Şadyýan möwsümiň gyzykly günleri

3 Iýul 2024
235

Çagalary durmuşa talabalaýyk taýýarlamak, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watany ýürekden söýmek ruhunda terbiýelemek, türkmen döwletiniň geljegi bolan ýaşlaryň ruhubelent hem-de sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän işler bimöçberdir. Güneşli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary netijesinde ýaş nesliň bedenleriniň berk, ömürleriniň uzak bolmagy, olaryň saglygyny gorap saklamak, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Eziz Watanymyzyň ýaş nesliniň terbiýesine we hemmetaraplaýyn ösüp-kämilleşmegine uly üns berýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jana şypaly howasy, baý ösümlik dünýäsi bilen uly täsir galdyrýan we ruhubelentlik duýgusyny oýarýan Gökderedäki ajaýyp çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri olaryň arzyly mekanyna öwrüldi.

Gökderäniň gözel künjeginde ýerleşýän «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde körpeleriň tomusky dynç alyşlaryny gyzykly hem-de täsirli geçirmeklerini, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak maksady bilen, TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň etrap geňeşiniň guramagynda «Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri» atly aýdym-sazly, sport bäsleşigi geçirildi. Ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, zyýanly endiklerden daşda durmak, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, ruhubelentlik, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetlerini terbiýelemek maksady bilen geçirilen sport bäsleşigine gatnaşan okuwçylara ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar körpe nesilleriň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, beýik ösüşleri nazarlaýan döwletli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler!

Aýnagözel ORAZDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar