«Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezi

1 Aprel 2024
425

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmyň, önümçiligiň we senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, innowasion tehnologiýalary döretmäge ýaşlary işjeň çekmek wezipesine uly ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyzyň 1-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezini döretmek hakynda» Karara gol çekmegi ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda taryhy wakadyr.

Bu merkezi döretmek başlangyjy «2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Hereketleriň meýilnamasynda» göz öňünde tutulan halkara innowasiýa merkezlerini, tehnoparklary döretmekde dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan öňe sürüldi. Bu merkeziň esasy maksady ýurdumyzda we sebitde innowasion nano, bio we maglumat, kiberhowpsuzlyk, sanly, «akylly», emeli aň we maglumat-kommunikasiýa, kompýuter, mobil programmalary, elektron enjamlaryň tehnologiýalary ugurlary boýunça önümleri öndürmekden hem-de satmakdan ybaratdyr.

Hojamyrat IŞANKULYÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylym bölüminiň başlygy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar