«TÜRKMEN ŞÖHLE»: Ýerli çig maldan ýokary hilli önümler

7 Aprel 2024
1039

Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryndan alynýan önümlerini gaýtadan işläp, halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny döretmäge goşant goşýan hem-de önümlerini daşary ýurtlara eksport edýän hususy kärhanalaryňdyr hojalyk jemgyýetleriniň gazanýan üstünlikleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň rowaçlanýandygynyň nyşanydyr.

2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň öňdebaryjy etraby diýlip yglan edilen Ak bugdaý etrabynda şeýle kärhanalaryň köp bolmagynda hem özboluşly many bar. Munuň özi gadymy medeniýetiň döräp, kemala gelen mekanynyň täze taryhy eýýamda täzeden galkynýandygynyň nyşanydyr. Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän plastik önümleri öndürýän «Türkmen şöhle» hususy kärhanasynda bolanymyzda hem biz bu hakykata ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdik.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».