"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Görki ajaýyp Aşgabat

Ak mermere beslenen belent binalary Gün nuruna öwşün atýan gözel paýtagtymyz gün-günden gözelleşýär, özüniň milli binagärlik sungatynyň genji-hazynasy bolan häzirki zaman ymaratlarydyr desgalary bilen kalbyňda buýsanç döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Aşgabat ýurdumyzyň iň gözel şäherine öwrüldi. Paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalaryň, seýilgähleriň sanynyň yzygiderli artmagy bolsa ýurdumyzda täsin binagärligiň ösen derejesini äşgär edýär. Döwrümiziň hem-de döwletimiziň beýik nyşanlaryna öwrülen «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýaşyl bossanlyga beslenip oturan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýapyk görnüşli syn ediş çarhy, Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň esasy bezegi bolan ahalteke bedewiniň çeper keşbi, Olimpiýa şäherçesiniň desgalary, Halkara howa menzili ýaly ençeme binalar Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň sahypalarynda orun aldy.

Döwletlilik ýoly

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny, kanuny bähbitlerini goramak, nurana ertirlerimiziň eýeleri boljak kämil bilimli, berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn ýaşlary ýetişdirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Watanymyzyň halkara abraýy artyp, ykdysady kuwwaty pugtalanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi uly rowaçlyklara beslenýär. Anyk we ähli zady öz içine alýan bu taglymat hormatly Prezidentimiziň asylly, ynsanperwer maksatlarynyň many-mazmunyny hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de sazlaşykly, okgunly ösdürmegiň esasy özenini düzýär. Häzirki wagtda gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde obalar, şäherçeler, ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni-durmuş, iri önümçilik maksatly desgalar, beýleki köpsanly binalar gurulýar. Raýatlar üçin täze iş orunlary döredilýär. Bu işler ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi, ykdysady kuwwatynyň artmagy, raýatlaryň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, zähmet çekmegi, döretmegi ugrunda edilýän tagallalaryň rowaçlanýandygynyň

Röwşen geljegimiziň eýeleri

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar” diýip bellemek bilen, ýaş nesliň ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda giň möçberli işleri durmuşa geçirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäginde sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, irki döwürden çagalary terbiýelemek, okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler hem munuň buýsançly subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan  «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» bu gün üstünlikli durmuşa geçirilýändigini guwanç bilen bellemelidiris. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzda irki ýaşdan başlap ýaş nesliň goraglylygynyň hem-de mynasyp terbiýelenmeginiň binýadyny berkitmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.

Şanly ýyla bagyşlandy

Sarahs etrabyndaky “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Müdirligiň ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda geçen duşuşyk “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanyp, oňa işçi-hünärmenler gatnaşdy. Duşuşykda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýetilýän sepgitler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen tagallalaryň rowaçlyklara beslenilişi dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Ýaşlaryň hünär öwrenmegi, döwrebap şertlerde zähmet çekmegi, gurmagy, döretmegi, ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine saldamly goşant goşmagy babatynda döredilen giň şertlerdir mümkinçilikler barada aýdylanlar gyzgyn goldaw tapdy.

Berkarar döwlet istärin

Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä şygryýetiniň genji-hazynasynyň dürdäneleridir. Onuň ajaýyp şygryýeti arkaly türkmeniň ady dünýä edebiýatyna altyn harplar bilen ýazyldy. Beýik Pyragynyň mähriban halkyna arzuw eden berkarar döwleti, bagtyýarlyga beslenen durmuşy bu gün eziz Diýarymyzda hakykata öwrüldi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Bu gün şahyryň öz eziz iline arzuw eden bagtyýar geljegi hasyl boldy. Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan döwleti dünýä kartasynda asudalygyň we agzybirligiň mekany hökmünde orta çykdy. Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan türkmen halky Magtymgula hemişe minnetdardyr. Çünki döwletimiziň mundan buýana-da mizemezligi we gülläp ösmegi üçin beýik şahyryň röwşen ideýalary, parasatly sargytlary, agzybirlik sapaklary hemişe-de derwaýysdyr» diýip belleýär.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Häzirki wagta çenli goýbolsun eden we yza süýşüren meýilnamalarynyň köpüsi hamallaryň ýadyndadyr. Geljek hepdäniň iş maksatnamalarynda olaryň käbiriniň ýene-de öň hatara geçmegi mümkin. Käbir ýagdaýlar işleriňizi gaýtadan guramagy hem talap eder.

Türkmenistan — galkynyşlar mekany

Beýik işleriň rowaçlanýan, döwletli tutumlaryň dowamata atarylýan täze taryhy eýýamy ata Watanymyzyň taryhyna altyn sahypalar bilen ýazylýar. Bir agza bakyp, berkarar döwleti binýat eden agzybir halkymyz bu döwri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler bolsa gysga wagtda Türkmenistany galkynyşlaryň mekanyna öwürdi. Galkynyş bar ýerinde ösüş bar, öňegidişlik bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady berkden tutulan beýik döwletimiz bu gün dünýä ýüzünde uly at-abraýa, şan-şöhrata eýedir. Milli Liderimiziň tagallasy bilen işlenip taýýarlanan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» täze taryhy eýýamyň bedew batly menzillerine badalga berdi. Gysga wagtyň dowamynda amala aşyrylan işler döwrümiziň, döwletimiziň şan-şöhratyny äleme ýaýdy.

Halk Maslahaty — beýik işlere badalga

Milli demokratiýanyň kämil nusgasy Ata Watanymyz Garaşsyzlygyny alan gününden bäri ýurdumyzda döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamy hem döwre görä yzygiderli kämilleşdirilip gelinýär. Bu işler şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti berkarar etmekde we dolandyrmakda toplan baý tejribesi, öňdebaryjy dünýä döwletleriniň şu ugurda gazanan üstünlikleri göz öňünde tutulyp amala aşyrylýar. Bu bolsa adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga hukugyny kepillendirýär. Jemgyýetde asudalygy hem-de agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkitmäge ýurduň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge oňaýly şertleri döredýär. Munuň özi Halk Maslahaty, Ýaşulular geňeşi ýaly demokratik düzümleriň döredilmeginde we olaryň il bähbitli işlerinde öz beýanyny tapýar.

Watanyň beýik geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ýaşlar baradaky alada uly orun berilýär. Bu hakykata biz — ýaşlar bagtyýar durmuşymyzyň her bir pursadynda göz ýetirip gelýäris. Türkmen ýaşlaryna dünýä derejesinde bilim-terbiýe almaga, ylym, hünär öwrenmäge, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döredijilikli we joşgunly zähmet çekmäge ähli şertler hem-de mümkinçilikler döredilýär. Çagalar baglaryndan başlap, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, önümçiligiň we halk hojalygynyň ähli ugurlaryndaky edara-kärhanalaryň häzirki zaman enjamlary bilen doly derejede üpjün edilmegi biziň her birimiz üçin buýsançlydyr. Bular ýaşlara ruhubelentlik we hyjuw berýär. «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaş nesil hakdaky aladanyň rowaçlyga beslenýändiginiň alamaty hökmünde buýsanjymyza buýsanç goşýar. Maksatnama ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni däp-dessurlary wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmete söýgini terbiýelemek, döwlet we jemgyýetçilik bähbitleri bilen ýaşlaryň hukuklaryny

Asyra ulaşan ömür

Dili senaly goja — Çagalyk ýyllarymyzda nämäniň nämedigine-hä anyk göz ýetirip bilmeýärdik welin, şol döwrüň gaty galagoply ýyllar bolandygyna soň-soňlar aň ýetirdik. Onuň yz ýanyndanam uruş diýen bir bela turdy. Men diýen erkek göbekliler Watan goragyna gitdiler. Soň olaryň gideninden gaýdyp geleni az boldy. Obada garry-gurtular, aýallar, çaga-çugalar galdy. Olaram gije-gündize parh goýman depesinden gum sowrup işleýärdiler. Şonda hem halkyň doýa garny doýmaýardy. Öý-öwzar, egin-eşik ýagdaýy hem gaty egbarlydy. Meniň ömrümiň ýigitlik döwri şol heýhatly ýyllara gabat geldi. Ýaşlyk ýelgini bilen sermest bolmaly çagym sähralarda, gyrlarda mal yzynda gezdim. Aňzakly gyşlarda hem uzakly gün süriniň yzynda selpäp, gijelerine dowarlaryň arasyna girip, bagçy goýnuň boýnuna dakan ýüpümizi elimize daňyp, öri meýdanynda gözümiziň awusyny alan wagtymyz köp boldy. Şonda bize sowugam, her hili kynçylyklaram kär etmeýän ýalydy. Bar pikirimiz-küýümiz özümize tabşyrylan işi abraý bilen ýerine ýetirmekdi, Watan öňündäki borjumyzy bitirmekdi. Kynçylyklara seretmezden mallarymyzy gyşdanam başybitin alyp çykardyk, owlak-guzy möwsümini hem göwnejaý geçirerdik. Ylaýym, ol kynçylykly döwrüň geçdigi bolsun. Ony gören biz bolaly, indiki nesiller hem häzirki eşretli za

Ýangyndan ägä boluň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýangynlaryň döremeginiň öňüni alyş işleriniň maksadalaýyk geçirilmegi üçin bu ugurdaky düzgünleri pugta berjaý etmegiň zerurdygyny ýatladýar. Senetçilik usulynda ýasalan gaz, elektrik enjamlaryny ulanmak, binadyr desgalaryň golaý ýerlerinde ot ýakmak, guran ot-çöpleri otlamaga ýol bermek, edaralaryň içindäki geçelgeleri dürli goşlardyr çig mallar bilen ýapmak talabalaýyk däldir.

