Wolga kenaryndaky «Arkadag»

12 Mart 2024
387

Bu durmuşy hekaýatyň süýjüligini gözi bilen görenleriň dilinden eşidäýseň. Dogrusy-ha, biziň şeýlekin ösen zamanamyzda Älemiň haýsydyr bir alys künjeginde bolýan wakadyr ahwalaty, täzeligi el telefonyňda ýa-da kompýuteriňde edil ýanynda ýaly synlap oturmaly. Onsoň, zirre güman galmaýar.

 Muny gör-le! Ýer ýüzüniň iň uzyn, iň bol suwly derýalarynyň biri hasaplanýan Wolganyň orta akymyndaky Nižniý Nowgorod şäheri hakda-ha eşidensiňiz. Ol Russiýa Federasiýasynda «Altyn halka» atlandyrylýan medeni-taryhy ýadygärlikler toplumyna girýän gadymy hem gözel şäherleriň biri. Asyl-ha, taryhyň habar bermegine görä, Rus döwletiniň döremegi şu ýerde gurlan köne knýazlykdan gözbaş alýar. Ine, ilaty 1 million 253 müňden agarak şu şäheriň ýaşaýjylarynyň aglabasynyň tanaýan hem juda hormatlaýan kişileriniň biri biziň ildeşimiz.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy», ýazyjy.
Beýleki habarlar