"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Diplomatiýa forumy: hyzmatdaşlyga täze mazmun

Heňňamlar döwri, eýýamlar döwleti, döwranlar beýik şahsyýetleri öňe çykarýar. Bäş müň ýyllyk taryha eýe bolan, köküni taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan döwletimiz ähli döwürlerde-de türkmene mahsus diplomatik ýörelgelerine eýeripdir. Häzirki döwürde pederlerimiziň paýhasly ýollaryny halkara giňişlige çykaryp, ata Watanymyzyň at-abraýyny belende göterip, dünýäde giňden ykrar edilen Lider — Gahryman Arkadagymyzyň dürli ýyllarda öňe süren daşary syýasy başlangyçlary ählumumy goldawa eýe bolýar. Muny bahar paslynyň ilkinji günlerinde, Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran sapary we Antalýa diplomatiýa forumynda eden taryhy çykyşy hem aýdyň subut edýär.

Arkadagyň aksakgallyk mekdebi

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Aşgabat mejlisinden soňky oýlanmalar Türki dünýä! Ol şahalary gol ýaýradan goja daragta çalymdaş. «Daragt kökünden suw içer» diýlişi ýaly, müňýyllyklara barabar bitewi taryh, medeni-ruhy ýakynlyklardyr umumy gymmatlyklar bu daragtyň köklerine dirilik nemini berýär. Şeýlekin uly kuwwat bu gün doganlyk döwletleriň syýasy erk-eradasy bilen birleşip, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) düýp esaslaryny, Ýewraziýa giňişligindäki täsirli ornuny has-da pugtalandyrýar. Öz işini dürli düzümlerdir geňeşler arkaly alyp barýan bu guramanyň Aksakgallar geňeşi bolsa türki halklaryň baý taryhy mirasyna belent sarpanyň ýüze çykmasydyr, iň asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilmegidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy TDG-niň bitewi ulag strategiýasyny döretmäge çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň bitewi ulag strtaegiýasyny döretmäge çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär. Türki döwletleriň hyzmatdaşlygynda ulag ulgamyna aýratyn orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmegiň maksadalaýykdygyny belledi. Tagallalaryň birleşdirilmegi halkara hyzmatdaşlarymyz we iri maýadarlar bilen bu ugurda ylalaşyklary gazanmaga mümkinçilik berer.

Işewür hyzmatdaşlyk-döwrüň ösüş nusgasy

Dünýäniň uzak taryhyna nazar aýlanymyzda döwletleriň ösüşiniň, halklaryň ýaşaýyş durmuşynyň olaryň ykdysady kuwwaty arkaly kesgitlenendigine şaýat bolýarys. Bu üýtgewsiz ölçeg döwürleriň häsiýetli aýratynlyklaryny, talaplaryny, tizligini, akyl ýetiriş işjeňligini... özüne siňdirmek bilen wagt geçdigiçe gerimini giňeldip otyr. Islegleriň artmagy esasynda, barha kämilleşýän ykdysady gatnaşyklarda indi diňe bir ýurduň içerki önümçiligi ýa-da ösüşi göz öňünde tutulman, eýsem, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklary has-da berkeýän döwletlerde guralýan sergilere gatnaşmak, eksport etmek arkaly halkara, sebitara we bütindünýä jemgyýetçiligine ýetirmek bilen umumadamzat bähbidi aralýar. Harytlaryň ýokary hilliligi, köpdürlüligi, bäsdeşlige ukyplylygy ýüze çykarylyp, ynsan döredijiliginiň, zähmetiniň datly miwesi dünýä jemgyýetçiligine ýetirilýär. Munuň şeýledigine bahar paslynyň ilkinji günlerinde, ýagny 4-5-nji martda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýokary derejede, guramaçylykly geçirilen owgan harytlarynyň sergisi we Türkmen-owgan işewürlik maslahaty aýdyň mysaldyr. Türkmen topragynda ilkinji gezek guralan owgan harytlarynyň sergisine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslah

Wolga kenaryndaky «Arkadag»

Bu durmuşy hekaýatyň süýjüligini gözi bilen görenleriň dilinden eşidäýseň. Dogrusy-ha, biziň şeýlekin ösen zamanamyzda Älemiň haýsydyr bir alys künjeginde bolýan wakadyr ahwalaty, täzeligi el telefonyňda ýa-da kompýuteriňde edil ýanynda ýaly synlap oturmaly. Onsoň, zirre güman galmaýar.  Muny gör-le! Ýer ýüzüniň iň uzyn, iň bol suwly derýalarynyň biri hasaplanýan Wolganyň orta akymyndaky Nižniý Nowgorod şäheri hakda-ha eşidensiňiz. Ol Russiýa Federasiýasynda «Altyn halka» atlandyrylýan medeni-taryhy ýadygärlikler toplumyna girýän gadymy hem gözel şäherleriň biri. Asyl-ha, taryhyň habar bermegine görä, Rus döwletiniň döremegi şu ýerde gurlan köne knýazlykdan gözbaş alýar. Ine, ilaty 1 million 253 müňden agarak şu şäheriň ýaşaýjylarynyň aglabasynyň tanaýan hem juda hormatlaýan kişileriniň biri biziň ildeşimiz.

Nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy — ileri tutulýan ugur

Ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlyk meselesi mart aýynyň başynda ýene-de ilkinji hatara çykdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1 — 2-nji martda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary muňa mysal bolup, onuň barşynda Gahryman Arkadagymyz Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşikleri geçirdi, üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda çykyş etdi, türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we žurnalistler bilen duşuşdy. Bu wakalary beýan eden daşary ýurt we milli habar beriş serişdeleri türkmen tebigy gazyny Türkiýä eksport etmek, şeýle hem gazy Ýewropa ugratmak babatda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada söz açdylar.

Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: köpýyllyk hyzmatdaşlyk ynamly ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň il-ýurt bähbitli milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak bilen bagly işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramak hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Ýadyňyzda bolsa, 7-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň esasynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Döwletimiziň milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny döwrüň täzeçil talaplaryna laýyk getirmek, BMG-niň ähli düzüm birlikleri bilen durmuşa geçirilýän taslamalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşini döretmek teklip edildi.

Geçmişi sarpalap, geljege ynam bilen türki döwletleriň gadyrly gatnaşyklary has-da berkidilýär

Baýkaldan Balkan ýarymadasyna çenli uzaýan uly giňişlikde mekan tutunan türki halklar medeniýetiňdir diliň, diniňdir däp-dessurlaryň umumylyklaryny paýlaşyp, müňýyllyklardan gözbaş alýan dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň däplerini häzire-bu güne çenli dowam etdirip gelýärler. Türki dünýäde döredilen ilkinji halkara düzüm hasaplanýan Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) bolsa şol umumy gymmatlyklaryň mirasdüşeridir. Häzirki döwrüň juda çylşyrymly ýagdaýlary döwletlerdenem, halkara we sebit guramalaryndanam oýlanyşykly çemeleşmeleri, deňeçer çözgütleri talap edýär. Şoňa görä, TDG-niň agza we synçy ýurtlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri-de ýygy-ýygydan bir meýdançanyň başynda jemlenmek bilen, türki dünýäde toplanan iň gowy tejribeleri rowaçlandyrmagyň ýollaryny bilelikde ara alyp maslahatlaşýarlar. 11 — 13-nji martda paýtagtymyzda geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji mejlisi hem bu hakykaty aýdyň görkezýär. 2009-njy ýylda «Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi» ady bilen döredilip, 2021-nji ýylyň noýabrynda geçirilen Stambul sammitinde ady «Türki Döwletleriň Guramasy» diýlip üýtgedilen bu düzüme Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň doly hukukly agza, Türkme

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň doly hukukly agzasy bolar

6-njy martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň adatdan daşary Baş assambleýasynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Şeýle hem bu duşuşyga birleşigiň agza ýurtlarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Duşuşykda Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýokarlandyrmagyň we olary täze derejä çykarmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi.

Türkmen-owgan söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrylýar

4 — 6-njy mart aralygynda paýtagtymyzda owgan harytlarynyň sergisi hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahaty geçirildi. Bu çärelere gatnaşmak üçin Owganystanyň döwlet düzümleriniň wekilleriniň, 230-dan gowrak kompaniýanyň we kärhananyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň uly wekilçilikli topary Aşgabada geldi. Sergä gatnaşýan kompaniýalaryň aglabasy ýurdumyzda öz mümkinçiliklerini ilkinji gezek tanyşdyrýarlar. Olar köpugurly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler.

Türkmen-owgan işewürlik maslahaty

4-nji martda gözden geçirilişiň çäklerinde Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi. Bellenilişi ýaly, onuň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport, maýa goýum kuwwatlyklaryny netijeli ulanmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Maslahata gatnaşyjylar özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň çäklerinde şu gezekki çäräniň geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler.

«Türkmenhowaýollary» Milana ilkinji uçuşyny amala aşyrdy

6-njy martda Italiýanyň Milan şäherindäki Malpensa howa menziline Aşgabatdan ýola düşen howa gämisi gondy. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň «B737-800» kysymly howa gämisiniň amala aşyran uçuşy Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky ilkinji howa gatnawy boldy. Ýeri gelende aýtsak, birnäçe aý mundan ozal, «A330» howa gämisi arkaly ýük gatnawy ýola goýlupdy. Ýakyn geljekde bu gatnawlaryň birleşdirilip, «B777» uçarynda amala aşyrylyp başlanmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle-de gatnawlaryň sanynyň artdyrylmagyna garaşylýar.

Netijeli hyzmatdaşlygyň anyk ädimleri

«Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi 7-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşini döretmek hakynda teklip hödürlenildi. Şonda hormatly Prezidentimiz BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny hem-de täze dörediljek düzümiň işiniň wajypdygyny nygtady. 8-nji martda bolsa agzalan geňeşi döretmek hakynda Karara gol çekildi.

