Türkmenistan — Gazagystan: tejribeler we mümkinçilikler

27 Iýul 2021
1112

Ýerkebulan SAPIÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi:

— Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasatynda Merkezi Aziýa döwletleri, şol sanda dostlukly Türkmenistan aýratyn orun eýeleýär. Biziň ýurtlarymyz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, özara ynanyşmaga we deňhukukly hyzmatdaşlyga esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy. Türkmenistan Gazagystanyň diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, Hazar sebitinde hem möhüm strategik hyzmatdaşydyr. Iki ýurduň arasyndaky syýasy gepleşikler netijeli häsiýete eýe bolup, Gazagystan söwda, medeni-ynsanperwer ugurlarda we sebit meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýär.

Beýleki habarlar