Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy guruldy. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýäniň dostlukly ýurtlarynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirildi. Ýadygärlik hem-de medeni-seýilgäh toplumy bedew batly ösüşlerimiziň, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatynyň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň özboluşly alamatydyr. Bu taryhy wakalar Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýuny has-da şöhratlandyrýar. Munuň özi şahyryň ajaýyp şygyrlarynyň adamzat kalbynda uly orun alandygyna şaýatlyk edýär.
Pähim-paýhasa eýlenen şahyrana döredijiligi bilen türkmen halkynyň hakydasynda parlak ýyldyz bolup lowurdaýan Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynyň hem edebi hazynasyny baýlaşdyrdy. Şahyryň döredijilik dünýäsi, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrüldi.