Başarjaň eller

7 Awgust 2024
133

Kaka etrabynyň 10-njy çagalar bagynda çagalar baglarynyň uly toparlarynyň arasynda “Başarjaň eller” ady bilen surat çekmek, ýelimlemek, gurnamak bäsleşigi geçirildi. Etrap bilim bölüminiň düzgünnamasy esasynda geçirilen bu bäsleşik “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilýän täsirli çäreleriň üstüni ýetirdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe körpeleriň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli bolup ýetişmegini gazanmak, zehinini ýüze çykarmak we höweslendirmek, watansöýüji nesiller bolup kemala gelmegini gazanmak maksady bilen geçirilen bäsleşik uly gyzyklanma döretdi. Onuň dowamynda etrabyň dürli çagalar baglaryndan gelen körpeler binanyň suratyny çekmekde, täzeden gurnap suratlary ýelimlemekde we konstruktoryň üsti bilen binajyklary ýasamakda başarnygyny görkezdiler. Bäsleşigiň netijesinde Kaka etrabynyň 4-nji çagalar bagynyň körpeleri ýeňiji boldy.

Nurtäç NAZAROWA,
Kaka etrabynyň 4-nji çagalar bagynyň müdiri, Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar