Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz öz ykdysady özgertmeleri hem-de dünýäni haýrana goýýan ösüşleri bilen möhüm merkeze öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen dabaraly ýagdaýda açylan Arkadag şäheriniň at-owazasy bütin dünýä dolýar. «Akylly» şäher ulgamynda bina edilen Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň döredilmeginiň bir ýyllygy giňden bellenip geçilýär.