Tomus taplama çäreleri

7 Awgust 2024
164

Kaka etrabyndaky çagalar baglarynda tomus taplama döwründe körpeleriň arasynda dynç alyş we taplama çäreleri işjeň ýagdaýda geçirilýär. Ýyllyk iş meýilnamasy esasynda etrapdaky 9-njy çagalar bagynda geçen tomusky taplama çäresi uly gyzyklanma döretdi. Bu çäräniň dowamynda çagalaryň eşiklerini ýeňletmek, güne taplamak, arassa howada oýunlary guramak işleri guraldy.

Tomusky taplama çärelerine öňünden taýýarlyk görüldi. Toparlara niýetlenen meýdançalarda çägedanlary çägeden doldurmak we reňklemek, taplama degişli çagalar üçin enjamlary ýerbe-ýer etmek, düşekçeleri taýýarlamak, egin-eşikler, süpürgiçler taýýarlamak ýaly işlere aýratyn ähmmiýet berildi. Taplama çäreleriniň belliklerini etmek üçin ýörite ýazgylar depderleri döredildi we degişli ýazgylar doly hem-de dogry ýazyldy.

Mähri ALIÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň işgäri.
Beýleki habarlar