Nesillere nusgalyk ynsan
«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri Watanymy-zyň we halkymyzyň öňündäki mukaddes borjuny mynasyp ýerine ýetirmek bilen, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly däplerini dowam etdirýärler. Türkmen halkynyň taryhy, Watanymyzyň şöhratly ogullarynyň çäksiz edermenlikleriniň hem-de gaýduwsyzlyklarynyň mysallaryna baýdyr. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Mugallym we esger, öz topragynyň watançysy bol-mak bilen, ol Beýik Watançylyk urşunda gaýduwsyz söweşdi. Gahryman Arkadagymyzyň atasy, mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ýokary nusgalyk göreldesi bütin halkymyz üçin edep-terbiýäniň, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň mekdebidir. Berdimuhamet aganyň Watany goramakda, ýaşlara bilim bermekde bitiren işleri, maşgala, perzent terbiýesi babatynda kämil ýörelgesi, ý