«7/24 tm» № 39 (174) 25.09.2023
Her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen biraýlygyň geçirilmegi, ilkinji nobatda, eziz Diýarymyzda il-günümiziň abadançylygy, ýollarymyzyň asudalygy ugrunda edilýän bimöçber uly aladalaryň aýdyň beýany bolup durýar. Bu biraýlyk ýol-hereketiniň sazlaşykly guralmagynda, raýatlarymyzyň abadan we rahat durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, sentýabr aýynyň gelmegi bilen, okuwçylardyr talyplaryň, dynç alyş döwründen gelen işgärleriň hereketi köpelip, ýolda ulaglaryň gatnawy has-da ýygjamlaşýar. Şol sebäpden, häzirki wagtda ýol hereketiniň kadalary we onuň düzgünleri barada düşündiriş işlerini geçirmek derwaýys mesele bolup durýar. Munuň üçin bolsa çagalar edaralarynda, bilim ojaklarynda, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän raýatlarymyzyň arasynda wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilip durulýar.