Sport ulgamyndaky gatnaşyklar ösdüriler

15 Mart 2024
557

14-nji martda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sport ministri W.Leonowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginde boldular. Dostlukly ýurduň wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde duşuşyklar hem geçirildi. Olaryň dowamynda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn esasda ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy. Bellenilişi ýaly, sport ulgamy, aýratyn-da, atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Dünýä meşhur ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda halkara derejedäki at çapyşyklary we atçylyk sportuna degişli bäsleşikleri guramak üçin döredilen şertler ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Bular barada aýtmak bilen, myhmanlar atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň uly geljeginiň bardygyny nygtadylar.

«Watan».
Beýleki habarlar