Kämil jemgyýetiň hukuk ygtybarlylygy

26 Iýul 2021
996

24-nji iýulda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine bu düzümleriň ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garamak girizildi. Şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň geljekki wezipeleri hem-de möhüm ugurlary kesgitlenildi.

Hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna seljerme bermek, milli maksatnamalaryň taslamalaryny, hereketleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak, adamlaryň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklary babatda ýurdumyzyň halkara borçnamalary ýerine ýetirişine gözegçilik etmek bu toparyň işiniň esasy ugry bolup durýar.

"Nesil".
Beýleki habarlar