Syýasy işjeňlik — döwrüň talaby

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň kanuny hukuklaryny berkitmekde ýadawsyz tagalla edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysaly boldy. Bu kanun jemgyýetimizde giň gatlagy emele getirýän kärdeşler arkalaşygyny döretmegiň, olaryň hereket etmeginiň guramaçylyk-hukuk esaslaryny, kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň hukuklaryny, borçlaryny, iş berijiler bilen gatnaşygyny, ilkinji guramalaryň ygtyýarlyklaryny, kärdeşler arkalaşyklarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagyny we onuň işiniň kepilliklerini kesgitleýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi häzirki wagtda 7 sany etrap birleşmesini, 1219 sany ilkinji guramany, 167 238 agzany özüne birikdirýär. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli derejedäki guramalary, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri, taryhy maksatnamalary, kabul edilýän kararlary, hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nj

Talyplyk bagty

Zehinli ýaşlara giň ýol Talyplyk bagtyna eýe bolmak täze taryhy eýýamyň bagtyýar ýaşlarynyň müňlerçesine miýesser etdi. «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýip, bagtyýar ýaşlara uly ynam bildirýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, zehinli ýaşlaryň müňlerçesi özleriniň saýlan hünäri boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girdiler. Şanly ýylda talyp bolan ýaşlarymyzyň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirýäris.

Eli süýji aşpez zenan

Ak arzuwly ak ýollar

Ak arzuwlara beslenýän ak ýollar ynsany köňlünde beslän maksadyna ýetirýär. Magtymguly atamyzyň: «Yhlas bilen bir kämile gol beren,//Ýeter bir menzile, ýetmeýen galmaz» diýip belleýşi ýaly, maňa hem çagalyk arzuwyma gowuşmak miýesser etdi. Mekdebe ýaňy gadam basan günlerimde okuwçylaryň ejeme: «Salam, mugallym!» diýip ýüzlenmekleri mende gaty uly täsir galdyrdy. Şol döwürde öz ýanymdan mugallym bolmagy arzuw edipdim.

Alkyş sözleri dillerde sena

Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik we jebislik Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ykjam taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan wagyz-nesihat çäreleri, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler yzygiderli guralýar.

Naýbaşy orunda halkyň bähbidi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine şu günler giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyzy gurşap alan bu işleriň gerimi ýokary wekilçilikli edaranyň jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm ornuny açyp görkezýär. Halk Maslahatynyň her bir mejlisi demokratiýamyzyň milli däpleriniň döwrebap röwüşde dowam etdirilýändiginiň özboluşly subutnamasyna öwrülýär. Agzybir halkymyzyň bähbitlerini esasy orunda goýýan bu ýokary wekilçilikli edaranyň alyp barýan işleriniň çuňňur mazmunynda döwletiň we raýatyň gatnaşyklarynyň häzirki zaman dünýäsiniň ýokary talaplaryna esaslanmak arkaly, milli kanunçylyk ulgamynyň çäklerinde örän oýlanyşykly, döredijilikli, sazlaşykly ýola goýlandygyna doly göz ýetirmek bolýar. Şunda halkymyza mahsus ruhy-ahlak gymmatlyklaryň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ýol-ýörelgelerimiziň bu babatdaky umumadamzat gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy guwandyryjydyr.

Taryhy çözgütler kabul ediler

Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip bellenilýär. Şundan hem görnüşi ýaly, eziz Diýarymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan her bir adamyň raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Halkyň bähbitlerini araýan ýokary wekilçilikli edara bolup durýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy maksady hem döwlet bilen jemgyýeti sazlaşykly ösdürmekden, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokary, raýatlaryň hukuklarynyň deň bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şol esasdan hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan bolan dürli kärdäki raýatlar öz garaýyşlaryny, pikirlerini aýtmaga, halk bilen paýlaşmaga, maslahatlaşmaga uly mümkinçilige eýe bolýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýz paslynyň ilkinji aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşynda taryhy waka öwrüler. Onda kabul ediljek çözgütleriň bagtyýar raýatlarymyzyň buýsançly başlaryny göge ýetirjekdigini, olaryň kalplaryny buýsanja beslejekdigini ynam bilen aýdyp bileris.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Golaýda şeýle at bilen TGM-niň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň şahsy düzümi bilen wagyz-nesihat duşuşygy guraldy. Çärede il sylagly ýaşuly Hanbaý Saparow, welaýat Polisiýa müdirliginden Näzik Ýusupowa, TDP-niň şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow, Döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň geňeşiniň başlygy Bibigül Amanowa, welaýat suwda halas ediş müdirliginiň başlygy Röwşen Dereşow dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylymyzda ata Watany söýmek, ene topragyň her bir mukaddesligini gözüň göreji ýaly goramak, ýurduň asuda hem-de jemgyýetimiziň arassa bolmagy barada ýaşlaryň arasynda düşündirmek we wagyz etmek, kanunda göz öňünde tutulan jogapkärçilik dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Ygtybarly geljegiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaş nesli, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň binýady bolan ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şeýle başlangyçlardan ruhlanyp, ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek nobatdaky mejlisi hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Halk Maslahaty Garaşsy