"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Milli ýörelgeler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalarynyň netijesinde halkymyzyň ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly ynsanperwer gatnaşyklary, dost-doganlygy pugtalandyrmak baradaky milli ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halky öz ata-babalaryndan gözbaş alyp gaýdýan milli edep-ekramy, ajaýyp gylyk-häsiýetleri bilen şu günki ösüp gelýän ýaş neslini terbiýeleýär. Terbiýe — munuň özi ynsanyň ýüreginde bar bolan gowy häsiýetlerini ýüze çykarmaga täsir etmegini we daşky gurşawyň oňat ýörelgelerini endik etmegini gazanmakdyr. Ynsany halal we ruhubelent ýaşamaga, mydama netijeli hereketde bolmaga gönükdirmekdir. Adamlarda gowy zatlary söýmek, ýaramaz endikleri ýigrenmek häsiýetini oýarmakdyr. 

Sarpaly sen, sylagly sen, Watanym!

Biziň Garaşsyzlyk alyp galkynan, hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolup dünýä dolan eziz Watanymyz bar. Şeýle ajaýyp Diýarda ýaşamak, döretmek, gurmak biziň her birimiz üçin çuňňur buýsançdyr. Şol belent buýsanç bilen zähmet çekilýän ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijilere eýe bolunýar. Bu bolsa halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygaryna beslenmegi bolsa, has hem ýokary zähmet joşgunyny döredýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň ýetip gelýän şanly baýramçylygyna sowgatly barmak hemmeleriň belent borjuna öwrüldi. Häzirki günlerde çekilýän joşgunly zähmet munuň dogrudan hem şeýledigine şaýatlyk edýär.

Köňülleriň ylham çeşmesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusynyň ady şygar edinilen üstümizdäki ýylyň guwançly menzilleri ýeňişlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmekde belent sepgitlere eýe bolunýar. Gündogaryň akyldary, filosof, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly toýy şu ýylymyzyň şanyna şan goşdy. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýramçylygy taryhy waka bolmak bilen, beýik söz ussadynyň sylag-sarpasynyň buýsançly ýaňy alyslara aşdy. Beýik şahyrymyzyň uly toýunyň halkara derejesinde baýram edilmegi onuň edebi mirasynyň iňňän uly ähmiýetine şaýatlyk edýär. Bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmen halky üçin tapylgysyz terbiýe mekdebi bolup durýar. Her bir setiri Watana, türkmen topragyna çäksiz söýgä ýugrulan şygyrlarynda watansöýüjilik, mertlik, gaýduwsyzlyk çeper beýan edilýär. Dana şahyrymyzyň edep-terbiýä, ahlaklylyga, lebzihalallyga, zähmetsöýerlige çagyryşly şygyrlary türkmen halkynyň aňyna ymykly ornap, köňüllerimiziň ylham çeşmesi bolup hyzmat edip gelýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi hazynasy dogrusynda gürrü

Eşretli ýaşaýşyň hem-de abadan durmuşyň gözbaşy

Çaga — eziz, edebi ondan hem eziz

ABADAN ERTIRIMIZIŇ NESILLERI ÝETIŞÝÄR Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň kämil bilim, asylly terbiýe almagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Hut şol maksat bilen bakja-bagymyzyň işgärleri özleriniň wezipe-borçlaryna oňat hem dogry düşünip, körpe neslimize bilim-terbiýe bermegiň inçe ýollaryny gözleýärler. Bagymyzda 527 çaga terbiýelenýär. Olar uly bakja, kiçi bakja, orta ýaşly, mekdebe taýýarlaýyş toparyna bölünýärler. Terbiýeçilerdir mugallymlar çagalaryň dogry iýmitlenmegine, asuda, rahat dynç almagyna gözegçilik edip, olaryň zehinli, bilimli, edepli çagalar bolup ýetişmegi ugrunda aladalanýarlar. Terbiýeçileriň şeýle yhlasly zähmeti öz miwesini hem berýär. Has takygy, çagalar bakja-bagymyzyň körpeleri etrap, welaýat boýunça mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda guralýan dürli bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Hazaryň kenarynda ýaňlanýar dostluk mukamy

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Demokratik ýörelgeleriň zamanasy Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiz ähli ugurlar boýunça ösüş-özgerişli döwri başdan geçirýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň kanunçylyk-hukuk binýady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşli talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Bu bolsa, döwletimiziň we raýat jemgyýetimiziň durnukly ösüşine bähbitli täsirini ýetirýär. Döwlet Baştutanymyzyň içeri we daşary syýasaty üstünliklere beslenýär.

Wajyp meseläniň çözgüdi

Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzyň ýollarynyň ak ýollar bolmagyny gazanmagy hemişe üns merkezinde saklap, bu mesele bilen bagly möhüm wezipeleri öňde goýýar. Çünki, köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygyny üpjün etmek ömrümiziň rahatlygyny, maşgalalarymyzyň abadanlygyny kepillendirýär. Aslynda, köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy hemmeleriň aladasy bolmalydyr. Bu ählihalk işine döwlet Baştutanymyz iňňän uly ähmiýet berip, ýurdumyzyň ýollarynda ýol-ulag hadysalaryny aradan aýyrmak bilen bagly işlere badalga berýär. Mysal üçin, her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk ählihalk işine öwrülýär we il-günümiziň uly goldawyna eýe bolýar. Bu çäräniň maksady bolsa, köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygyny üpjün edip, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny gazanmakdan ybaratdyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da döwlet derejesinde geçiriljek ählihalk çärelerine biziň etrabymyzda-da ykjam taýýarlyk görülýär. Çünki, ak ýollarymyz ömrümiziň rahatlygy, maşgalalarymyzyň abadanlygy bilen berk baglanyşyklydyr.

Awazada dynç alýan çagalara söz berýäris

Timur TAZEÝEW,Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherindäki 131-nji liseýiň okuwçysy: — Arkadag şäherinde geçirilen mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynda birinji orna mynasyp bolan çagalar hökmünde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde on gün dynç alýandygymyz üçin örän şat. Türkmen doganlarymyz bizi diýseň mähirli garşyladylar. Bu ýerde birnäçe türkmen deň-duşlarymyz bilen dostlaşdyk. Medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri biziň üçin diýseň täsirli hem gyzykly.

Çäreler täsirli geçýär

        Awazanyň gözel künjegine dynç almaga gelen çagalar we Russiýa Federasiýasyndan gelen mekdep okuwçylary häzirki wagtda dynç alşyň täsirli günlerini başdan geçirýärler. Bu gün çagalaryň dynç alşy deňiz kenaryna  gezelençden başlandy. Çagalaryň dynç alşy «Daýanç» sagaldyş merkezindäki medeni  çäreler bilen utgaşdy. Merkezde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda çagalar Magtymguly Pyragynyň  dürli dillere terjime edilen şygyrlaryny ýatdan aýtdylar. Çeper okaýyşlary hem ýerine ýetirdiler. 

Ene hüwdüsi — ajaýyp aýdym

Baýlyk hem-de rahatlyk hakda

(Tymsal) Bir baý adam işiniň arasynda wagt tapyp, deňziň kenarynda gezim edýärdi. Şonda ol gaýygyň gapdalynda bir balykçynyň tirsekläp ýatandygyny görüp haýran galdy.

Sazy sözleýän sözler

Saz paýhasdan we pelsepeden has ýokary açyşdyr. Bethowen.*  *  *Sazyň maksady ýüreklere aralaşmakdyr.Bah.*  *  *Söýgi bolmasa, adam ýüreginde haýsy sazy göterip ýörendigini hiç wagt bilmez.Oşo.*  *  *Saz hasraty gark edýän güýçdür.Şekspir.*  *  *Saz ýeke-täk dünýä dilidir, ony terjime etmegiň zerurlygy ýok, onda göwün bilen göwün gepleşýär.Auerbah.*  *  *Aýdym-saz bütin dünýäni ruhlandyrýar, ruhy ganatlar bilen üpjün edýär, hyýalyň uçmagyna kömek edýär, ähli zada ýaşaýyş we şatlyk berýär. Ony owadan we ajaýyp zatlaryň beýany diýip atlandyryp bolar.Platon.

