"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Su­was­ty de­mir­ ýol tun­ne­li gu­rul­ýar

Me­de­ni­ýet hal­kyň kal­by, mil­le­tiň mer­te­be­si­dir

25-nji iýun­da paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň «Dok­ma­çy­lar» me­de­ni mer­ke­zi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Bu çä­re «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän ýyl­da ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gyç­la­ry­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky gü­wä­si bol­dy.

Hünär eýesi bolmak

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ylym-bi­lim ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­ler ýur­du­my­zyň dur­nuk­ly ösü­şin­de oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bu ul­ga­my hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek we onuň ga­za­nan­la­ry­ny ne­ti­je­li ulan­mak, jem­gy­ýe­tiň in­tel­lek­tu­al kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak ýa­ly me­se­le­ler döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len bi­lim ul­ga­my döw­re­bap ösüş­le­re eýe bol­dy. Esa­san hem, döw­rüň iň tä­ze ga­za­nan­la­ryn­dan ugur al­nyp, san­ly bi­lim ul­ga­my ös­dü­ril­di. Eziz Di­ýa­ry­myz­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar, iň tä­ze, döw­re­bap mek­dep­ler gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär.

Ar­ka­dag şä­he­ri­ – buýsan­jy­myz

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döw­let­li baş­lan­gyç­la­ry­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz, hemişelik Bitarap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz öz yk­dy­sa­dy özgertmeleri hem-de dün­ýä­ni haý­ra­na goý­ýan ösüş­le­ri bi­len mö­hüm mer­ke­ze öw­rül­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len ba­şy baş­la­nyp, hormatly Prezidentimiziň ak pa­ta ber­me­gi bi­len da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lan Ar­ka­dag şä­he­ri­niň at-owa­za­sy bü­tin dün­ýä dol­ýar. «Akyl­ly» şä­her ul­ga­myn­da bi­na edi­len Mer­ke­zi Azi­ýa­da de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Ar­ka­dag şä­he­rin­iň dö­re­dil­me­gi­niň bir ýyl­ly­gy­ giň­den bel­le­nip ge­çil­ýär.

Me­de­ni­ýet – mil­le­tiň ru­hy aý­na­sy

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän şanly ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly toý-dabaralara beslenip geçirildi. Bu ýyl döredijilik baýramy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de Arkadag şäheriniň bir ýyllygynyň şanyna ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirildi. Me­de­ni­ýet bi­len ne­sil­ler ter­bi­ýe­len­ýär, dö­wür­ler şöh­rat­lan­ýar, döw­let­li ýö­rel­ge­ler da­ba­ra­lan­ýar. Şo­nuň üçin Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi ýur­du­my­zyň tä­ze ta­ry­hy döw­rün­de uly äh­mi­ýet­li çä­re­le­riň bi­ri bo­lup, her ýyl owa­dan öwüş­gin­ler bi­len kalby­my­zy nur­lan­dyr­ýar.

Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi – ebe­di mi­ras

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýa­dy­gär­li­gi we «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my gu­rul­dy. «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­myn­da dün­ýä­niň dost­luk­ly ýurt­la­ry­nyň meş­hur ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­nyň heý­kel­le­ri ýer­leş­di­ril­di. Ýa­dy­gär­lik hem-de me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my be­dew bat­ly ösüş­le­ri­mi­ziň, ýur­du­my­zyň dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­nyň, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­nyň, dün­ýä halk­la­ry bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­my­zyň öz­bo­luş­ly ala­ma­ty­dyr. Bu ta­ry­hy wa­ka­lar Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­ny has-da şöh­rat­lan­dyr­ýar. Mu­nuň özi şa­hy­ryň aja­ýyp şy­gyr­la­ry­nyň adam­zat kal­byn­da uly orun alan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Pä­him-paý­ha­sa eý­le­nen şa­hy­ra­na dö­re­di­ji­li­gi bi­len türk­men hal­ky­nyň ha­ky­da­syn­da par­lak ýyl­dyz bo­lup lo­wur­da­ýan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy d

Özboluşly bäsleşik

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ilkinji gezek yglan edilen «Owadan ýazuw» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşik Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, gadymy hatdatlyk sungatyna ýaşlaryň ünsüni çekmek we bu ugurda ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen guraldy. Orta asyrlarda Merkezi Aziýa yklymynda, şol sanda Türkmenistanyň çäginde hem medeniýet-sungat, ylym-bilim gülläp ösüpdir. Şol döwürde halk arasynda uly meşhurlyga eýe bolan kärleriň biri-de hatdatlyk sungaty bolupdyr. Orta asyr hatdatlary bu käri sungat derejesine çenli kämilleşdirmegi başarypdyrlar. Onda halklaryň medeni aýratynlyklary, däp-dessurlary saklanyp galypdyr. Hatdatlyk Gündogar ýurtlarynda kitap sungatynyň iň köp ýaýran görnüşleriniň biri bolup, aýratyn çeperçilik gymmaty bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Göräýmäge, häzirki «maglumatlar asyrynda», internetiň, kompýuteriň, ýokary tehnologiýalaryň adamyň durmuşyna barha içgin aralaşýan şertleri

Günden goranalyň!

