ýurdumyzda milli ylym-bilim ulgamy döwrüň ösen talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňde duran uly wezipelere ünsi çekmek bilen, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmegi hem şolaryň hatarynda belläpdi. Bu wajyp wezipäni durmuşa geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde degişli işler dowam etdirilýär. Milli ylmy-tehniki ösüşiň depginini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça bäsdeşlige ukyply, ykdysady taýdan netijeli ylmy-barlag, taslama işleri alnyp barylýar we ylmy taýdan esaslandyrylan işläp düzmeler önümçilige ornaşdyrylýar. Talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikde we ylymda pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň binýadynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýöriteleşdirilen binýatlyk kafedralary döredildi. «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny to

Biri-birinden zyýada ýyllar

Halk senenamasy boýunça ýylan ýyly ýetip gelýär. Taryhçy alymlaryň tassyklamaklaryna görä, ýylanyň keşbi örän köp zatlarda — gündelik ulanylýan gap-gaçlarda, möhürlerde we köşk bezeglerinde hem şöhlelenipdir. Gadymy Änew metjidiniň girelgesiniň ýokarsynda, gök reňk bilen syrçalanan ýuka kerpijiň ýüzünde iki sany ýylan görnüşli aždarha şekillendirilipdir. Edil şeýle keşpleri öňki döwürlerde tanymal serkerdeleriň göteren baýdaklarynda hem görmek bolýar. Gündogar halklarynda ýylan pähim-parasadyň, sabyrlylygyň, baýlygyň, mertligiň we eserdeňligiň nyşany hasaplanypdyr.

«Nygmat bardyr näçe diýseň...»

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem ýetip gelýän Täze ýylyň baýramçylyk ruhy höküm sürýär. Welaýatyň köpugurly we beýleki bazarlarynda, söwda merkezlerinde hem welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigine, hususy pudaga degişli dükanlarda ir ertirden giç agşama çenli gyzgalaňly baýramçylyk söwdasy dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda döredilen bazar bolçulygy ildeşlerimize baýramçylyk saçaklaryny giňden ýazyp, olaryň üstüni naz-nygmatdan, gök-bakja, datly miweler hem-de dürli görnüşli azyk önümleridir senagat harytlary bilen gelşikli edip bezemäge giň mümkinçilik berýär. Ilata hödürlenilýän azyk we senagat harytlarynyň, oba hojalyk önümleriniň hut öz ýurdumyzda öndürilip, olaryň ekologik taýdan arassa, ýokary hilli bolmagy baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşýar. Daýhanlarymyzdyr telekeçilerimiz tarapyndan öndürilen oba hojalyk önümleri, banandyr beýleki miweler özüniň terligi, tagamlylygy bilen tapawutlansa, sebetlerde we owadan gaplarda ýerleşdirilen senagat harytlary köp görnüşliligi we amatly bahasy bilen alyjylaryň ünsüni özüne çekýär.

«Türk­me­nis­tan he­mi­şe ýü­re­gim­de ýa­şa­ýar»

Ar­sen ŞA­HUNS,rus­si­ýa­ly aý­dym­çy: — Men Ma­ry şä­he­rin­de do­gul­dym. Şo­nuň üçin bu gün men öz Wa­ta­nym­da. Bu ýer­dä­ki äh­li zat me­niň üçin eziz. Duz ne­si­bäm çe­kip, öz­ge ýurt­la­ra git­sem-de, Türk­me­nis­tan we türk­men hal­ky he­mi­şe ýü­re­gim­de ýa­şa­ýar. Me­niň aý­dym­la­ry­myň kö­pü­si hut şu söý­gü­den dö­re­di. Dö­re­di­ji­li­giň nä­me­di­gi­ni, go­wy eser­le­ri dö­ret­mek üçin nä­hi­li yh­las et­me­li­di­gi­ni Türk­me­nis­tan­da sun­gat mek­de­bin­de oka­ýan dö­wür­le­rim öw­ren­dim. 6 ýa­şym­da­kam özüm­den 10 ýaş uly do­ga­nym Alek­sandr sun­gat mek­de­bin­de okap, klar­net saz gu­ra­lyn­da saz çal­ar­dy. Bir gü­nem ol dos­ty bi­len öýe ge­le­n­de, ma­ňa for­te­pia­no saz gu­ra­lyn­da bir­ki sa­ny no­ta­nyň çal­ny­şy­ny gör­kez­di. Do­ga­nym bi­len bi­le­lik­de saz çal­dyk. Şeý­le pur­sat­la­ryň yzy­gi­der­li gaý­ta­lan­ma­gy me­ni aý­dym-sa­za im­rin­dir­di. Soň­ra me­nem sun­gat mek­de­bi­ne oku­wa gir­dim. Şeý­le­lik­de, do­ga­nym me­ni bu ja­dy­laý­jy sun­ga­ta ug­ruk­dyr­dy. Soň­ra onuň bi­len bi­le­lik­de bir­nä­çe aý­dym dö­ret­dik. Şu gün­ki kon­sert­de şol

Dag şi­ri ala­ja­gap­laň

Ýy­lyň çar pas­lyn­da gö­zel te­bi­ga­ty­my­za se­ýil-sy­ýa­ha­ta çyk­ýan il­deş­le­ri­mi­ziň sa­ny art­ma­sa, eg­sil­me­ýär. Ola­ryň ara­syn­da eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti bo­ýun­ça wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni ge­çir­mek döw­let te­bi­gy go­rag­ha­na­my­zyň iş­gär­le­ri­niň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. Şo­ňa gö­rä-de, ra­ýat­lar bi­len suw çeş­me­le­ri­ni, te­bi­gy ýer­le­ri aras­sa sak­la­ma­gyň we gel­jek ne­sil­le­ri­mi­ze mi­ras goý­ma­gyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da yzy­gi­der­li gür­rüň­deş­lik ge­çi­ril­ýär, so­wal-jo­gap al­şyl­ýar. Şun­da ola­ry has köp gy­zyk­lan­dyr­ýan so­wal­la­ryň bi­ri-de dag­lar­da ýa­şa­ýan ýa­ba­ny haý­wan­lar, esa­san-da, ala­ja­gap­laň­lar bi­len bag­ly­dyr. Ala­ja­gap­laň — düý­bün­den ýi­tip bar­ýan gör­nüş, ol Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by­na, şeý­le hem Te­bi­ga­ty go­ra­ma­gyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň Gy­zyl sa­na­wy­na, Ýa­ba­ny haý­wan­lar we ösüm­lik­ler dün­ýä­si­niň ýok bol­mak how­py as­tyn­da­ky gör­nüş­le­ri­niň hal­ka­ra söw­da­sy ha­kyn­da­ky kon­wen­si­ýa­nyň (CITES) sa­na­wy­na gi­ri­zi­len­dir. Ala­ja­gap

Şanly ýylyň şöhratly sahypalary

Her bir güni ösüş-özgerişlere beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, bedenterbiýe we sport ulgamynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Türkmenistanly türgenleriň şu ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gazanan medallarynyň sanynyň ýylyň günlerinden köpdügi kalbymyzy buýsanja besleýär. Şöhratly ýeňişler bilen ildeşlerimiziň başyny göge ýetiren türgenlerimiziň halkara giňişlikde ýeten sepgitleri we guwandyryjy wakalar hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. Berkarar Watanymyza bagtyýarlyk eçilen 2024-nji ýyl ajap eýýamymyzyň belent ruhuna kybap gelip, turuwbaşdan şatlykly wakalara beslendi. Türkmenistanly türgenler eýýäm ýylyň ilkinji günlerinde halkara ýaryşlardaky dürli öwüşginli medallary bilen begendirdiler. 4 – 7-nji ýanwar aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde kýokuşinkaý karate boýunça geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda Ýazmuhammet Aşyrmyradow bilen Myrat Ekäýew altyn medallary gazandy. 5 – 19-njy ýanwar aralygynda Oman Soltanlygynyň Maskat şäherinde tennis boýunça 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynyň s

Türgenleriň täze ýyl arzuwlary

Alp Arslan BEGENJOW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby, erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň ýeňijisi:

Köňül buýsanjymyz

Eziz Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär, şanly wakalar halkymyzyň ruhuny belende göterýär, kalplary joşdurýar. Şeýle bagtyýar günlerde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby uly ilimize ajaýyp sowgat boldy. Bu nusgawy kitap türkmen halkynyň taryhyny, milli gymmatlyklaryny, gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini dünýä ýaýýar, ata-babalarymyzyň asylly däplerine çuňňur düşünmäge giň mümkinçilik döredýär. Kitabyň türkmen we iňlis dillerinde çap edilmegi hem şöhratly taryhymyzyň dünýä ýaýylýandygyny aýdyň beýan edýär. Mälim bolşy ýaly, şöhratly taryhyň çuňňur pelsepewi garaýyşlar bilen beýan edilmegi ýaş nesilleri terbiýelemekde hem görelde mekdebidir. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseri islendik ýaşdaky adamlar üçin gymmatly gollanmadyr. Beýan edilýän çuňňur pikir, pelsepewi garaýyşlar kitabyň terbiýeçilik ähmiýetini ýokary derejelere ýetirýär. Eseriň çuňňur many-mazmunynda halkymyzyň ruhy dünýäsi, gadymdan gelýän milli medeniýeti öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin hem, Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly kitaby ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan çeşmedir. Hut şunuň özi hem onuň halkymyz üçin ýokary gymmatlykdygyny, ýakyn hemradygyny, gollanmadygyny aýdyň görkezýär.

Sportuň we çeýeligiň ýyly

Her ýyl öz paý-nesibesi we ajaýyp wakalary bilen adamlaryň ykbalynda nurana ýatlamalary galdyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem beýik söz ussady Magtymgulynyň döredijiligi, şan-şöhraty bilen birlikde, türkmen halkynyň abraýyny dünýä ýaýbaňlandyrdy. Nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkara gatnaşyklarynda dostlugyň, ykdysadyýetiň, ylmyň we bilimiň gülläp ösmegine badalga boldy. Däp bolşy ýaly, gadymyýetden bäri ata-babalarymyz hem Täze ýyly ýyldyznama ylmy esasynda häsiýetlendirip, ony ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşylapdyrlar. Müçenama boýunça 2024-nji ýyl Luw ýyly bolup, ol täze 2025-nji ýyla – Ýylan ýylyna öz ornuny berýär. Gündogar senenamasy boýunça ýetip gelýän Ýylan ýyly häsiýeti boýunça daragt, reňki boýunça ýaşyl, sany boýunça dokuzlyk (2+0+2+5=9;), daşy boýunça zümerret hasaplanylýar. Çeşmelerde Ýylan ýylynda akyl-paýhas bilen ýerine ýetirilen her bir işiň ýol aljagy nygtalypdyr. Bu barada Omar Haýýam, Mahmyt Kaşgarly, Abdylkasym Töwrizi, Abu Reýhan Biruny özleriniň ajaýyp taryhy ýazgylaryny galdyrypdyr.

Agyr atletikaçylarymyzyň baýramçylyk sowgady

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň 19 — 25-nji dekabr aralygynda Kataryň Doha şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda gazanan uly üstünligi ýetip gelýän Täze ýyl baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Ýaryş 20 döwletden 237 türgeni bir ýere jemledi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şahzatbek Matýakubow 102 kg agramda Aziýanyň çempiony bolmagy başardy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 396 kg (silterläp 177 kg – altyn, itekläp 219 kg–altyn) agyrlygy boýun egdirdi. Şahzatbekiň itekläp galdyran agramy hem-de umumy netijesi ýaşlaryň arasyndaky dünýä rekordy hökmünde bellige alyndy.