"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Gün ur­madan nädip goranmaly?

Gün şöh­le­si dür­li şöh­le­len­me­le­riň güýç­li çeş­me­si bo­lup, ola­ryň için­de ult­ra­me­lew­şe şöh­le­si wa­jyp äh­mi­ýe­te eýe­dir. Olar az muk­dar­da adam be­de­ni­ne, esa­san hem, ça­ga­lar üçin has ze­rur­dyr. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, olar adam be­de­ni­niň ös­me­gi we kä­mil­leş­me­gi üçin ge­rek bo­lan wi­ta­min­le­riň eme­le gel­me­gi­ne gat­naş­ýar. Çen­de­na­şa güýç­li Gün şöh­le­si agyr ke­sel­le­riň, şeý­le-de howp­ly tä­ze dö­re­me­le­riň eme­le gel­me­gi­ne se­bäp bo­lup bil­ýär. Her bir adam ça­ga­lyk­dan baş­lap, Gün şöh­le­si­ni dür­li de­re­je­de du­ýup baş­la­ýar. Gün şöh­le­si­niň uzak wagt­lap ada­myň en­da­my­na tä­sir et­me­gi de­ri­niň ýan­ma­gy­na ge­tir­ýär. Gün uran adam­da il­ki­baş­da ýa­daw­lyk, ys­gyn­syz­lyk, kel­la­gy­ry, ba­şaý­lan­ma, aýak­la­ryn­da we ar­ka­syn­da agy­ry eme­le gel­ýär. Soň­ra gu­la­gy­nyň şaň­la­ma­gy, de­mi­niň gys­ma­gy, ýü­re­gi­niň çalt ur­ma­gy müm­kin. Gün ur­ma­dan

Edep-ter­bi­ýe yn­san dur­mu­şy­nyň be­ze­gi­dir

Gündelik durmuşda «Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn» diýen aýtgyny köp eşidýänsiňiz. Aslyýetinde, bu ýerde göz öňünde tutulýan «adam bolmak» – kämillik, sypaýyçylyk, akýüreklilik hem edeplilikdir. Ilhalar kişileri beýleki adamlardan tapawutlandyrýan sypatlar, ine şu häsiýetlerdir. Per­zent ter­bi­ýe­si­ne bi­parh ga­ra­ma­ly däl­di­gi ga­dym­dan bä­ri aýdylyp gelinýän pent. Mö­min­le­riň emi­ri Aly ibn Abu Ta­lyp: «Ça­ga­la­ry­ňy­zy di­ňe şu dö­wür üçin däl, gel­jek za­man­la­ry hem göz öňün­de tu­tup ter­bi­ýe­läň» di­ýer eken. Gys­ga hem bol­sa, aky­la mu­wa­pyk söz. Ter­bi­ýe­çi­ler, mu­gal­lym­lar, ene-ata­lar ça­ga­la­ryň edep-ter­bi­ýe­si­ni kä­mil­leş­dir­mek ar­ka­ly ola­ra ýa­şaý­şyň tä­ze göz­ýe­tim­le­ri­ni, üs­tün­li­giň he­niz el deg­me­dik ga­py­la­ry­ny açyp ber­mä­ge, bag­ta elt­ýän ha­lal ýol­la­ry öw­ret­mä­ge – gel­je­ge my­na­syp taý­ýar­la­ma­ga borç­lu­dyr­lar. Şu wagt­dan per­zent­le­riň aňy­na se­pi­len tä­lim to­hum­la­ry, ýü­rek­le­ri­ne otur­dy­lan ýag­şy­lyk na­hal­la­ry mä­käm boý al­sa, tüýs di­ýen çag­la­ryn­da ol dü­şün­je­le­riň ha­syl be­rip baş­la­jak­dy­gy hem­mä­mi­ze mä­lim. Yn­san­l

Glo­bal söw­da 32 tril­li­on dol­la­ra ýe­ter

Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy (WTO) ýy­lyň do­wa­myn­da glo­bal söw­da­nyň 32 tril­li­on dol­la­ra ýe­tip bil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Gu­ra­ma­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de hal­ka­ra ha­ryt söw­da­sy 1 gö­te­rim, hyz­mat söw­da­sy 1,5 gö­te­rim ar­typ­dyr. Glo­bal söw­da­nyň Hy­ta­ýyň eks­por­ty­nyň 9, Hin­dis­ta­nyň 7 we ABŞ-nyň 3 gö­te­rim art­ma­gy­na tä­si­ri uly bo­lup­dyr. De­giş­li dö­wür­de Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň eks­por­ty öň­kü­li­gi­ne ga­lan bol­sa, Af­ri­ka­nyň eks­por­ty 5 gö­te­rim pe­se­lip­dir. Ýan­war-mart aý­la­ryn­da «ýa­şyl» ener­gi­ýa we eme­li aň bi­len bag­ly ha­ryt­la­ryň eks­por­ty ýokary de­re­je­de ar­typ­dyr.

Gä­mi­le­riň gel­me­gi çäk­len­di­ri­ler

Ni­der­land­la­ryň paý­tag­ty Ams­ter­da­ma her ýyl­da 20 mil­li­on tö­we­re­gi myh­man bar­ýar. Şä­he­riň ýer­li hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­la­ry sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­ny azalt­mak mak­sa­dy bi­len tä­ze ka­rar ka­bul et­di. Tä­ze düz­gü­ne gö­rä, ýy­lyň do­wa­myn­da iň köp 100 gä­mi şä­he­riň por­tu­na ba­ryp bi­ler. Hä­zir­ki wagt­da şä­he­riň esa­sy de­mir ýol wok­za­ly­nyň go­la­ýyn­da­ky der­ýa ke­na­ryn­da­ky ýo­lag­çy por­tu­na ýyl­da 190 gä­mi ýa­na­şyp bil­ýär. Ge­çen ýyl bol­sa şä­her­de daş­ky gur­şa­wa ýe­ti­ril­ýän zy­ýa­ny azalt­mak mak­sa­dy bi­len uly ýo­lag­çy gä­mi­le­riň şä­he­riň mer­ke­zin­de la­byr taş­la­ma­gy ga­da­gan edi­lip­di. Tä­ze düz­gün 2026-njy ýyl­dan baş­lap güý­je gi­rer. Has uly gä­mi­ler Rot­ter­dam por­tu­na git­me­li bo­lar. Şeý­le hem ýer­li hä­ki­mi­ýet 2035-nji ýy­la çen­li por­ty şä­her mer­ke­zin­den do­lu­ly­gy­na aýyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.

Kos­mo­sa şar­ly sy­ýa­hat

Kos­mos sy­ýa­hat­çy­ly­gy­ny ama­la aşyr­ýan «Space Pers­pective» kom­pa­ni­ýa­sy ýo­lag­çy­la­ry kos­mo­sa çy­kar­jak ho­wa şa­ry­nyň il­kin­ji sy­nag uçu­şy­ny ama­la aşyr­dy. Ýo­lag­çy­lar kos­mos gi­ňiş­li­gi­ne çy­kyp, Ýe­riň to­ga­lak­dy­gy­ny öz gö­zi bi­len gö­rüp bi­ler­ler. Bir ge­zek­lik pe­te­giň ba­ha­sy­nyň 125 müň dol­lar bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Kos­mos şa­ry 8 orun­lyk bo­lup, ýy­lyň ahy­ryn­da ýo­lag­çy­la­ry as­man gi­ňiş­li­gi­ne gat­na­dyp baş­lar. Kom­pa­ni­ýa maş­ga­la ag­za­la­ryň, dost­la­ryň, iş­deş­le­riň bi­len na­har­lan­mak ýa-da ýyg­nak ge­çir­mek üçin as­man gi­ňiş­li­gi­ne git­me­gi mas­la­hat ber­ýär. Kos­mos şa­ryn­da Wi-Fi hyz­ma­ty hem bo­lar. Şar kos­mo­syň çä­gi­ne çen­li ba­ryp, at­mos­fe­ra­nyň 29 ki­lo­metr ýo­kar­syn­da du­rar. Sy­ýa­hat 6 sa­gat do­wam eder. «Space Pers­pective» kos­mo­sa bir ge­zek­de äki­di­len ýo­lag­çy sa­ny ba­bat­da hem re­kord goý­ma­gy me­ýil­leş­dir. Ogul­şat SÜ­LEÝ­MAN­GU­LY­ÝE­WA,

