"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Täze jaý — bagtdan serpaý

Ýurt garşy alsyn! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bina edilýän her bir desgada, durmuşa geçirilýän işlerde halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmekden gözbaş alynýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň dürli künjeklerinde yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary hem ýurdumyzda raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş medeniýetiniň ýokary derejesiniň üpjün edilýändiginiň aýdyň görkezijisidir.

At-owazy dünýä dolan paýtagtym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty durmuşymyzyň ähli ugurlarynda bolup geçýän uly özgerişlikleriň berk binýadyny goýdy. Ynsan kalbyna deňiz kimin giňligem, gül ýaly näzikligem mahsus. Her bir ynsan öýli bolanda, öýümiz toýly bolanda, ählimiz begenýäris. Garaşsyzlyk ýyllary içinde abraýy Arşa ýetip, at-owazasy äleme dolan ilimiziň günleri şatlykly wakalara, aýlary asylly işlere beslenip, toýlary toýa ulaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyna eýlenen döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ak şäherimiz Aşgabat juwan keşbe geldi. Tutuş ýurdumyz bagy-bossanlyga bürenip barýar. Köňülleriň arzuw edýän şäherine öwrülen Aşgabadyň köçelerine seýrana çykanyňda hem muňa aýdyň göz ýetirýärsiň. Bu ýerde belent binalaryň hatary ýyl-ýyldan artýar. Aşgabat şäherinde ilatyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga-da uly üns berilýär. Soňky ýyllarda köp gatly jaýlaryň onlarçasy bina edildi. Bu ajaýyp binalar diňe bir paýtagtymyzyň keşbine bezeg bermän, eýsem, ilatyň göwnüni göterip, Garaşsyzlyga bolan guwanjyny, baky Bitaraplyga bolan buýsanjyny artdyrýar.

Egsilmeýän ruhy hazyna

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri umumadamzat üçin egsilmez ruhy çeşme bolup hyzmat edýär. Şahyryň goşgularynda türkmen halkynyň däp-dessurlary, milli dünýägaraýşy, ýaşaýyş pelsepesi, nesil terbiýelemek mekdebi giňden öz beýanyny tapýar. Türkmenler dünýäniň medeni hazynasyna, ýaşaýyş pelsepesine mynasyp goşant goşan halkdyr. Taryhy geçmişimizde beýik şahsyýetler türkmeniň şöhratyna şöhrat goşup, milletimiziň dünýä halklarynyň arasynda mertebesiniň belent bolmagyna dowamat beripdirler.

Durmuşymyzyň gül-gunçalary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli Diýarymyzda çagalaryň söýgüli pasyllarynyň biri bolan tomus pasly dowam edýär. Bu paslyň esasy aýratynlygy çagalar okuw ýylyny üstünlikli tamamlap, dynç alyş möwsümine gadam basýarlar. Şadyýan tomsuň dynç alyş günleri çagalara şatlykly pursatlary eçilip, ýatdan çykmajak ýatlamalary bagyş edýär. Gözel Gökderäniň we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly geçirýän körpeleriň bu günki gün şatlygynyň çägi ýok. Çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde surat çekmek we beýleki gyzykly bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Bu merkezlerde körpe nesilleriň özara bäsleşmeginde sportuň küşt we şaşka görnüşleri boýunça hem-de çagalaryň zehin, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen dürli ýaryşlar guralýar. Guralýan bäsleşikler dynç alýan bagtyýar çagalaryň göwünlerini açyp, olaryň wagtlarynyň hoş geçmegine uly ýardam edýär. Çagalar dynç alyş merkezlerinde göwnejaý dynç alyp, birek-birek bilen ýakyndan tanşyp, dostlaşýarlar. «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» mazmunynda hem ýurdumyzyň körpe nesilleriniň bagtyýar durmuşy

Nurana menziller

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň guramagynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi bolmak bagty maňa hem miýesser etdi. Men bäsleşikde 2-nji orna mynasyp bolup, Şa serpaýy bilen sylaglandym. «Türkmen we hytaý dillerinde nakyllar we atalar sözi» meniň ylmy işimiň mowzugy. Bu ugurda ylmy barlaglaryň geçirilmegi türkmen ýaşlaryna hytaý dilini has hem kämil öwrenmäge uly ýardam berer. Şunda ylmy işler «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy 2024 — 2052-nji ýyllar aralygynda ösdürmek baradaky görkezmeleriniň esasynda ýerine ýetirildi. Ylmy işde türkmen dilindäki nakyllaryň we atalar sözüniň hytaý diline terjime edilişiniň usullaryny kesgitlemek, olaryň düzgünlerini seljermek, türkmen dilindäki nakyllardyr atalar sözüniň hytaý diline terjime edilmeginde mümkingadar takyklygy gazanmak maksat edilip goýuldy. Ylmy derňewden alnan netijeler terjimeçilik işi boýunça oku

Sapaly tomsuň şatlygy

Hormatly Prezidentimiz «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýip belleýär. Ýurt Baştutanymyzyň parasatly sözlerinden ugur alyp, berkarar Diýarymyzda körpe nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda bimöçber işler alnyp barylýar. Şeýle-de, çagalaryň tomusky dynç alyş döwürlerini gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin gözel Gökderäniň goýnunda hem-de welaýatlarymyzda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Bilşimiz ýaly, çagalaryň sapaly Gökderäniň goýnundaky tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyry uly ruhubelentlige beslendi. Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Mekan» köşgünde bolsa bagtyýar çagalary dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyry üçin dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy boldy. Joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlar, şowhunly çykyşlar şadyýan körpeleriň ýüreklerini buýsanç duýgularyna besledi. Häzirki wagtda sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dowam edýän tomusky möwsümiň ikinji tapgyrynda hem gözel Gökdere mähriban çagalaryň arzyly mekanyna öwrüldi. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçir

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Biraz garjaşyk pikirleri, düşünjeleri geljek hepdede hamallary alyp barýan işlerine başgaça garamaga iterer. Töweregiňizde bolup geçýän wakalaryň meýilnamalaryňyza edýän täsirini has ýiti duýarsyňyz. Işiň oňat tarapyndan serediň we döreýän ýagdaýlary tejribäňizi baýlaşdyrmak üçin ulanmaga çalşyň!

Abadançylygyň gözbaşy

Howanyň aşa gyzýan günleri ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge aýratyn ünsli bolmalydyrys. Öýlerden, iş ýerlerinden çykyp gitmezden öň ähli elektrik we gaz enjamlarynyň öçürilendigini barlamagy, öýlerdäki, iş ýerlerindäki zerurlygy bolmadyk, ulanylmaýan elektrik we gaz enjamlaryny ulanyşdan doly aýyrmaklygy ýola goýmaly. Işläp duran elektrik we gaz enjamlaryny iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmagyň örän howpludygyny Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýatladýar. Tebigatyň gözel ýerlerinde, tokaý seýilgählerinde, öri-sähra meýdanlarynda açyk ot ýakmak, çilim çekmek, söndürilmedik otluçöpi taşlamak, uçgun berijileri ulanmak, çüýşe gaplaryny, aýna böleklerini we zir-zibilleri taşlap gitmek, çagalary gözegçiliksiz galdyryp, ot oýnamaklaryna ýol bermek, awtoulaglary ot-çöpli meýdanlara salmak, tehniki hyzmatlary geçirmek gadagandyr.

Raýatlaryň bähbitlerini gorap

Türkmenistanyň Esasy Kanunynda adam jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilýär. Şundan ugur almak bilen, ýurdumyzda ilaty durmuş taýdan goramak ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak zähmete ukypsyz adamlara, maýyplara, ýaş çagaly maşgalalara we beýleki adamlara pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça döwlet ulgamyndan ybaratdyr. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksine we Türkmenistanyň ilatyň durmuş taýdan goralmagynyň meselelerini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz ilaty durmuş taýdan goramak meselesine ilkinji derejeli ähmiýet berýär we bu babatda möhüm çözgütleri kabul edýär. Her ýylda zähmet haklary bilen birlikde pensiýalar we döwlet kömek pullary 10 göterim ýokarlandyrylýar. Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellemekde we almakda hiç hili bökdençlik bolmaýar. Ýokarda ady agzalan Kodeksiň 8-nji maddasynyň 3-nji bendine laýyklykda pensiýa, döwlet kömek puly, ony alýan adamyň arzasy boýunça onuň bankd

TALYP ÝÜREGI JOŞANDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan eden «Talyp joşguny – 2024» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Milletleriň özboluşlylygyny açyp görkezmekde medeniýetiň, sungatyň, döredijiligiň orny diýseň uludyr. Ajap döwrümizde batly gadamlar bilen ynamly öňe barýan bagtdan paýly, döwürden serpaýly ýaş nesillerimiziň milli medeniýetimizi, sungatymyzy has-da kämilleşdirmek, halk döredijiligindäki başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän şeýle festiwallaryň ähmiýeti uludyr. Ajaýyp döwrüň waspyny sungatyň üsti bilen beýan edip, daşary ýurt döredijiligini hem milliliklerimiz bilen baglanyşdyryp bilýän talyp ýaşlaryň dillerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri sena bolup ýaňlandy.

