«7/24 tm» № 40 (175) 02.10.2023
Alymlaryň tassyklamagyna görä, adam öz ömrüniň her bir döwründe hem beden türgenleşdiriji maşklar bilen meşgullanyp bilýär. Türgenleşdiriji maşklar saglyk üçin peýdalydyr. Bedenterbiýe maşklary bilen meşgullanmak bedeniň gujur-gaýratyny, işjeňligini artdyrýar. Bu ugurda gimnastika we akrobatika iň bir peýdaly görnüşlerdir.