Gün urma Gün şöhlesiniň gönüden-göni beýnä täsir etmeginiň netijesinde ýüze çykýar. Beýniniň aşa gyzmagy sebäpli, onuň gan damarlary giňäp, uly bolmadyk ganinmeler merkezi nerw ulgamynyň işine şikes ýetirip bilýär. Günüň aşagynda gezmek, fiziki zähmet bilen meşgullanmak, pasla görä geýinmezlik, ýokary gyzgynlykda kadaly iýmitlenmegiň bozulmagy Gün urmanyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Medeniýete, sungata sarpanyň dabaralanmasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň many-mazmuna baý dabaralary türkmen topragynda toýly günler bilen dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ady äleme dolan türkmen medeniýetiniň, sungatynyň hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly ruhy joşguna beslenip bellenildi.

Goşa toýuň şatlygy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, mähriban    Diýarymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary uludan toýlanylýar. Merdana halkymyzyň medeniýete, sungata, çeper söze uly sarpa goýýandygyna gojaman taryhymyz, bagtyýar, abadan şu günümiz şaýatlyk edýär. Aslynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmegi aýratyn baý many-mazmuna eýedir. Çünki türkmen edebiýatynyň görnükli wekili akyldar şahyrymyzyň şygyrlary medeniýetimiziň sarsmaz sütüni hasaplanylýar. Bu babatda goşa baýramçylygyň şanyna uludan tutulýan toý-baýramlarymyz ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem uly dabaralara beslendi.

Şanly ýylyň şanyna

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, akyldar şahyryň 300 ýyllyk ýubileý toýuny dabaralandyrmak hem-de şanly senäniň syýasy ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Toýly günlere utgaşykly geçirilen söhbetdeşligi «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy TDP-niň Daşoguz şäher komiteti bilen bilelikde gurady. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýeňiş Haýytjanow, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow, TOHI-niň uly mugallymy Ýazguly Ataýew, Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» PTB-niň welaýat şahamçasynyň baş hünärmeni Selbi Hojakowa, «Daşoguz habarlary» gazetiniň habarçysy Bazargül Ballyýewa dagy çykyş edip, özara pikir alyşdylar. Çykyşlaryň dowamynda akyldar şahyrymyzyň hormatyna buýsançly şygar bilen dabaralandyrylýan şu ýylymyzyň taryhy döwrümizi beýgeldýän ýyllaryň birine öwrülýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, Magtymguly Pyragy ýaly akyldar şahyry bolan halkymyzyň durmuşynda bolup geçýän her bir pursadyň gymmaty hem aýratyn many-mazmuny dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Öz ynsanperwer garaýyşlary bilen adamlara söýginiň, ählumumy sazla

Ýaşlygyň ylham joşguny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň zehinli ýaşlary goldamak, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek baradaky berýän tabşyryklaryndan ugur alyp hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň TMÝG-niň welaýat geňeşi bilen bilelikde yglan eden «Magtymguly Pyragy — şygryýetiň ussady» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaralarynyň uly ruhubelentlige beslenýändigini bellediler. Ýaşlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşigi hem zehinli ýaşlaryň birnäçesini orta çykardy. Olar özleriniň döreden goşgularyny bäsleşige hödürläp, aýratyn işjeňlik görkezdiler. Soňra bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşikde birinji orna Boldumsaz etrabynyň 69-njy orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Mähri Saparmedowa, ikinji orna Akdepe etrabynyň ýaşaýjysy Söhbet Orazmuhammedow, Görogly etrabynyň ýaşaýjysy Ogulnabat Söýünowa, üçün

Zehinli çagalar surat çekmekde bäsleşdiler

Tebigatyň gözel künjekleriniň biri bolan Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde guralýan dürli mazmunly bäsleşikler ýaş nesliň dynç alyş günleriniň manyly geçmegine oňaýly täsirini ýetirýär. Ol ýerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşi tarapyndan ýörite meýilnama esasynda geçirilen surat bäsleşigi diýseň gyzykly boldy. Bäsleşige merkezde dynç alýan oglan-gyzlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Onda çagalara surat çekmek boýunça belli bir wagt berildi. Bagtyýar çagalar merkeziň çägindäki gözellikleri, dynç alşyň şatlykly pursatlaryny şekillere geçirdiler. Mundan başga-da, olar asfaltyň ýüzüne islegine görä, erkin temadan surat çekmekde ukyp-başarnygyny görkezdiler.

Magtymguly Pyragy — türkmeniň ruhy çyragy

Ýakynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli etrap merkezi kitaphanasynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda “Magtymguly Pyragy — türkmeniň ruhy çyragy” ady bilen edebi-sazly agşam geçirildi. Oňa etrabyň medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. Täsirli geçen edebi-sazly agşamda etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Ejebaý Atagarryýewa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Eziz Annaýew, TDP-niň etrap komitetiniň hünärmeni Ogulnäzik Mukymowa, kitaphanaçylary Ogulşeker Annamyradowa, Läle Zakirowa, medeniýet bölüminiň usulçysy Mähri Nursahatowa, medeniýet işgäri Atamyrat Hallyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň ebedi mirasy, döredijiligi, ömür ýoly hakynda giňişleýin durup geçdiler. Olar beýik söz ussadynyň goşgularyny labyzly okap, baý many-mazmuna eýe bolan şygyrlarynyň ähmiýetini ýaşlara düşündirdiler. Şeýle-de, bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň ajaýyp çykyşlaryna tomaşa edildi.

Wagyz-nesihat çäresi

Belentden ýaňlandy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede toýlamak maksady bilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Garagum etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda etrapdaky “Bagtyýar türkmen” toý mekanynda “Medeniýet halkyň kalbydyr” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Gyzykly geçen bäsleşik

Ýakynda «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine dynç almaga gelen körpeleriň arasynda Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de Gyzylarbat etrabynyň polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesi bilen bilelikde çagalaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri boýunça bäsleşik geçirdik. Çagalary ýol hereketiniň kadalary bilen tanyşdyrmak we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, köçelerde, ýollarda we jemgyýetçilik ulaglarynda çagalaryň özlerini howpsuz we medeniýetli alyp barmak endiklerini terbiýelemek maksady bilen geçirilen bäsleşikde körpeleriň geljekde Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri arzuw edildi. Çärä gatnaşan çagalara  ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Akyldar şahyryň belent sarpasy

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Esenguly şäherindäki Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň öňünde dabaraly çäre geçirildi. Oňa medeniýet işgärleri, ýerli şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ak saçly eneler gatnaşdylar. Çäre şahyryň heýkeline gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Soňra medeniýet işgärleri çykyş edip, ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň ösüşi, akyldar şahyra goýulýan sarpa barada gürüň etdiler, ýerli şahyrlar goşgularyny okadylar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlar, edebi-sazly çykyşlar dabara bezeg berdi. Medeniýet we sungat işgärlerine jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Çärä gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

Käbir okruglar boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 27-nji iýunyndan başlap, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» okruglary boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy. Ýokarda ady agzalan Kodekse laýyklykda, saýlaw gününden 10 gün öň ses bermek mümkinçiligi saýlaw hukugyna eýe bolan, 7-nji iýuldaky saýlaw güni ýaşaýan ýerinde bolup bilmeýän, gulluk iş saparyna ýa-da zähmet dynç alşyna gidýän, şeýle hem käbir sebäplere görä saýlaw uçastogyna gelip bilmeýän raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr. Şu günler saýlaw uçastok toparlarynyň netijeli işleri alyp barýandygyny bellemek gerek. Olaryň düzümine zähmetkeş toparlaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň has mynasyp wekilleri girýär. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda TDH-a habar berlişi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary öz wagtynda, hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda guraldy. Üç okrugda saýlaw uçastoklarynyň 60-sy doly taýýar edildi. Olar kabinalar we birmeňzeş nusgadaky ses bermek üçin gutular, degişli tehniki enjamlar, saýlawlar boýunça mag

Ruhy joşgunyň baýramy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet hepdeligi sebitde ýeke-täk «akylly» şäher — Arkadag şäherinde uly ruhubelentlikde geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyl geçirilýän forumyň açylyşy mynasybetli, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda geçirilen aýdym-sazly dabara hepdeligiň dowamynda guraljak çäreleriň uly ruhubelentlige beslenjekdigini alamatlandyrdy.

Gahryman Arkadagly bagtyýar Diýar