RUHY PÄKLIGIŇ BAÝRAMY

Halk hikmetleriniň birinde «Her bir işde haýyr bar» diýilýär. Ynsanperwerligi ömür ýörelgesine öwren pederlerimiz: «Ýagşylyga ýagşylyk etmegi adamkärçilik, ýamanlyga ýagşylyk etmegi belent mertebe» bilendigini aýdanyndan soň, mundan aňyrda bir söz aýtsaň artykmaç boljak ýaly. Emma haýyr-yhsanyň, ynsanperwerligiň ýere atylan däne mysaly biriň müň bolup döreýändigini ýagşylygyň hatyrasy üçin aýtmak gerek. Pederlerimiziň ýyldyzboýly guýularyndan näçe suw aldygyňça şonça-da bereketi artýandyr. Ýagşylyga, ynsanperwerlige, haýyr-yhsana näçe amal etseň, dünýäde ýagşy ynsanlar, ýagşylyk edýän adamlar şonça-da köpelýändir. Şonuň üçin hem il-günüň sygynýan ynam-ygtykadynda, däp-dessurlarynda, ruhy ýörelgelerinde ynsanperwerligiň, haýyr-sahawatyň zerreleriniň bolmagy ýöne ýere däl.  Şol zerreler ynsan kalplarynda şineleýär, kök urup, berdaşly daragta öwrülýär. Kalbynda sahawat daragtyny kemala getiren ynsanyň saýasynyň ulus-ile haýrynyň degýändigi, ömür miwesiniň bol we datly bolýandygy hakykat. Haýyr däneleriniň şineleri gol ýaýradyp, adamzady bir-birege, kalby kalba baglaýar. Türkmen ilinde gadymdan bäri arzylanýan we mukaddes saýylýan Gurban baýramynda haýyr-sahawat, ynsanperwerlik dabaralanýar. Munda öýke-kineler unudylyp, ýagşylyga, mähir-mu

MUNDA HASYL BOLÝAR ÄHLI ARZUWLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygyň goýnunda, aýratyn-da Watanymyzyň daýanjyna deňelýän ýaşlaryň döwrebap şertlerde, kämil jemgyýetde ýaşamagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirilýär. Biz muňa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 29-njy iýunynda has-da aýdyň göz ýetirdik. Çünki bu senede tarp ýerden, gadymy oguz ýurdunda dünýä nusgalyk şäher — Arkadag şäheri açyldy. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde «Ösüş, özgeriş, galkynyş, döredijilikli çemeleşmeler — döwrümize, döwletimize mahsus aýratynlyk. Bu zamana taryha siňen ebedi ýazgylarda, ezeli wakalarda, arzuwly ertekilerde ýatlanylýan, arzuwlaryň hasyl bolýan we bagtly döwrany Hakdan berlen, gowy geljegi öňünden buşlanylan döwürdir» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurt berkararlygynyň, halk bagtyýarlygynyň aýdyň kepili bolup bina edilen Arkadag şäheri bu hakykaty dünýä äşgär etdi.

