«7/24 tm» № 38 (173) 18.09.2023
Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň türkmen halkynyň, goňşy halklar bilen dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklary üpjün etmegiň hatyrasyna bitirýän işleri, öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda dünýä ýurtlary tarapyndan giňden goldanylýar. Munuň şeýledigini, halkara abraýly guramalar bilen geçirilýän gepleşikler, parahatçylyk ündewli dialoglar aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. «Türkmenistanda ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde döwlet tarapdan amala aşyrylýan işleriň dünýäde deňi-taýy ýok» diýip, dünýa syýasatçylary, bilermenleri belleýärler.