"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Bilim dünýäsiniň belentlikleri

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda ylym-bilimi düýpli ösdürmek, sanly bilim ulgamynyň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ýaly möhüm meseleler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Biz arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaşaýarys, işleýäris, döredýäris. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda umumybilim berýän orta, ýörite we ýokary okuw mekdepleri terbiýäniň möhüm ojaklary bolmak bilen, döwrebap, kämil nesilleriň kemala gelmeginde möhüm işleri durmuşa geçirýärler. Ýurdumyzda bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we ösdürmek, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilikli işlemeklerini, ýaş nesilleriň bilimleri çuňňur ele almaklaryny üpjün etmek baradaky aladalar mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň beden we ruhy taýdan ösen, sagdyn ýaşlar bolup ýetişmeklerini, halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny şertlendirýär. Şonuň netijesinde bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine, sanly bilime, sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Nesil terbiýesi — asylly ýörelge

Dil bilen dünýäni gezer

Başlangyç synpda okaýan çagalara sowat, bilim öwredilýändigi üçin mugallymlara jogapkärli wezipe degişli bolup durýar. Ony üstünlikli amal etmek üçin öz usuly işleriňi yzygiderli kämilleşdirip durmaly. Şunda çaganyň içki dünýäsini, sapaga bolan höwesini çuňňur öwrenmeli, çünki başlangyç synpda okaýan çaganyň ünsüni sapaga gönükdirmek uly tejribäni talap edýär. Orta mekdebiň 2-nji synpynda rus dili sapagy hem okadylýar. Dil öwretmekde we sapaklarymyzy işjeň guramakda iň täze usullardan peýdalanmak zerurdyr. Munuň özi dil öwretmegi ýeňilleşdirýär we okuwçylaryň rus diliniň harplaryny we sözlerini öwrenmeklerine oňat täsir edýär. Döwrebap kompýuterlerden, multimedia tagtalaryndan, lingafon otaglardan peýdalanmak okuwçylaryň dil öwrenmäge bolan höwesini ýokarlandyrýar, olaryň diňläp düşünmek endiklerini ösdürýär we söz baýlygyny artdyrýar. Başlangyç synpda okaýan okuwçylar bilen sapak geçilende, suratly şekillere aýratyn üns bermek gerek, çünki olaryň suratlara bolan gyzyklanmasy has-da ýokarydyr. Surat şekilleri ýerleşdirilen multimedia tagtasy olaryň ünsüni çekýär. Şol sebäpli hem rus elipbiýindäki «A» harpynyň suratly şekilini multimedia tagtasynda görkezýärin. Şeýle şekilleriň üsti bilen «A» harpyny labyzly okaýarys. Bu harpy düşündirmek bile

Çagalaryň özbaşdak pikirlenmek başarnyklaryny ösdürmek

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edaralarynda işiň esasy guraly hasaplanýan öwrediji oýunlar, hereketli oýunlar, many-mazmunly oýunlar, sahnalaşdyrylýan oýunlar ulanylýar. Oýunlardan peýdalanmakda, olary çagalar bilen bilelikde guramakda körpeleriň ýaş aýratynlyklary nazarda tutulyp, maksady anyklaşdyrylyp, ýerine ýetiriliş usullaryny saýlaýarys. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesle bilim-terbiýäniň başlangyç düşünjeleri berlip, olar mekdebe taýýarlanylýar. Şundan ugur alyp, öz guraýan sapaklarymyň gyzykly hem öwredijilikli häsiýetde bolmagy üçin körpeleriň ünsüni çekäýjek oýunlar bilen baglanyşdyrýaryn.

Sapakda nusgawy edebiýatdan peýdalanmagyň usullary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimde amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen çuňňur bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek bolup durýar. Geografiýa sapaklarynda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularyny we oňa degişli baý maglumatlary okuwçylara ýetirmek örän ähmiýetlidir. Mysal üçin şahyryň «Türkmeniň» atly şygry ýurdumyzyň geografiýasyna degişlidir. Magtymguly bu şygrynda Türkmenistanyň geografik ýerleşişini, tebigy aýratynlyklaryny hem-de baýlyklaryny, türkmen halkynyň hojalyk işlerini, ýaşaýyş-durmuş şertlerini, medeniýetini, gadymylygyny, edermenligini, gylyk-häsiýetini beýan edipdir.

Ýewropanyň raýat awiasiýasy konferensiýasy türkmenistanly hünärmenler üçin okuw geçirýär

Ýewropanyň raýat awiasiýasy konferensiýasy 1-3-nji aprel aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň raýat awiasiýa edaralarynyň we howa menzilleriniň hünärmenleri üçin awiasiýa howpsuzlygy boýunça okuw geçirýär. Bu çäre «2-nji waka» taslamasynyň çäginde geçirilip, ol içerki howp bilen baglanyşykly derňewi, baha bermegi ýola goýmakda we töwekgelçilikleri aradan aýyrmakda hünärmenleri iň oňat tejribe bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Döwrebap binagärlikde ýaşlaryň orny

Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýan özgertmeler her bir raýatyň bähbidine, halkyň abadançylygyna, aň-bilimiň, ylmy-innowasion binýadyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň binagärliginde, şeýle hem Arkadag şäheriniň keşbinde täze durmuşa galkynyş, täze belentliklere alyp barýan ak ýol äşgär görünýär. Döwrebap binalarda milli ýörelgeler bilen birlikde, Gündogaryň we Ýewropanyň binagärlik aýratynlyklary, öňdebaryjy tejribeler öz beýanyny tapýar. Her bir bina halkyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän iň täze tehniki enjamlar, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa häzirki zaman türkmen binagärlik sungatynda özboluşly sazlaşygy döredýär. Arkadag şäheri döwrümiziň beýikliginiň, halk üçin bitirilýän işleriň giň gerimliliginiň aýdyň nusgasydyr. Şäherde gurlan jemgyýetçilik, medeni-durmuş ähmiýetli binalar, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlary, seýilgäh toplumlary sungat eseri ýaly sünnälenip döredilen. Binagärligiň görnüşleri şekillendiriş sungatynyň çeperçilik täsiri bilen ösýär. Öz gezeginde, binagärlik hem şekillendiriş sungatyna hemişe täsirini ýetirýär. Täze şäherde bir bitewi çeperçilik e

Hünär kämilligi geljekki ösüşlere badalga

Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty üçin ýokary hem-de ýörite orta bilimli hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdepleriniň hünäri kämilleşdiriş bölümleriniň mugallymlary döwlet Baştutanymyzyň berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin özleriniň okuw hem tejribelik işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryna laýyk guraýarlar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň hünäri kämilleşdiriş bölüminiň mugallymlarynyň alyp barýan işlerem şunuň aýdyň mysalydyr.

Ders bäsleşigi geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölümi, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi, «Türkmennebit» DK-nyň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde talyp ýaşlaryň arasynda yglan eden ders bäsleşigi tamamlandy. Jemi 7 ders boýunça 4 okuw mekdebiniň gatnaşmagynda geçirilen bu ýaryş gyzykly pursatlara baý boldy. Öz zähmet ýollaryny hormatly käre bagyş eden mugallymlaryň çeken zähmetleriniň netijelerine guwanmaklary olara mundan beýläk-de has netijeli işlemeklerine uly itergi berer. Her ýylda geçirilýän bu bäsleşigiň düzgünnamasyna görä, «Türkmennebit» DK-nyň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň baýrakly orunlara mynasyp bolmagynda mekdebiň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň uly goşandynyň bardygyny bellemek gerek. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar. Döwrebap tehnologiýalardan baş alyp çykmak ýaşlarymyzyň jogapkärli wezipesine öwrüldi. Bu meselede ýurdumyzyň bilim ulgamy has-da kämilleşdirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi

Ýalkymly pursatlar, ýakymly ýatlamalar

Ozal habar berlişi ýaly, 26 — 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiada üstünlikli geçirildi. Bu olimpiada ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň 43-si, daşary ýurtlaryň 11-sinden okuwçylaryň 85-si gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler. Onuň jemlerine laýyklykda, birinji orna Russiýa Federasiýasynyň, ikinji orna Türkmenistanyň, üçünji orna bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň mekdep okuwçylaryndan ybarat toparlar mynasyp boldular. Birinji orny eýelän okuwçylaryň toparyna medallar, diplomlar, noutbuk kompýuterleri we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük ýollanma berildi. Ikinji we üçünji orunlary eýelän toparlaryň okuwçylaryna kümüş we bürünç medallar, diplomlar, «akylly» saglyk sagatlary gowşuryldy. Aýratyn buýsandyryjy ýagdaý, bäsleşikde Türkmenistanyň okuwçylary jemi 24 medal, şol sanda 4 altyn, 12 kümüş, 8 bürünç medal gazanmagy başardylar.

«Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezi

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmyň, önümçiligiň we senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, innowasion tehnologiýalary döretmäge ýaşlary işjeň çekmek wezipesine uly ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyzyň 1-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezini döretmek hakynda» Karara gol çekmegi ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda taryhy wakadyr. Bu merkezi döretmek başlangyjy «2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Hereketleriň meýilnamasynda» göz öňünde tutulan halkara innowasiýa merkezlerini, tehnoparklary döretmekde dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan öňe sürüldi. Bu merkeziň esasy maksady ýurdumyzda we sebitde innowasion nano, bio we maglumat, kiberhowpsuzlyk, sanly, «akylly», emeli aň we maglumat-kommunikasiýa, kompýuter, mobil programmalary, elektron enjamlaryň tehnologiýalary ugurlary boýunça önümleri öndürmekden hem-de satmakdan ybaratdyr.

Göçme okuw sapagy guraldy

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň buhgalter hasaba alnyşy we audit, iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi hünärlerinde okaýan talyplar bilen göçme okuw sapagy guraldy. Mekdebimizde geçilýän ykdysadyýet dersi boýunça guralan göçme okuw sapagy üçin welaýat merkezimizdäki pagta egriji fabrik saýlanyp alyndy. Sapagyň dowamynda mekdebimiziň mugallymy Aýa Gubaýewa we fabrigiň hünärmenleri talyplara kuwwatly kärhanada ykdysady işleriň guralyşy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem talyplar bu ýerdäki önümçilik işiniň tapgyrlary bilen hem ýakyndan tanyş boldular.

Gadymy bilim ojagy dünýä ýaýylýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly we akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar, dürli çäreler biziň baýry ýokary okuw mekdebimizde hem yzygiderli geçirilýär. Şu günler institutymyzyň roman-german dilleri we edebiýaty fakultetiniň iňlis dili we edebiýat hünäriniň talyplary tarapyndan Magtymguly Pyragynyň welaýatymyzda gadamy düşen esasy ýerleriniň biri bolan Idris baba medresesi barada iňlis dilinde makalalar taýýarlanylýar. Halkara neşirleri üçin niýetlenilen makalalary ýazmakda talyp ýoldaşlarymyz halypa mugallymlarymyzyň kömegi bilen akyldar şahyryň Halaç etrabynyň çäginde ýerleşýän bilim ojagy baradaky taryhy maglumatlary içgin öwrenýärler. Şunda taryhçy alymlarymyz tarapyndan taýýarlanylan gollanmalar we Halaç etrabynyň ýaşuly ýaşaýjylarynyň berýän gürrüňleri çeşme hökmünde peýdalanylýar.

ÝAŞLARYŇ ŞÄHERINDE ÝAŞ HARBY GULLUKÇYLAR BILIMLERINI ARTDYRÝARLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly Baştutanlygynda ýurdumyzyň gümrük edaralarynda harby gullukçylaryň hünär derejeleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, gümrük işi boýunça guralýan okuw sapaklaryna hem-de halkara maslahatlaryna we beýleki çärelere gatnaşmagyna çäksiz mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli syýasaty bilen gurlan «akylly» Arkadag şäherinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda Döwlet gümrük gullugynyň düzümindäki ýaş harby gullukçylar bilen okuw sapaklary guramaçylykly geçirilýär. Bu ýerdäki sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri okuw sapaklaryny ýokary derejede guramaga we harby gullukçylaryň temalary talaba laýyk özleşdirmegine uly itergi berýär. Gullugyň düzümindäki ýaş harby gullukçylar bilen geçirilýän okuw sapaklary kesgitlenen meýilnama laýyklykda alnyp barlyp, bu sapaklar olaryň geljekde saýlan hünäriniň ökde eýeleri bolmagyna uly itergi berer. Ýaşlaryň şäherinde ýaş harby gullukçylara geçirilýän bu okuw sapaklary olaryň ruhlaryny has-da belende göterip, ukyplaryny ýokarlandyrar. Döwrebap kompýuterleriň we sanly serişdeleriň üsti bil

Daşary ýurt dillerini öwrenmekde sanly tehnologiýalaryň orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem-de medeni ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda geçirilýän özgertmeler barha rowaçlanýar. Şeýle hem, ýurdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda örän ähmiýetlidir. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw işini ele almagyny üpjün edýän innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak - bu Konsepsiýanyň esasy maksadyny düzýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty netijesinde dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz ene dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dille

Kämilligiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamyna hem döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berlip, hil taýdan kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işler belent üstünliklere guwanyp ýaşaýan halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda bilimli ýaş nesilleri kemala getirmäge, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan kämil hünärmenleri taýýarlamaga döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek işi şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar. Şonuň netijesinde ýaşlaryň jemgyýete mynasyp agza hökmünde goşulyşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023—2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksady, wezipeleri we ýörite ugurlary kesgitlenilip, bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda sanly serişdeler giňden peýdalanylyp, b

Halkara matematika olimpiadasy üstünliklere beslendi

Golaýda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda guralan mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş we ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Munuň özi milli bilim ulgamynyň ösüşiň häzirki zaman derejesine çykýandygynyň, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň ýola goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Täze taryhy eýýamda ýaş nesillere bilimleri öwretmäge, okatmagyň iň täze usullaryny işjeň durmuşa ornaşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bularyň ählisi bilim ulgamyndaky hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda we görnüşlerini giňeltmekde, okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmekde, şeýle hem oňyn netijeleri gazanmakda diýseň ähmiýetli bolup durýar. Ata Watanymyzda dünýä ülňülerine gabat gelýän mekdepleriň ulanylmaga berilmegi, olaryň iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi berilýän bilimiň netijeli bolmagy üçin edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de ýaşlaryň tebigy bilimler bilen bir hatarda, dünýä dillerini çuňňur öwrenip, dünýägaraýyşlarynyň ösmegine has-da gowy täsir edýär. Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç ça

Arkadag şäheri ýaş zehinleri dostlaşdyrdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryny, dünýä tejribesini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda giň möçberli özgertmeler yzygiderli amala aşyrylyp, bu ugurda uly üstünlikler gazanylýar. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygyna hem aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýaňy-ýakynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda guralan mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy hem bu ugurda gazanylan üstünlikleri aýdyň beýan etdi. Biz halkara olimpiadada üstünlik gazanan ýaş, zehinli mekdep okuwçylarynyň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirýäris. Timur TAZEEW, Russiýa Federasiýasy:

Asylly maksatlar rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösmegine we kämilleşmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň täze belentliklere çykmagy, şeýle hem ýaş nesillere berilýän bilimiň derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda uly tagalla edýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli bolup ýetişmeklerine oňat täsir edýär. Bu ugurda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi, okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek we olarda gadymdan gelýän medeniýetimize, nusgawy edebiýatymyza buýsanjy kemala getirmek asylly maksatlaryň biridir. Şunda bilim işgärleri geçilýän okuw sapaklarynda milli terbiýe bermek bilen, nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlyklary hakynda beýan edýärler. Bu bolsa milli gymmatlyklarymyzy ýaş nesillerimize öwretmekde nusgalyk ýoldur.

Halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Şu gün — 29-njy martda Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Olimpiadanyň ýapylyş dabarasyna ýolbaşçy düzümler, ýurdumyzda hereket edýän ilçihanalaryň wekilleri, köp sanly myhmanlar hem-de bilim ulgamynyň agzalary gatnaşdylar.