Ynsanyň ýürek syrdaşy

Türkmen halky özüniň uzak ýyllaryň dowamyndaky şöhratly taryhynda umumadamzat hazynasyna kämil hem gaýtalanmajak medeniýeti berdi. Türkmen halysy, keçesi, ahalteke bedewi, saryja goýny, arwana düýesi, alabaý iti, nepis şaý-sepleri, ketenisi, gyrmyzy dony, silkme telpegi, dutar-gyjagy... bular dünýä nusgalyk milli gymmatlyklar. Şu gymmatlyklar bilen birlikde bedewlerimiziň adamzadyň ýakyn syrdaşy hökmünde taryha girmeginiň hem uly manysy bar. Sebäbi uly iliň ýagşysyna ýaran, il üçin janyny orta goýan asylly gerçekler hem ykbalyny bedewinden üzňe tutmandyrlar. Bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda türkmen bedewleriniň şan-şöhraty bütin jahana ýaň salýar, sarpasy has-da belende göterilýär. Ahalteke bedewi türkmeniň uçar ganaty, syrdaşy hasaplanylýar. Türkmenleriň atçylyk sungaty müňlerçe ýyllaryň dowamynda ahalteke bedewleriniň kämilleşmegine, bütin dünýä at-owazasynyň ýaýramagyna we biziň günlerimize gelip ýetmegine ýardam edipdir. Behişdi bedewlerimiziň türkmen halkynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy aýdyň hakykatdyr. Özünde deňsiz-taýsyz gözelligi jemleýän, ynsan ýaly syzmagy başarýan ahalteke bedewleri türkmen halkynyň ykbalynyň bir bölegidir.

Ýaşlar — ýurdumyzyň geljegi

Ýaňy-ýakynda polkownik Aýdogdy Haýydowyň serkerdelik edýän harby bölüminde TDP-niň etrap komitetiniň hünärmeni Çemen Könäýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Atajan Berdiýew dagynyň gatnaşmagynda ýaş nesilleriň watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak boýunça çagyryş boýunça harby gullukçylar bilen wagyz-nesihat duşuşygy örän täsirli boldy. Onuň barşynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýaşlar babatynda durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleri, milli kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilişi barasynda giňişleýin gürrüň edildi. Azat ÖWEZGELDIÝEW, kapitan.

Belent adamkärçiligi nusga edinip

Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp kitabynda: «Watana söýgi daglarymyzdaky çeşme-çaýlaryň tereňligidir, Asmanyň hem Zeminiň, deňzimiziň mawy giňişliginiň asudalygydyr. Bularyň barysy Watandyr, elýetmez gymmatlyklarymyzdyr» diýip bellemek bilen Watan, Watana bolan söýgi düşünjeleri hakynda aýratyn nygtaýar. Bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygymyz bolan Watan barada gürrüň edenimizde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbidine ýugrulan syýasaty, oýlanyşykly düzülen maksatnamalary esasynda eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmek ugrundaky durmuşa geçirýän asylly işleri, her bir ildeşimiziň kalbynda Watana bolan mizemez söýgini, oňa hyzmat etmek islegini joşdurýar. Şonuň netijesinde, bu günki gün biziň ýurdumyzyň ähli ulgamlardaky ösüş depgini bedew bady bilen öňe barýar. Belent adamkärçilikli, açyk göwünli, öz bütin ykbalyny mähriban halkyna ak ýürekden hyzmat etmäge bagyşlan, türkmeniň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna müdimi, mizemez döwlet binasyny berkarar eden Watanyň wepaly Ogly, görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäri Gahryman Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň zähmet we durmuş ýoly, bu gün diňe bir harby gullukçylar üçin däl, eýsem, bütin türkmen halky üçin hem görelde mekdebid

Hünärmenler taýýarlanylýar

Mukaddes araçäklerimiziň goragyny üstünlikli alyp barmakda ýörite gulluk itlerine we bedewlerimize aýratyn uly orun degişlidir. Hut şu nukdaýnazardan hem her ýyl gullugymyzda gulluk itleriniň gözükdirijisi we çaparman bölekçe serkerdeleri hünäri boýunça esgerlerimiziň ençemesi bilim alýar. Olara bu ugurda köpýyllyk tejribelere eýe bolan ýörite hünärmen serkerdelerimiz möwsümiň dowamynda ýörite okuw sapaklaryny geçmek bilen, ele alýan bu hünärleriniň serhet goragynda nähili zerurlykdygy düşündirilýär. Okuw meýilnamasyna laýyklykda geçilen sapaklar ýörite tejribeleriň üsti bilen berkidilip, olara gulluk itleridir atlary bilen işleşmegiň düzgünleri, baş öwretmegiň tärleri öwredilýär. Hut şu ýyl hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerlerimiziň uly topary gulluk itleriniň gözükdirijisi, çaparman bölekçe serkerdesi hökmünde mukaddes araçäklerimiziň goragyny alyp barmak üçin degişli harby bölümleredir serhet galalaryna ugradyldy. Atahan SUHANOW, podpolkownik.

Sagdyn bedende — sagdyn ruh

Golaýda kapitan Merdan Hudaýberenowyň serkerdelik edýän harby bölüminde terbiýeçilik agşamy geçirildi. Harby gullukçylaryň beden taýýarlygyny kämilleşdirmek we olaryň arasynda sporty ösdürmek maksady bilen geçirilen bu çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly ajaýyp eserinden täsirli çykyşlar guraldy. Agşam çeper höwesjeňler toparynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen jemlendi. Alym JUMASEÝIDOW, maýor.

Gözellik döredýän halyçy

Gözelligiň nusgasy bolan türkmen halysy gymmaty egsilmeýän hazynadyr, milli baýlygymyzdyr. Türkmen halysy halkyň ruhy medeniýetini özünde jemleýän sungat bolmak bilen, çeper elli halyçylarymyzyň çitýän her bir çitiminde zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny, zähmet-yhlasyny, ýürek arzuwlaryny görmek, duýmak bolýar. Halyçylarymyzyň dokaýan nepis halylary her bir türkmen öýüni, uludan tutýan toýuny bezeýär. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynda 30 ýyl bäri zähmet çekip gelýän Maýagül Halykowa hem nepis halylary dokamakda baý tejribe toplan, ýaşlara görelde bolýan halypa zenan. Ol özüniň bu hünäri saýlap almagynda ejesiniň, aýal doganlarynyň täsiriniň uly bolandygyny nygtaýar. Bu gün özi halypalyga ýeten çeper elli halyçy bu sungatyň inçe syrlaryny ýaşlara yhlas bilen öwredýär. Ussat halyçynyň gyzy hem bu hünäri saýlap alyp, häzir mähriban käbesi bilen haly dokaýar.

Şadyýan möwsümiň gyzykly günleri

Çagalary durmuşa talabalaýyk taýýarlamak, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watany ýürekden söýmek ruhunda terbiýelemek, türkmen döwletiniň geljegi bolan ýaşlaryň ruhubelent hem-de sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän işler bimöçberdir. Güneşli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary netijesinde ýaş nesliň bedenleriniň berk, ömürleriniň uzak bolmagy, olaryň saglygyny gorap saklamak, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Eziz Watanymyzyň ýaş nesliniň terbiýesine we hemmetaraplaýyn ösüp-kämilleşmegine uly üns berýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jana şypaly howasy, baý ösümlik dünýäsi bilen uly täsir galdyrýan we ruhubelentlik duýgusyny oýarýan Gökderedäki ajaýyp çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri olaryň arzyly mekanyna öwrüldi. Gökderäniň gözel künjeginde ýerleşýän «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde körpeleriň tomusky dynç alyşlaryny gyzykly hem-de täsirli geçirmeklerini, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak maksady bilen, TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň etrap geňeşiniň guramagynda «Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri» atly aýdym-sazly, sport bäsleşigi geçirildi. Ýaş nesli sagd

Galla biziň baýlygymyzdyr

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhanlarymyzyň zähmet çekip ýetişdiren bugdaý hasylyny isripsiz ýygnamak gyzgalaňly dowam edýär. Bu döwürde ýol berlen her bir säwligiň uly ýitgilere getirýändigini unutmaly däldiris. Ol säwlikleriň biri hem ot belasydyr. Şeýle hadysalaryň döremezligi üçin galla oragyna gatnaşýan işgärler ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini doly berjaý etmelidirler. Bu möwsümde şu aşakdaky ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ýerine ýetirmek hökmanydyr. Galla oragyna gatnaşýan ähli işgärler bilen ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gözükdiriş işleri geçirilmelidir. Ähli kombaýnlarda, traktorlarda we awtoulaglarda tehniki gözegçilik işleri yzygiderli guralmalydyr. Däneli ekin meýdanlarynda gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyň guralmagy hökmanydyr. Orak möwsümi döwründe gury ot-çöpleri, meýdanyň samanyny otlamak düýbünden gadagandyr. Hasyl ýygymyna gatnaşýan ähli kombaýnlar, traktorlar we awtoulaglar saz işleýän uçgun söndürijiler bilen enjamlaşdyrylmalydyr hem-de ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleri bilen doly üpjün edilmelidir. Näsaz kombaýnlary, traktorlary we awtoulaglary galla oragyna gatnaşdyrmak gadagandyr.