Awiasiýa pudagyndaky iň ýokary baýrak hasaplanýan «Skytrax» baýraklaryna mynasyp bolan awiakompaniýalar mälim edildi. Kataryň milli awiasiýa kompaniýasy «Skytrax»-yň 25 ýyllyk taryhynda sekizinji gezek birinji boldy. Londonda geçirilen dabara dünýäniň iri awiakompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy. «Skytrax» 1999-njy ýyldan bäri 100 ýurtdan 350 awiakompaniýa barada 21 milliondan gowrak müşderisi bilen geçirilen pikir soralyşygyň netijesinde sanaw taýýarlaýar. «Singapore Airlines», «Emirates», «ANA All Nippon Airways» we «Cathay Pacific» degişlilikde ilkinji bäşlige girdi.
Myrat ŞAMYRADOW,