Ýaponiýada deňziň düýbünden köp mukdarda magdan tapyldy. Suwasty gorda ykdysadyýet üçin ähmiýetli bolan marganesiň we kobaltyň bardygy bellenildi. Üsti açylan himiki elementiň ýurduň zerurlygyna 75 ýyl ýetip biljekdigi mälim edildi. Marganes we kobalt senagatda giňden ulanylyp, tebigatda seýrek duş gelýän himiki elementler hasaplanýar. Ýuwaş ummanynyň demirgazyk-günbataryndaky Minamitorişima adasynyň golaýyndaky magdany Nippon fondy bilen Tokio uniwersitetiniň bilermenleri ýüze çykarypdyr. Geologlar üç aýyň dowamynda uzak aralykdan dolandyrylýan suwasty enjamlar arkaly 5 müň metrden gowrak çuňlukda 100-den gowrak meýdanda gözleg işlerini geçiripdirler.
Ogulsapar SALYHOWA,