"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Ýurdumyzdan üstaşyr geçirilýän ýükleriň ösüş depgini ýokarlanýar

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da üs­ta­şyr ulag ge­çi­ri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we hal­ka­ra lo­gis­ti­ka ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy hem ýur­du­my­zyň güm­rük ser­he­din­den ulag­la­ryň we ýük­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ni çalt­lan­dy­rma­ga ýar­dam ber­ýän şert­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça döw­re­bap iş­ler alyp bar­ýar. Mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­ny döw­le­ti­miz­den üs­ta­şyr ge­çi­ril­ýän ýük­le­riň gün­sa­ýyn ýo­kar­lan­ma­gyn­da hem gör­mek bol­ýar. Ge­çen 2023-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den üs­ta­şyr da­şa­lan ýük­le­riň möç­be­ri 17 gö­te­rim art­dy. Üs­ta­şyr ge­çi­ril­ýän ýük­le­riň ösüş dep­gi­ni şu ýy­lyň il­kin­ji 2 aýyn­da ýo­ka­ry gör­ke­zi­jä eýe bol­dy. Has dog­ru­sy, şu ýy­lyň ýan­war-few­ral aý­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den üs­ta­şyr da­şa­lan ýük­le­riň möç­be­ri 2023-nji ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 5 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Bu gör­ke­zi­ji­ler ýur­du­my­zyň yk­dy­

TÜRK­ME­NIS­TAN — BSG: äh­mi­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi

Hä­zir­ki wagt­da ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn uly üns ber­ýär. Bu gu­ra­ma bi­len gel­je­gi uly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ba­bat­da ýur­du­myz uly iş­le­ri alyp bar­ýar. Muňa de­giş­li ugur­da Türk­me­nis­ta­na Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na go­şul­ýan ýurt («iş­jeň syn­çy») de­re­je­si­niň be­ril­me­gi aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ge­çen 2023-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li we yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş bo­lup dur­ýan Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li­ýe­ti ýur­du­my­za iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Onuň çäk­le­rin­de we­ki­li­ýet ýur­du­myz bi­len bu dü­zü­miň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy has-da iler­let­mek ba­bat­da bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak mak­sa­dy bi­len, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ry­nyň bir­nä­çe­sin­de du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, ola­ryň ha­ta­ryn­da Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet, Da­şa­ry iş­ler, Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­lik­le­ri, Mer­ke­zi bank h

Dok­tor Az­gar­hil Man­gal, «Man­gal Trans­port & Ship­ping GmbH» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy.

— Men Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan her bir işe uly gu­wanç bi­len se­red­ýä­rin. Hä­zir­ki wagt­da Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­na gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän bir­ža­lar, bank­lar köp. Bu ba­bat­da Bü­tin­dün­ýä ban­ky­ny my­sal al­sa­k, ýe­ter­lik­mi­kä diý­ýä­rin. Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň müm­kin­çi­li­gi uly. Bal­kan we­la­ýa­ty se­na­gat taý­dan ös­ýän se­bit. Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de ön­dü­ril­ýän po­lie­ti­len we po­lip­ro­pi­len önüm­le­ri­ni, Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­dä­ki kar­ba­mid önüm­le­ri­ni eks­por­ta äkit­mek üçin uly güýç ge­rek. Şo­nuň üçin hem dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ulag-lo­gis­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ün­si Türk­me­nis­tan­da. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan dün­ýä ýurt­la­ry bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag-lo­gis­ti­ka, ma­ýa go­ýum ýa­ly ugur­lar­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň çuň­laş­dy­ryl­ma­gy­na we hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Ýur­duň döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň ama­la aşyr­ýan dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan bu ugur­

Türkmenistan we Awstriýa ulag boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitledi

Ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Awstriýa iş sapary amala aşyryldy. Saparyň çäklerinde Federal Prezidentiň ofisiniň, Ýewropa we daşary işler ministrliginiň, Zähmet we ykdysadyýet ministrliginiň, Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Sanly bilim ulgamy barha kämilleşýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri döwrebap ösdürip, öz milli köklerimiz esasynda guramak, ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň göreldesinde terbiýelemek mugallymlaryň öňündäki esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda sanly bilim esasynda üznüksiz bilim üçin giň mümkinçilikler döredilip, okatmagyň usullary yzygiderli baýlaşdyrylýar. Innowasion usulda sanly bilim we dünýä tejribesi okuw işine ornaşdyrylýar. Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalary ýokary hilli elektron göterijilerdäki maglumatlar esasynda kämilleşdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň gerimi barha giňeýär. Innowasion tehnologiýalardan işjeň peýdalanmak başlangyç synplarda berilýän bilimiň okuwçylar tarapyndan aňly-düşünjeli özleşdirilmeginiň bir serişdesidir. Olar sapagyň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga, çaganyň işjeňligini artdyrmaga täsir edýär. Başlangyç synplarda multimedia tagtasynd

«Geljegiň logistikasy» atly maslahat geçiriler

4-nji aprelde Sankt-Peterburgda dabe öwrülen «Geljegiň logistikasy» atly maslahat guralar. Bu logistika we üpjünçilik zynjyryny dolandyrmak boýunça professional hünärmenler üçin möhüm wakadyr. Çäre «Author Boutique Hotel» meýdançasynyň Wladimirskiý geçelgesiniň 9-njy jaýynda geçirilýär. Maslahatda logistika pudagynyň ösüşindäki häzirki meseleler we ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle hem logistika proseslerini optimizirlemek üçin täze tehnologiýalar we çözgütler hödürlener. Gatnaşýanlar tejribe alyşmak, täze işewür gatnaşyklary gurmak we işewürligi ösdürmek üçin gymmatly bilimleri alyp bilerler.

Türkmenistan we Panama Respublikasy ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň ýollaryny maslahatlaşýar

14-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolando Enrike Barrou Noaddan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ermeni paýtagtyndaky duşuşyklar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldarynyň we nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli onuň döredijiligini giňden öwrenmäge hem-de wagyz etmäge bagyşlanyp, daşary ýurtlarda ylmy-amaly maslahatlar, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. 11-12-nji martda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň hem-de Ýerewan döwlet uniwersitetiniň bilelikde guramagynda «Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi» ady bilen geçirilen halkara ylmy maslahat bu ugurdaky işlerde nobatdaky ädim boldy. Maslahata türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen birlikde Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyplary, ýerli medeniýet we sungat ussatlary, ýurtdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri gatnaşdylar. Ermeni topragynda beýik türkmen şahyrynyň edebi mirasyny, hususan-da, onuň gymmatly filosofik garaýyşlaryny, edebiýata getiren täzeçilliklerini wagyz etmäge, oňa halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge bagyşlanan maslahaty Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň türkologiýa kafedrasynyň müdiri A.Safarýan alyp bardy. Özara pikir alyşmakda hem-de tejribe paýlaşmakda aýratyn ähmiýetli bolan ylmy çä

Köpýyllyk hyzmatdaşlyk işjeň ilerledilýär

14-nji martda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi. Myhman ýewropaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Hormatly Prezidentimiz hem Türkmenistanyň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly maliýe guramalary we banklar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Sport ulgamyndaky gatnaşyklar ösdüriler

14-nji martda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sport ministri W.Leonowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginde boldular. Dostlukly ýurduň wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde duşuşyklar hem geçirildi. Olaryň dowamynda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn esasda ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçirilen gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy. Bellenilişi ýaly, sport ulgamy, aýratyn-da, atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Dünýä meşhur ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda halkara derejedäki at çapyşyklary we atçylyk sportuna degişli bäsleşikleri guramak üçin döredilen şertler ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Bular barada aýtmak bilen, myhmanlar atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň uly geljeginiň bardygyny nygtadylar.

Astrahanda «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024» atly forum açylar

2024-nji ýylyň 23 — 25-nji aprelinde «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024» atly III halkara forumy geçiriler. Ähmiýetli maksatnamany Astrahan oblastynyň senagat, söwda we energetika ministri Ilýa Aleksandrowiç Wolynskiý açar.   Çärede 250+ tarapyň, şeýle hem kompaniýalardan 100-den gowrak gatnaşyjynyň bellige alynmagyna garaşylýar.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen “Airbus” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen “Airbus” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda “Airbus” kompaniýasynyň wekilleri Türkmenistan tarapynda kosmos giňişligi boýunça uzakda gözegçilik etmek hem-de surata düşürmek babatda hyzmatlaryny hödürleri.

NASA we Boeing ekologiýa taýdan arassa uçary işläp taýýarlaýar

Uçuşlaryň netijesinde kömürturşy gazynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, NASA we Boeing ekologiýa taýdan arassa X-66 uçaryny işläp taýýarlamak üçin tagallaryny birleşdirýär. X-66A uçaryny döretmek üçin Boeing NASA bilen bilelikde, McDonnell Douglas MD-90 ýolagçy uçaryny üýtgetdiler, hususan-da, onuň korpusy gysgaldyldy hem-de has uzyn we inçe ganatlar bilen üpjün edildi. Truss-Braced Wing konsepsiýasy Boeing tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

«ULD Shipping»  konteýner gatnadyjysy Russiýa fider hyzmatyny ýola goýdy

«ULD Shipping» türk konteýner kompaniýasy Noworossiýsk portuna fider hyzmatyny ýola goýdy. Bu barada «Alphaliner» tarapyndan hödürlenýän maglumata esaslanýan «Splash» habar berýär. Hyzmat 634 TEU kuwwaty bolan konteýner gämileriniň ikisiniň mümkinçiliklerine esaslanýar. «Uly kompaniýalaryň Russiýanyň bazaryndan çykmagy bilen emele gelen boşluk köp sanly ýük daşaýan täze kärhanalar tarapyndan dolduryldy. Şeýle taraplaryň hatarynda «FESCO», «Reel Shipping», «New New Shipping / Torgmoll», «OVP», «Safetrans», «Mountain Air Shipping», «Neco», «Modul» ýaly kompaniýalar bar diýip, neşir nygtaýar. 

Türkmenistan we GIZ söwda amallaryny ýönekeýleşdirmekde hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň GIZ-iň «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» sebitleýin taslamasynyň başlygynyň orunbasary A.Uzagaliýewa bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk hanym A.Uzagaliýewanyň GIZ-iň her ýylky meýilnamalaşdyryş çäresine gatnaşmak üçin Türkmenistana iş saparynyň çäginde geçirildi. Duşuşyga GIZ-iň Türkmenistandaky wekili Ahmetýar Kulow hem gatnaşdy. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi. 2024-nji ýylyň 13-nji martynda bolan duşuşygyň barşynda «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» taslamasynyň Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda ýerine ýetirilişi barada gürrüň berdi. Umumy bahasy 7 million ýewro bolan bu taslama geçen ýylyň dekabr aýynda tamamlandy. Taslama Germaniýanyň Federal Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilip, onuň çäginde agzalyp geçilen ýurtlaryň degişli ministrliklerine Bütindünýä Söwda Guramasynyň ylalaşygyny ýerine ýetirmek hem-de söwda amallaryny standartlaşdyrmak, ýönekeýleşdirmek we sanlylaşdyrmak boýunça ýardam berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi

Aşgabat, 14-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýewropaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurtda milli maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli çäreler we dürli pudaklarda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalar ykdysady durnuklylygy üpjün etmäge, ösüşiň ýokary depginini saklamaga mümkinçilik berýär.