«Go­og­le ter­ji­mä» 110 tä­ze dil go­şul­dy

In­ter­ne­tiň iň meş­hur saý­ty «Go­og­le» ula­ny­jy­la­ry­na dür­li hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýär. Şo­la­ryň ara­syn­da on­laýn ter­ji­me hem bar. «Go­og­le ter­ji­me» hyz­mat­la­ry­na tä­ze 110 dil go­şul­dy. Bu dil­le­riň ara­syn­da 5 dil ural-al­taý dil­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan tür­ki dil­ler­dir. Şeý­le­lik­de, bu hyz­mat çu­waş­ça, ky­rym ta­tar­ça­sy, baş­gyr­ça, tu­wa­ça we ýa­kut­ça ula­ny­jy­lar üçin el­ýe­ter­li bol­dy. Şu­nuň bi­len ter­ji­me hyz­mat­la­ry­na go­şu­lan tür­ki dil­le­riň sa­ny 13-e ýet­di. Mun­dan öň «Go­og­le ter­ji­me» ar­ka­ly azer­baý­jan, ga­zak, gyr­gyz, ta­tar, türk, türk­men, öz­bek we uý­gur dil­le­ri­ni ter­ji­me et­di­rip bol­ýar­dy. «Go­og­le» bu ba­ra­da­ky ha­ba­ryn­da şu ge­zek hä­zi­re çen­li iň köp di­liň go­şu­lan­dy­gy­ny bel­le­di. «Go­og­le ter­ji­me» 2008-nji ýyl­da hyz­ma­ta hö­dür­le­nip­di. Me­kan MAH­TU­MOW,

Dün­ýä­niň iň go­wy awia­kom­pa­ni­ýa­la­ry

Awia­si­ýa pu­da­gyn­da­ky iň ýo­ka­ry baý­rak ha­sap­lan­ýan «Skyt­rax» baý­rak­la­ryna mynasyp bolan awiakompaniýalar mä­lim edil­di. Ka­ta­ryň mil­li awia­si­ýa kom­pa­ni­ýa­sy «Skyt­rax»-yň 25 ýyl­lyk ta­ry­hyn­da se­ki­zin­ji ge­zek birinji boldy. Lon­don­da ge­çi­ri­len da­ba­ra dün­ýä­niň iri awia­kom­pa­ni­ýa­la­rynyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­. «Skyt­rax» 1999-njy ýyl­dan bä­ri 100 ýurt­dan 350 awia­kom­pa­ni­ýa ba­ra­da 21 mil­li­on­dan gow­rak müş­de­ri­si bi­len ge­çi­ri­len pi­kir so­ra­ly­şy­gyň ne­ti­je­sin­de sa­naw taý­ýar­la­ýar. «Sin­ga­po­re Air­li­nes», «Emi­ra­tes», «ANA All Nip­pon Air­wa­ys» we «Cat­hay Pacific» de­giş­li­lik­de il­kin­ji bäş­li­ge gir­di. My­rat ŞA­MY­RA­DOW,

Deň­ziň düý­bün­den mag­dan ta­pyl­dy

Ýa­po­ni­ýa­da deň­ziň düý­bün­den köp muk­dar­da mag­dan ta­pyl­dy. Su­was­ty gor­da yk­dy­sa­dy­ýet üçin äh­mi­ýet­li bo­lan mar­ga­ne­siň we ko­bal­tyň bar­dy­gy bel­le­nil­di. Üs­ti açy­lan hi­mi­ki ele­men­tiň ýur­duň ze­rur­ly­gy­na 75 ýyl ýetip bil­jek­di­gi mä­lim edil­di. Mar­ga­nes we ko­balt se­na­gat­da giň­den ula­ny­lyp, te­bi­gat­da seý­rek duş gel­ýän hi­mi­ki ele­ment­ler ha­sap­lan­ýar. Ýu­waş um­ma­ny­nyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da­ky Mi­na­mito­ri­şi­ma ada­sy­nyň go­la­ýyn­da­ky mag­da­ny Nip­pon fon­dy bi­len To­kio uni­wer­si­te­ti­niň bi­ler­men­le­ri ýü­ze çy­ka­ryp­dyr. Geo­log­lar üç aýyň do­wa­myn­da uzak ara­lyk­dan do­lan­dy­ryl­ýan su­was­ty en­jam­lar ar­ka­ly 5 müň metr­den gow­rak çuň­luk­da 100-den gow­rak meý­dan­da göz­leg iş­le­ri­ni ge­çi­rip­dir­ler. Ogul­sa­par SA­LY­HO­WA,

Ýel ener­gi­ýa­syn­da re­kord go­ýul­dy

Dün­ýäde de­ňiz­ler­dä­ki ýel be­ket­le­rin­den alyn­ýan ener­gi­ýa­da re­kord go­ýul­dy. Ge­çen ýyl ke­nar­dan uzak­da gur­lan bu be­ket­ler­dä­ki önüm­çi­li­giň 24 gö­te­rim ar­typ, 75,2 gi­ga­wa­ta ýe­ten­di­gi mä­lim edil­di. Glo­bal ýel ener­gi­ýa ge­ňe­şi (GWEC) ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan mag­lu­ma­ta gö­rä, ge­çen ýyl gur­lup ulan­ma­ga ber­len ýel tur­bi­na­la­ry­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty 10,8 gi­ga­wat bo­lup­dyr. Bu ugur­da al­ty ýyl­dan bä­ri bi­rin­ji bo­lup gel­ýän Hy­taý ge­çen ýyl umu­my önüm­çi­lik kuw­wa­ty 6,3 gi­ga­wat bo­lan su­wüs­ti be­ke­di işe gi­ri­zip­dir. Bu gör­ke­zi­ji Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da 3,8 gi­ga­wat bo­lup­dyr. Se­bit ýurt­la­ryn­da Bir­le­şen Pa­ty­şa­lyk (833 me­ga­wat), Fran­si­ýa (360 me­ga­wat), Da­ni­ýa (344 me­ga­wat) we Ger­ma­ni­ýa (257 me­ga­wat) öň­de­li­gi eýe­läp­dir. Aý­gül Ha­jy­na­za­ro­wa,

2027-nji ýylda kosmos bekedini gurup başlar

Rus­si­ýa­nyň Fe­de­ral Kos­mos Agent­li­gi (Ros­kos­mos) tä­ze kos­mos stan­si­ýa­sy­nyň gu­rul­ma­gy bi­len bag­ly se­ne­na­ma­nyň tas­syk­la­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ýaý­ra­dy­lan mag­lu­mat­da 2027-nji ýyl­da bi­lim we ener­gi­ýa mo­du­ly or­bi­ta uçu­ry­lar. 2030-njy ýy­la çen­li bol­sa dört mo­dul uçu­ry­lyp, kos­mos be­ke­di­niň «bi­lo­ňur­ga­sy» eme­le ge­ti­ri­ler. 2031-nji we 2033-nji ýyl­lar­da ýe­ne iki mo­du­lyň bi­rik­di­ril­me­gi bi­len kos­mos be­ke­di gi­ňel­di­ler. Rus­si­ýa hä­zir­ki wagt­da ABŞ, Ýa­po­ni­ýa, Ka­na­da we Ýew­ro­pa ýurt­la­ry bi­len bi­le­lik­de ula­nyl­ýan Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­den çyk­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­niň ula­nyş möh­le­ti mun­dan ozal ta­mam­la­nyp, bir­nä­çe ge­zek yza süý­şü­ri­lip­di. Hä­zir­ki wagt­da Ýe­riň or­bi­ta­syn­da bu kos­mos be­ke­di bi­len bir ha­tar­da Hy­ta­ýyň hem aý­ra­tyn kos­mos be­ke­di bar.

Elektroulag önümçiligini artdyrar

Ger­ma­ni­ýa­nyň «Volks­wa­gen» to­pa­ry ABŞ-nyň elekt­rou­lag ön­dür­ýän «Rivian» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de 5 mil­liard dol­lar­lyk hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la go­ýar. Iki kom­pa­ni­ýa­nyň bi­le­lik­dä­ki be­ýa­na­tyn­da ulag­la­ryň prog­ram­ma üp­jün­çi­lik teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ös­dür­mek­de hyz­mat­daş­lyk et­jek­di­gi bel­le­nil­di. Hyz­mat­daş­ly­gyň glo­bal de­re­je­de in­no­wa­si­ýa­ny ös­dü­rip, her ula­gyň özü­ne düş­ýän ba­ha­sy­nyň ar­zan­la­dyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şeý­le­lik­de, bu hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­sin­de ön­dü­ril­jek has ar­zan we ki­çi göw­rüm­li «R2» we «R3» ulag­la­ry 2026-njy ýy­lyň ba­şyn­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar.

