Ermeni paýtagtyndaky duşuşyklar

16 Mart 2024
966

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldarynyň we nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli onuň döredijiligini giňden öwrenmäge hem-de wagyz etmäge bagyşlanyp, daşary ýurtlarda ylmy-amaly maslahatlar, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. 11-12-nji martda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň hem-de Ýerewan döwlet uniwersitetiniň bilelikde guramagynda «Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi» ady bilen geçirilen halkara ylmy maslahat bu ugurdaky işlerde nobatdaky ädim boldy. Maslahata türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen birlikde Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyplary, ýerli medeniýet we sungat ussatlary, ýurtdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri gatnaşdylar.

Ermeni topragynda beýik türkmen şahyrynyň edebi mirasyny, hususan-da, onuň gymmatly filosofik garaýyşlaryny, edebiýata getiren täzeçilliklerini wagyz etmäge, oňa halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge bagyşlanan maslahaty Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň türkologiýa kafedrasynyň müdiri A.Safarýan alyp bardy. Özara pikir alyşmakda hem-de tejribe paýlaşmakda aýratyn ähmiýetli bolan ylmy çärede, ilki bilen, şol uniwersitetiň rektory O.Ogannisýanyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi M.Aýazowyň, terjimeçi şahyr W.Hasturyň çykyşlary diňlenildi. Türkmen wekiliýetiniň agzalary Magtymguly Pyragynyň filosofik pikirleri, ulanan çeperçilik serişdeleri, ýurdumyzda magtymgulyşynaslykda ýetilen sepgitler, onuň eserleriniň dürli dillere terjime edilişi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilişi barada gyzykly söhbet etdiler.

Gülruh GURBANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar