«Türkmenhowaýollary» Milana ilkinji uçuşyny amala aşyrdy

11 Mart 2024
346

6-njy martda Italiýanyň Milan şäherindäki Malpensa howa menziline Aşgabatdan ýola düşen howa gämisi gondy. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň «B737-800» kysymly howa gämisiniň amala aşyran uçuşy Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky ilkinji howa gatnawy boldy.

Ýeri gelende aýtsak, birnäçe aý mundan ozal, «A330» howa gämisi arkaly ýük gatnawy ýola goýlupdy. Ýakyn geljekde bu gatnawlaryň birleşdirilip, «B777» uçarynda amala aşyrylyp başlanmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle-de gatnawlaryň sanynyň artdyrylmagyna garaşylýar.

Taýýarlan: Rahman ERGEŞOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar