Türkmenistan — galkynyşlar mekany

28 Awgust 2024
115

Beýik işleriň rowaçlanýan, döwletli tutumlaryň dowamata atarylýan täze taryhy eýýamy ata Watanymyzyň taryhyna altyn sahypalar bilen ýazylýar. Bir agza bakyp, berkarar döwleti binýat eden agzybir halkymyz bu döwri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler bolsa gysga wagtda Türkmenistany galkynyşlaryň mekanyna öwürdi. Galkynyş bar ýerinde ösüş bar, öňegidişlik bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady berkden tutulan beýik döwletimiz bu gün dünýä ýüzünde uly at-abraýa, şan-şöhrata eýedir. Milli Liderimiziň tagallasy bilen işlenip taýýarlanan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» täze taryhy eýýamyň bedew batly menzillerine badalga berdi. Gysga wagtyň dowamynda amala aşyrylan işler döwrümiziň, döwletimiziň şan-şöhratyny äleme ýaýdy.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar