Durmuşymyzyň gül-gunçalary

3 Iýul 2024
257

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli Diýarymyzda çagalaryň söýgüli pasyllarynyň biri bolan tomus pasly dowam edýär. Bu paslyň esasy aýratynlygy çagalar okuw ýylyny üstünlikli tamamlap, dynç alyş möwsümine gadam basýarlar.

Şadyýan tomsuň dynç alyş günleri çagalara şatlykly pursatlary eçilip, ýatdan çykmajak ýatlamalary bagyş edýär. Gözel Gökderäniň we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly geçirýän körpeleriň bu günki gün şatlygynyň çägi ýok. Çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde surat çekmek we beýleki gyzykly bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Bu merkezlerde körpe nesilleriň özara bäsleşmeginde sportuň küşt we şaşka görnüşleri boýunça hem-de çagalaryň zehin, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen dürli ýaryşlar guralýar. Guralýan bäsleşikler dynç alýan bagtyýar çagalaryň göwünlerini açyp, olaryň wagtlarynyň hoş geçmegine uly ýardam edýär. Çagalar dynç alyş merkezlerinde göwnejaý dynç alyp, birek-birek bilen ýakyndan tanşyp, dostlaşýarlar. «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» mazmunynda hem ýurdumyzyň körpe nesilleriniň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda öňde goýlan wezipeleri çözmek baradaky tagallalary görmek bolýar. Bilim edaralarynyň mugallymlary, okuwçylary we olaryň ene-atalary tarapyndan «Mekdep dolandyryş ulgamy» hem-de «Ukyply» sanly bilim portaly okuw işini dolandyrmak, bilim almak we çagalaryň ýetişiklerine gözegçilik portallary işe girizildi.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar