"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Öz­ger­ýän ul­ga­myň kä­mil­leş­me­gi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan ýokary netijeli ykdysady syýasat Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň arasynda abraýynyň has hem ýokarlanmagyna, dünýä döwletleri bilen amatly gatnaşyklary ýola goýmaga, ýokary depginli ykdysady ösüşi üpjün etmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň: «Milli ykdysadyýeti dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna netijeli girizmeklik ýurdumyzdaky önümçiligiň geljegine diňe bir eksport mümkinçilikleriniň we importa bolan mätäçlikleriň nukdaýnazaryndan däl-de, ylmy-tehniki we innowasion ösüşiň dünýädäki tendensiýalary hakyndaky esaslandyrylan düşünjeleriň bolmagy, harytlaryň we hyzmatlaryň bazarlarynyň dinamikasy, maýa goýum serişdeleri, işçi güýji we şuňa meňzeşler bilen bagly nukdaýnazardan hem baha bermegi talap edýär» diýip bellemegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda bu ulgamy we täzeçil maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar, maglumat-tehnologiýa ulgamy boýunça ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar. Mundan başga-da, sanly ulgam boýunça işgärleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin ýörite maksatnama taýýarlany

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 28-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýanyň we BAE-niň şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Ol öz ýurdunyň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Ilçi hemişelik Bitaraplyk derejesine daýanýan parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasaty alyp barýan we durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda Birleşen Arap Emirliklerine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Merkezi Aziýa: sebit parahatçylygynyň, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny we olar bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk toparyny döretdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz şol gün Awazada 6 sany iri halkara çäräniň, ýagny Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň birinji forumynyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumynyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň halkara sergisiniň, Merkezi Aziýa döwletleriniň tagamlarynyň sergisiniň, Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň geçiriljekdigini belledi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegi nobatdaky gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlarynyň sebitde we dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny hem-de Merkezi Aziýanyň dünýä geosyýasatynda möhüm sebitdigini äşgär edýär. Şunuň bilen baglanyşykly hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitdäki hem

Ygrar hem ykrar

Dünýä parahatçylygynyň goragy-da, döwletleriň syýasy, ykdysady, medeni... ösüşleri-de özara bähbitlere daýanýan deňhukukly we dostana gepleşiklerden, diplomatik çözgütlerden gözbaş alýar. Ol, şol bir wagtyň özünde, parahatçylyk söýüji, ynsanperwer ýörelgelere ygrarly, dünýä halklaryny umumy maşgala, Ýer ýüzüni umumy öýleri hasaplaýan halklar, döwletler, Liderler üçin-ä, neneňsi kynçylyk gabat gelse-de, iň aýdyň we ýeke-täk ýol bolmagynda galýar. Dogry, ösüşi zeruryýetlik emele getirýär, ýöne ol parahatçylykdan, asudalykdan hem dostlukdan gurbat tapýar. Elbetde, maksadymyz pelsepe otarmak däl. Şeýle pikirlere mübtela bolmagymyza ýurdumyzyň syýasy, ykdysady durmuşynda we halkara gatnaşyklarda bolup geçen hem geçýän oňyn wakalar sebäp boldy. Bu babatda ýakynda hormatly Prezidentimiziň Buýrugy bilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagtyna iberilen türkmen wekiliýetiniň Tokioda geçiren duşuşyklarynyň mysalynda-da köp zatlar hakynda gürrüň etmek mümkin. Türkmenistanyň maýa goýmakda, özara bähbitlere daýanýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde ynamdar hem ygtybarly ýurtdugy babatdaky habar bu gün dünýä jemgyýetçiligi üçin täzelik däl bolsa gerek. Söwda dolanyşy

Türkmenistan — Saud Arabystany Patyşalygy: döwletara gatnaşyklar berkidilýär

27-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman Ben Abdelaziz Al Saudyň hem-de Mirasdüşer Şazada Muhammed ben Salman Al Saudyň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Ilçi işe başlady

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman Ben Abdelaziz Al Saudyň hem-de Mirasdüşer Şazada Muhammed ben Salman Al Saudyň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiziň kabul etmegi

27-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman Ben Abdelaziz Al Saudyň hem-de Mirasdüşer Şazada Muhammed ben Salman Al Saudyň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Bank ulgamy kämilleşýär

Hyzmatlar ösdürilýär Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, bank ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Karz edaralary tarapyndan ilatymyza täze amatly we döwrebap hyzmatlaryň görnüşleri hödürlenýär. Häzirki wagtda karz edaralary tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň üsti bilen pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň ýaýrawyny giňeltmek babatda hem işler alnyp barylýar. Elektron hasaplaşyk kartlarynyň, töleg terminallarynyň, bankomatlaryň sany, “Internet bank” we “Mobil bank” ulgamlarynyň üsti bilen geçirilýän hasaplaşyklaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şeýle hem bankymyz tarapyndan “Altyn asyr” bank kartlaryny saklaýjy müşderilere amatly şertleri döretmek maksady bilen, töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde geçirilýän tölegler boýunça “Cash back” höweslendiriş hyzmatynyň möçberi 2 göterim derejesinde ýokarlandyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 27-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman Ben Abdelaziz Al Saudyň hem-de Mirasdüşer Şazada Muhammed ben Salman Al Saudyň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz goňşy döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli wezipesinde özbek halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny we dünýä giňişliginde öz abraýyny pugtalandyrýandygyny belledi.

Hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberildi. Wekiliýetiň amala aşyran saparynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen geçirilen duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýyna we geljegine garaldy.

Türkmenistan — Gazagystan: tejribeler we mümkinçilikler

Ýerkebulan SAPIÝEW,Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi: — Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasatynda Merkezi Aziýa döwletleri, şol sanda dostlukly Türkmenistan aýratyn orun eýeleýär. Biziň ýurtlarymyz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, özara ynanyşmaga we deňhukukly hyzmatdaşlyga esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy. Türkmenistan Gazagystanyň diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, Hazar sebitinde hem möhüm strategik hyzmatdaşydyr. Iki ýurduň arasyndaky syýasy gepleşikler netijeli häsiýete eýe bolup, Gazagystan söwda, medeni-ynsanperwer ugurlarda we sebit meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýär.

Türkmenistan — Özbegistan: dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk

24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz goňşy döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli wezipesinde özbek halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz özbek Liderini we Özbegistanyň halkyny geçen mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady. Prezident Şawkat Mirziýoýew gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwürde özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça täze ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Taraplar döwletara gatnaşyklaryň ýeten derejesine ýokary baha berip, gadymdan gelýän dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk arkaly ösdürilýän we doganlyk halklaryň bähbidine laýyk gelýän strategik hyzmatdaşlyga özara ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistan — Ýaponiýa: netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi

Türkmen wekiliýeti Tokioda möhüm duşuşyklary geçirdi Hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň amala aşyran saparynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Kämil jemgyýetiň hukuk ygtybarlylygy

24-nji iýulda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine bu düzümleriň ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garamak girizildi. Şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň geljekki wezipeleri hem-de möhüm ugurlary kesgitlenildi. Hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna seljerme bermek, milli maksatnamalaryň taslamalaryny, hereketleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak, adamlaryň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklary babatda ýurdumyzyň halkara borçnamalary ýerine ýetirişine gözegçilik etmek bu toparyň işiniň esasy ugry bolup durýar.

Gadymy ýollaryň döwrebap keşbi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesiniň dabaralanýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparynda bolup, Jebel şäherçesinde Balkanabat Halkara howa menziliniň düýbüni tutup bermegi möhüm taryhy wakadyr. Milli Liderimiziň: «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly şygary häzirki güne çenli durmuşa geçirilýän ähli asylly başlangyçlaryň, şol sanda ulag-logistika ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem içinden eriş-argaç bolup geçýär. Munuň şeýledigine soňky ýyllarda bu ulgamda amala aşyrylan ägirt uly taslamalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitabynda: «Awtoýollary, polat ýollary, deňiz ýollary, howa ýollary, ýangyçenergetika ýollary — bularyň ählisi gadymy kerwenleriň gatnan Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap keşbidir. Ýollar halklary doganlaşdyrmaga, medeniýetleri baýlaşdyrmaga çagyrýar. Türkmenistanyň tutuş sebitde ulag-logistika merkezine öwrülmeginiň düýp maksady hem şundadyr» diýip belläp geçýär. Dogrundan-da, bu gün Garaşsyz ýurdumyz Gündogar bilen Günbataryň arasynda kemala gelen ykdysady we medeni köprüni täze şertlerde hem-de döwrebap başlangyçlarda gaýtadan dikeltmegi maksat edinýär. Häzirki döwürde düný

Edebi dostluk daragty

Redaksiýadan: Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýylynyň içinde baky Bitarap döwletimiz ösüşiň täze belentliklerine çykyp, öz şöhratly taryhyna altyn sahypalary ýazdy. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda eziz Diýarymyz dünýä ýüzünde ylalaşygyň, dost-doganlygyň hem-de parahatçylygyň mekany hökmünde abraý-mertebesini artdyrdy. Muny döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen awgust aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak köp sanly ýokary derejeli halkara çäreler aýdyňlygy bilen görkezýär. Hormatly Prezidentimiz: «Biz mundan beýläk hem Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, parahatçylyk, dostluk, ylalaşyklylyk deňzi hökmünde gojaman Hazaryň derejesini berkitmäge hemmetaraplaýyn ýardam bereris. Bu sebitiň halklaryny köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar birleşdirýär» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň şu pähimli jümlelerinden ugur alyp, gazetimiziň şu sanynda Hazarýaka döwleti bolan Azerbaýjan Respublikasynyň dostlukly halkynyň ruhy dünýäsini açyp görkezýän folklor eserleri hakynda maglumatlary okyjylarymyza ýetirýäris.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

Geçen hepdäniň şenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz goňşy döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli wezipesinde özbek halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny we dünýä giňişliginde öz abraýyny pugtalandyrýandygyny belledi.

Ugur — netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge tarap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň amala aşyran saparynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen geçirilen duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýyna we geljegine garaldy.

Türkmenistan — Ýaponiýa: strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýoly bilen

Türkmen wekiliýeti Tokioda möhüm duşuşyklary geçirdi hem-de Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň amala aşyran saparynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.