Beýik özgertmeleriň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere eýe bolýar. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ulag-logistikanyň ösdürilmegi diňe bir ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak däl-de, eýsem, halkara hyzmatdaşlygynda hem möhüm ugurdyr. Onuň geljekde hem ösdürilmegini nazarda tutup, kämil hünärmenleri taýýarlamak ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň baş maksadydyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde kämil tehnologiýalardan habarly hünärmenleri ýetişdirmäge hem aýratyn üns berilýär. Sebäbi olar ulag ulgamyny has-da ösdürjek, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini giňeltjek kämil hünärmenlerdir. Şonuň üçin hem bu möhüm ugurlarda hünärmenleriň kämilligi esasy maksadymyzdyr. Häzirki wagtda ýaşlara tehnologiýalar, iň kämil enjamlar öwredilýär. Şunda hünärmenleriň sanly ulgam baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin gaýtadan taýýarlamak işleri hem üstünlikli alnyp barylýar. Bu bolsa tejribeli hünärmenleriň gaýtadan sanly ulgama gönükdirilmegini göz öňünde tutýar. Sanly ulgama düşünýän kämil hünärmenler işleri döwrebap alyp barmaga oňat ýardam edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmekde düýpli işler durmuşa geçiril

Köpýyllyk gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara düzüm bilen gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, 5-nji martda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň dekabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty geçirildi. Bu giň gerimli forumda ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzda bu guramanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Munuň özi Türkmenistanyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda köptaraply hyzmatdaşlygy alyp barmaga ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk toplumlaýyn ösdürilýär

4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi we bu ýerde owgan tarapy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda ösdürmegiň meseleleri boýunça duşuşyk geçirdi. Ilkinji nobatda, 4 — 6-njy martda paýtagtymyzda owgan harytlarynyň sergisiniň hem-de onuň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahatynyň geçirilendigini, olaryň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekilendigini bellemek gerek. Sergä gatnaşan kompaniýalaryň aglabasy ýurdumyzda öz mümkinçiliklerini ilkinji gezek tanyşdyrdylar. Şoňa görä-de, Söwda-senagat edarasynda Gahryman Arkadagymyz goňşy ýurtda öndürilen önümler, halylar, şaý-sepler, gurluşyk harytlary, hojalyk we senagat himiýasy ýaly ugurlaryň mümkinçiliklerini synlady. Şeýle-de bu ýerde Owganystanda ösdürilip ýetişdirilýän gök, miwe, azyk önümleri görkezildi. Goňşy ýurduň degişli düzümleriniň wekilleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň sergä gelip görmeginiň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar.

Ekologiýa ulgamynda sebit hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

4-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid öz çykyşynda häzirki döwrüň ekologik wehimlerine, durnukly ösüşi, energetika we azyk howpsuzlygyny, sebitde ählumumy abadançylygy, durnuklylygy üpjün etmek bilen gönüden-göni baglanyşykly howa meseleleriniň esasy ugurlaryna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýän bu duşuşygyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem suw serişdelerini durnukly dolandyrmak, suw diplomatiýasyny ösdürmek, bu işe zenanlary işjeň çekmek möhüm meseleleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Daşky gurşawyň abadançylygyna bagyşlandy

4-nji martda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda bu ugurda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary beýan edildi. Munuň özi daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Işewürlik hyzmatdaşlygy — tejribe mekdebi

Halkara, goňşara gatnaşyklar ösüşleriň geriminiň giňemegine, depgininiň artmagyna şert döredýär. Goňşy Owganystan döwleti bilen bolsa soňky ýyllarda dürli ugurlardaky gatnaşyklarymyzyň gerimi barha giňeýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisi we iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahaty hem bu ajaýyp işleriň özboluşly dowamyna öwrüldi. Sergi — hünärmenler, işewürler üçin öz başarnygyňy dünýä ýaýmak, ösüşiň täze ýollaryny gözlemek babatda ajaýyp meýdança bolsa, ýaşlar üçin öz saýlap alan ugurlaryndan tejribe toplamagyň mekdebi bolup durýar. Owganystanyň 230-dan gowrak kompaniýasynyň we kärhanasynyň hünärmenleri bu sergide dürli ugurlarda öz mümkinçiliklerini açyp görkezdiler. Owadan halylar, şaý-sepler, gurluşyk harytlary, hojalyk we senagat himiýasy, gök önümler, miweler, azyk önümleri sergilenen diwarlyklar, wideogörnüşler, neşir önümleri goňşy ýurduň dürli ugurlardaky ösüşi hakda söhbet açdy. Ýokary hünärli inžener-tehnologlary taýýarlaýan uniwersitetimiziň mugallymy hökmünde sergide gurluşyk harytlary, hojalyk we senagat himiýasy ugurlaryna degişli diwarlyklarda görkezilen harytlar, olary öndürýän kompaniýalar bilen tanyşmak biz üçin has-da täsirli boldy.