Tä­ze sep­gi­de ýet­di

ABŞ-nyň elekt­ron söw­da pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan «Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ba­zar nyr­hy il­kin­ji ge­zek 2 tril­li­on dol­lar­dan geç­di. Şeý­le­lik­de, bö­lek söw­da ägir­di «Micro­soft», «Nvidia», «App­le» we «Alp­ha­bet» kom­pa­ni­ýa­la­ryn­dan soň­ra iň gym­mat bä­şin­ji ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy bol­dy. «Ama­zon»-yň paý­na­ma­la­ry­nyň ba­ha­sy 3,6 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp, 193,04 dol­la­ra çyk­dy. Şeý­le­lik­de, «Ama­zon»-yň ba­zar ba­ha­sy 2 tril­li­on dol­lar­dan geç­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň paý­na­ma­la­ry ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri 26 gö­te­rim gym­mat­la­dy. «Go­og­le»-a eýe­çi­lik ed­ýän «Alp­ha­bet»-iň ba­zar ba­ha­sy bol­sa, şu ýy­lyň ap­re­lin­de şeý­le sep­gi­de ýe­tip­di.

Ýew­ro­pa­da ener­gi­ýa önüm­çi­li­gi «aras­sa­lan­ýar»

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­lar­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy has aras­sa çeş­me­ler­den al­nyp baş­lan­dy. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň dört­den üç bö­le­gi aras­sa çeş­me­ler­den al­nyp­dyr. Bu ba­ra­da Bel­gi­ýa­nyň «Eu­re­lectric» as­so­sia­si­ýa­sy ha­bar ber­di. Mag­lu­ma­ta gö­rä, Ýew­ro­pa­da «ýa­şyl» önüm­çi­lik­de re­kord goý­lup­dyr. Şeý­le­lik­de, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 74 gö­te­ri­mi aras­sa çeş­me­ler­den ön­dü­ri­lip­dir. Al­ty aýyň do­wa­myn­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 50 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy Gün we ýel ýa­ly çeş­me­ler­den al­nan bol­sa, 24 gö­te­ri­mi ýad­ro be­ket­le­rin­den al­nyp­dyr. Elekt­rik önüm­çi­li­gin­de te­bi­gy ga­zyň pa­ýy 13 gö­te­rim, köm­rüň pa­ýy 9 gö­te­rim bo­lup­dyr. Mäh­ri­ban JU­MA­MY­RA­DO­WA,

20 ýyldan soň täze banknot çykardy

Ýa­po­ni­ýa­da 2004-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek tä­ze bank­not­lar do­la­ny­şy­ga goý­be­ril­di. Ýur­duň Mer­ke­zi ban­ky tä­ze bank­not­la­ry köp­çü­li­ge gör­kez­di. Mer­ke­zi ban­kyň baş­ly­gy Ueda Ka­zuo­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da 1000, 5000 we 10 000 ýa­pon ýe­ni gör­ke­zil­di. Ueda beý­le­ki Azi­ýa ýurt­la­ry­na ga­ra­nyň­da Ýa­po­ni­ýa­da nagt däl ha­sap­la­şy­gyň pes de­re­je­de­di­gi­ni bel­läp, nagt pu­luň yg­ty­bar­ly tö­leg se­riş­de­si hök­mün­de ýur­duň gel­je­gin­de äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy­ny aýt­dy. Mer­ke­zi bank, il­kin­ji no­bat­da, umu­my gym­ma­ty 1,6 tril­li­on ýen (9,9 mil­liard dol­lar) bo­lan bank­not­la­ry do­la­ny­şy­ga goý­ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.

Diýarymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekany

Döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň baş baý­ly­gy ha­sap­la­nyl­ýan adam hak­da­ky ala­da ama­la aşy­ryl­ýan äh­li öz­gert­me­le­riň, giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ryň we tas­la­ma­la­ryň esa­sy­ny düz­ýär. Sport we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si bol­sa adam­la­ra öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni açyp gör­kez­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Türk­me­nis­tan te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­ra­da­ky hal­ka­ra res­mi­na­ma­la­ra go­şul­mak bi­len, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak hem-de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni giň­den or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­ri ge­çir­ýär. Bu iş­le­riň ne­ti­je­le­ri Wa­ta­ny­my­zyň sag­dyn­ly­gyň we bag­ty­ýar­ly­gyň ýur­dy hök­mün­dä­ki hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny art­dy­ryp, Di­ýa­ry­myz­da ada­myň sag­ly­gy­na nä­de­re­je­de uly ün­süň be­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

ÝAŞ­LAR – ÝUR­DU­MY­ZYŇ GEL­JE­GI

TÜRK­ME­NIS­TAN–EÝ­RAN: GAZ PU­DA­GYN­DA HYZ­MAT­DAŞ­LYK PUG­TA­LAN­DY­RYL­ÝAR

1–3-nji iýulda paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gaz pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, türkmen tebigy gazyny swap usuly arkaly EYR-nyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna ibermegiň meselelerine garaldy. Eý­ran ýur­du­my­zyň söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ýan iň mö­hüm hyz­mat­daş ýurt­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şun­da hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da­ky hyz­mat­daş­lyk, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň eks­port edil­me­gi, üs­ta­şyr ge­çi­ril­me­gi ba­bat­da gat­na­şyk­lar öza­ra dia­lo­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­dyr.

Asman atyndaky «Arkadag»

Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar her bir türkmenistanlyny ganatlandyrdy. Bu baradaky güwänamanyň, teleskopdyr onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy ähli halkymyz, esasan-da ylymdan ganatly ýaşlarymyz üçin ýatdan çykmajak şatlykly waka boldy. Gysga wagtyň içinde Arkadag atly şeýle ajaýyp şäheriň gurulmagynyň gudrata meňzeýşi ýaly, onuň adynyň hut Pegas ýyldyzlar toplumyndan täze tapylan ýyldyza dakylmagy-da haýran galdyrýar. Sebäbi Pegas — Gadymy Grek mifologiýasyndaky ganatly at. Araplardyr gadymy babyllylaram bu ýyldyzlar toplumyny «At» diýip atlandyrypdyrlar. Rowaýata görä, ýeliň tizligine eýe bolan Pegasyň toýnagyny uran ýerinden çeşme çykarmak ukyby bolupdyr. Gelikon dagyndaky Gippokren çeşmesiniň döremegini-de hut Pegas bilen baglanyşdyrýarlar. Ol çeşmeden şahyrlaryň ylham pyýalasyny doldurýandygy rowaýatlarda aýdylýar. Ylhamy joşa gelen şahyr barada: «Pegasa atlandy» diýilmegi-de şonuň bilen baglanyşykly.

Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy

Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzyň medeni we ykdysady ösüşleriniň belent sepgitlere ýetmeginde, ykdysady kuwwatynyň barha artmagynda ylmy işleriň, oýlap tapyşlaryň erkin döredijilik esasynda amala aşyrylmagyna döredilýän giň mümkinçilikleriň mynasyp orny bar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýeti hem uludyr. 

Tebigatyň gözelligini goralyň!

Türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň gül-gülälekli sähralary, müňýyllyklaryň şaýady bolup oturan daglary, çeşme-çaýlary, dürli dermanlyk otlarydyr ösümlikleri, haýwanat dünýäsi göreni haýrana goýýar. Ol gözellikleri synlap, kalbyň heýjana gelýär. Bu mukaddes toprakda ajaýyp zamanada ýaşap, zähmet çekýändigiňe buýsanjyň artýar. Tebigatyň baýlyklaryny goramak, ony aýawly saklamak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Ajaýyp tebigatymyzda, tokaý-seýilgäh zolaklarynda, daglardadyr düzlüklerde, öri meýdanlarynda, köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi ýangyn döremeginiň öňüni almakdyr. Onuň üçin aşakdakylary bilmek zerurdyr.