Dumly-duşdan dürli-dümen

Gün elektrik beketleri Dünýäde iň uly Gün elektrik beketleri Hindistanda we Hytaýda ýerleşýär. Şu wagta çenli şeýle beketleriň arasynda Hindistanyň tutýan meýdany 57 inedördül kilometr, kuwwaty 2245 megawat bolan bekedi iň ulusydy. Iýun aýynda ulanyşa berlen Hytaýdaky Günden energiýa alýan beket ululygy boýunça öňdäki orny eýeledi. Ol daşky täsirlerden goramak üçin iki gat aýnaly 5 million Gün panellerinden ybarat bolup, 133,5 inedördül kilometr meýdany eýeleýär. Çölde gurlan Midong atly Gün elektrik bekedi 9 million ilaty bolan şäheri bir ýyllap elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge ukyplydyr. Kuwwaty 3,5 gigawat bolan bekediň işlemegi üçin 200 kilometrden gowrak elektrik geçirijisi çekildi, 5 sany kiçi beket guruldy. Energiýanyň çeşmesi bolan Günden peýdalanmak arkaly elektrik toguny almak ekologiýa taýdanam peýdalydyr.

Tomus taplama çäreleri

Kaka etrabyndaky çagalar baglarynda tomus taplama döwründe körpeleriň arasynda dynç alyş we taplama çäreleri işjeň ýagdaýda geçirilýär. Ýyllyk iş meýilnamasy esasynda etrapdaky 9-njy çagalar bagynda geçen tomusky taplama çäresi uly gyzyklanma döretdi. Bu çäräniň dowamynda çagalaryň eşiklerini ýeňletmek, güne taplamak, arassa howada oýunlary guramak işleri guraldy. Tomusky taplama çärelerine öňünden taýýarlyk görüldi. Toparlara niýetlenen meýdançalarda çägedanlary çägeden doldurmak we reňklemek, taplama degişli çagalar üçin enjamlary ýerbe-ýer etmek, düşekçeleri taýýarlamak, egin-eşikler, süpürgiçler taýýarlamak ýaly işlere aýratyn ähmmiýet berildi. Taplama çäreleriniň belliklerini etmek üçin ýörite ýazgylar depderleri döredildi we degişli ýazgylar doly hem-de dogry ýazyldy.

“Kim çalasyn?!” bäsleşigi

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Bäherden hem-de Gökdepe etrap Geňeşleriniň bilelikdäki meýilnamasy esasynda Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde sport bäsleşigi geçirildi. “Kim çalasyn?!” ady bilen geçirilen bäsleşige merkezde dynç alýan bagtyýar çagalar höwesli gatnaşdy. Hereketli oýunlaryň pökgi bilen bellenilen päsgelçilikden geçmek, halkaly ylgamak ýaly görnüşleri boýunça geçen bäsleşik ýaş nesliň sport ussatlygyny, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýändigini aýan etdi. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan bäsleşikde “Ruhubelent” topary üstün çykdy. Toparyň agzalaryna Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Bäherden we Gökdepe etrap Geňeşleriniň sowgatlary gowşuryldy.

Başarjaň eller

Kaka etrabynyň 10-njy çagalar bagynda çagalar baglarynyň uly toparlarynyň arasynda “Başarjaň eller” ady bilen surat çekmek, ýelimlemek, gurnamak bäsleşigi geçirildi. Etrap bilim bölüminiň düzgünnamasy esasynda geçirilen bu bäsleşik “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilýän täsirli çäreleriň üstüni ýetirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe körpeleriň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli bolup ýetişmegini gazanmak, zehinini ýüze çykarmak we höweslendirmek, watansöýüji nesiller bolup kemala gelmegini gazanmak maksady bilen geçirilen bäsleşik uly gyzyklanma döretdi. Onuň dowamynda etrabyň dürli çagalar baglaryndan gelen körpeler binanyň suratyny çekmekde, täzeden gurnap suratlary ýelimlemekde we konstruktoryň üsti bilen binajyklary ýasamakda başarnygyny görkezdiler. Bäsleşigiň netijesinde Kaka etrabynyň 4-nji çagalar bagynyň körpeleri ýeňiji boldy.

Ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyryp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ulgamlarynda çagalaryň hukuklaryny goramaga we olaryň durmuşyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen şertleri döretmäge, ösüp gelýän ýaş nesli hemmetaraplaýyn goldamaga uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada Türkmenistanyň halkara kadalara hem-de ata-babalarymyzdan miras galan belent ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Milli we ählumumy derejede adamzadyň üstünliklerine hormat goýýan ýurdumyzda geçmişde gazanylanlary geljek bilen sazlaşykly ösdürmekde adam gymmatlyklarynyň iň belent derejede gadyrlanmagy, ylaýta-da, çaganyň ykbalyna jogapkärçilikli garaýşyň her bir işde ileri tutulmagy bilen, döwletimiziň öz ösüş ýoluny ynamly dowam etdirýändigini aýratyn bellemek gerek.

Mekdep bazarlary: bol we elýeter

Tomusky dynç alşyň bosagasynda gezelenç etjek ýerlerini hyýalynda janlandyryp tolgunan mekdep okuwçylary häzirki günlerde ýene-de mugallymlaryny we synpdaşlaryny görmegiň, olar bilen täze bilimleri özleşdirmegiň höwesinde 1-nji sentýabra çenli galan günleri barmak büküp sanaýarlar. Täze okuw ýylyna täze mekdep lybaslary we okuw esbaplary bilen barmak bolsa has-da ýakymly. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ýurdumyzda bu babatda her ýyl alada edilýär. Diýarymyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem awgust aýynyň ilkinji gününden mekdep bazarlarydyr göçme söwda nokatlary işläp başlady. Welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginden habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň gündogar sebitinde ýörite mekdep lybaslarynyň we okuw esbaplarynyň söwdasyny alyp barýan göçme nokatlaryň 51-si, dükanlardyr söwda merkezleriniň ýanynda mekdep burçlarynyň 570-si döredildi. Olar ýokary derejedäki hyzmaty we haryt bolçulygy bilen gözüňi dokundyrýar. Şeýle bolansoň, mekdep bazarlarynyň daş-töweregi hemişe köp adamly. Şu günler olarda söwda gyzgalaňly dowam edýär. Bu bazarlardaky esasy aýratynlyk bolsa elýeter bahalaryň ildeşlerimiziň göwnüni göterýändigidir. Galamlardyr depderlerden başlap, okuwçy oglanlaryň penjek-balaklaryna, gyzlaryň köýneklik matalaryna

Döwletlilik ýörelgeleri dabaralanýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini hem-de Watanymyzyň taryhy ösüşlerini ilatyň arasynda wagyz etmekde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan guralýan meýilnamalaýyn çäreleriň orny uludyr. Şu günler etraplarda geçirilýän «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklerde, duşuşyklardyr maslahatlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Kararyndan gelip çykýan wezipeler, Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti dogrusynda aýratyn durlup geçilýär. Halk Maslahaty türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň dowamat-dowam bolýandygynyň dabaralanmasydyr. Ol ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesini özünde jemleýär. Halkymyz hemişe ýaşuly nesle aýratyn hormat bilen garap, il-ýurt bähbitli işlerde olaryň baý durmuş tejribesine daýanypdyr we maslahatly çözgütleri kabul edipdir. Täze taryhy döwrümizde hem döwletiň durmuşyndaky wajyp meseleler jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleri, şol sanda ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşyp çözülýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda to