Görki ajaýyp Aşgabat

28 Awgust 2024
80

Ak mermere beslenen belent binalary Gün nuruna öwşün atýan gözel paýtagtymyz gün-günden gözelleşýär, özüniň milli binagärlik sungatynyň genji-hazynasy bolan häzirki zaman ymaratlarydyr desgalary bilen kalbyňda buýsanç döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Aşgabat ýurdumyzyň iň gözel şäherine öwrüldi. Paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalaryň, seýilgähleriň sanynyň yzygiderli artmagy bolsa ýurdumyzda täsin binagärligiň ösen derejesini äşgär edýär.

Döwrümiziň hem-de döwletimiziň beýik nyşanlaryna öwrülen «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýaşyl bossanlyga beslenip oturan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýapyk görnüşli syn ediş çarhy, Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň esasy bezegi bolan ahalteke bedewiniň çeper keşbi, Olimpiýa şäherçesiniň desgalary, Halkara howa menzili ýaly ençeme binalar Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň sahypalarynda orun aldy.

Amanmämmet DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň baş hasapçysy.
Beýleki habarlar