«7/24. tm» № 45 (180) 30.10.2023
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasynda buýsanç bilen dile getiren «Watan diňe halky bilen Watandyr. Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen paýhasly sözleri watandaşlarymyzyň ýürek joşgunyny artdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen halky özüniň nurana geljegini gurýar. Röwşen günlere uzaýan bu ýollarda halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjiligi we tutanýerliligi birleşip, eşretli ertirlere uzaýan menzilleri many-mazmun, uly ynam we yhlas bilen baýlaşdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda gazanylan üstünlikleriň we ýetilen belent sepgitleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän zamanasynda türkmen halky bagtyýar günleriň gujagynda asuda, erkana durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Şonuň netijesinde bu günki gün biz öz halkynyň bagtyýar durmuşy ugrunda gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň görkezen aýdyň ýoly bilen bagtyýar geljege sary ynamly gadam urýarys.