Giň mümkinçiliklere daýanyp

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sport ministri W.Leonowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bolýan wekiliýetiň agzalary düýn «Türkmen atlary» döwlet birleşiginde boldular. Dostlukly ýurduň wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde duşuşyklar hem geçirildi. Olaryň dowamynda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn esasda ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçirilen gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy. Bellenilişi ýaly, sport ulgamy, aýratyn-da, atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Dünýä meşhur ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda halkara derejedäki at çapyşyklary we atçylyk sportuna degişli bäsleşikleri guramak üçin döredilen şertler ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Bular barada aýtmak bilen, myhmanlar atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň uly geljeginiň bardygyny nygtadylar.

Mate RESETAR, «ThyssenKrupp Polysius GmbH» kompaniýasynyň enjamlary işe girizmek boýunça baş gözegçisi:

— «ThyssenKrupp» Germaniýanyň iri senagat konsernleriniň biri bolup, işiniň esasy ugry ýokary erginli polat öndürmäge we metal işläp bejermek boýunça enjamlar bilen üpjün etmäge ýöriteleşdirilendir. Ol dürli görnüşli senagat harytlaryny, şol sanda awtoulag önümçiligi, metallurgiýa zawodlary üçin polat önümlerini taýýarlamak, deňiz we suwasty gämileriň gurluşygy, olarda elektronika enjamlaryny hem-de howpsuzlyk ulgamlaryny gurnamak, himiýa, sement, dag-magdan senagat kärhanalaryny gurmak, enjamlaşdyrmak bilen meşgullanýan kompaniýalaryň birnäçesini özüne birleşdirýär. «ThyssenKrupp Polysius GmbH» bolsa konserniň sement önümçiligi üçin zerur bolan enjamlar bilen üpjün edýän düzümidir. Kompaniýamyz 11 ýyl mundan ozal Türkmenistanda ilkinji taslamasyny durmuşa geçirdi. Jebel şäherçesinde ýerleşýän Balkan sement zawodynyň enjamlaşdyryş işlerini hem alyp bardy. Gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berlen Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry-da çylşyrymly, şol bir wagtda täsin taslamalaryň biri boldy. Kärdeşlerimiz bilen bilelikde bu desgany bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün etmek ugrunda uly tagalla etdik. Bu gün bolsa öz işimiziň mynasyp netijelerini görüp, oňa tüýs ýürekden guwanýarys. Açylyş dabarasynda zawoda ornaşdyrylan enjamlaryň we ýe

Dostluk festiwaly

Türkmen wekiliýeti golaýda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäheriniň «Sirius» federal zolagynda geçirilen Bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşdy. Bütindünýä ýaşlar festiwaly bu ugurdaky möhüm forumlaryň biri bolup, oňa dünýäniň ençeme ýurdundan müňlerçe wekil gatnaşýar. Foruma ýurdumyzyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyndan hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginden ýaşlar wekilçilik etdiler. Türkmen wekiliýeti forumyň çäklerinde 50-den gowrak ylmy, sport we medeni çärelere gatnaşdy. Şeýle hem daşary ýurt wekiliýetleriniň arasynda türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler barada wagyz-nesihat çärelerini gurady. Olaryň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysy» atly kitaplary, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýygyndysy «Sirius» bilim merkeziniň kitaphanasyna dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ý

Ulag we aragatnaşyk türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryndan biridir

Ulag we aragatnaşyk ugry golaýda Wenada Türkmenistanyň wekiliýetiniň we Awstriýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen tegelek stolda hyzmatdaşlygyň häzirki ugurlarynyň hataryna goşuldy. Bu ugurda Awstriýanyň kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde, “Liebherr” bilen ýörite enjamlary üpjün etmek we hyzmat etmek, şol sanda uly tonnalyk gämi kranlary, port enjamlary we buraw desgalary bilen özara gatnaşykdaky üstünlikli tejribe getirildi.