Bilim dünýäsiniň belentlikleri

2 Aprel 2024
690

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda ylym-bilimi düýpli ösdürmek, sanly bilim ulgamynyň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ýaly möhüm meseleler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Biz arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaşaýarys, işleýäris, döredýäris. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda umumybilim berýän orta, ýörite we ýokary okuw mekdepleri terbiýäniň möhüm ojaklary bolmak bilen, döwrebap, kämil nesilleriň kemala gelmeginde möhüm işleri durmuşa geçirýärler.

Ýurdumyzda bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we ösdürmek, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilikli işlemeklerini, ýaş nesilleriň bilimleri çuňňur ele almaklaryny üpjün etmek baradaky aladalar mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň beden we ruhy taýdan ösen, sagdyn ýaşlar bolup ýetişmeklerini, halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny şertlendirýär. Şonuň netijesinde bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine, sanly bilime, sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Gültäç SAPAROWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar