"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi

18.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli forumyň gün tertibine häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegi nazara alyp, Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi. Koreýa Respublikasynyň Baştutany Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşýan döwlet Baştutanlaryna we beýlekilere tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de ýokary derejeli bu duşuşygyň ähmiýetini nygtady. Prezident Mun Çže In döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen şeýle çäreleri yzygiderli geçirmegiň sebitiň ýurtlary üçin möhümdigine ünsi çekdi.

Türkmenistanda täze aragatnaşyk ulgamlary ornaşdyrylýar

Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagy Watany» şygary astynda geçýän ýylda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty ýurdumyzda iň täze aragatnaşyk serişdeleriniň ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga, halkara aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga, ählumumy durnukly ösüş maksatlary jähtinden döwletleriň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri şu gezekki halkara onlaýn-maslahatynda garalýan wajyp meseleleri ala alyp maslahatlaşmaga 25 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Maslahatyň işine diňe bir işewür toparlary däl, eýsem, hünärmenler, bu ulgamdaky esasy alymlar hem-de bilermenler gyzyklanma bildirdiler. Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalyna ýygnananlar hem-de daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylar teleköpri arkaly mähriban Arkadagymyzyň halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Sanly ykdysadyýet, kanunçylygy rejelemek hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan umumy mejlisi

Oňyn başlangyçlar, möhüm wezipeler

Habar berlişi ýaly, 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiziň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Stambul sammitinde eden çykyşyndan gelip çykýan wezipeler hem-de 28-nji noýabrda ýurdumyzda guraljak iri halkara çärä — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine taýýarlyk bilen bagly brifing geçirildi. Oňa TDIM-niň işgärleri, ýerli we Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk edýän habarlar gulluklarynyň žurnalistleri çärä wideoaragatnaşyk arkaly goşuldylar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji noýabrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşdy. Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy derejede goşulmagy hakynda çözgüdiň kabul edilmegi nobatdaky duşuşygyň many-mazmunyny, ähmiýetini has-da artdyrdy. Hut şu meselä ünsi çekip, iri habarlar agentlikleri Stambul sammitini türki dünýäniň ähli döwletlerini bir başa jemlän, doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlylygyň hakyky nusgasyny görkezen taryhy duşuşyk hökmünde häsiýetlendirdiler. Hormatly Prezidentimiziň sammitde eden çykyşy

Möhüm ulgam üçin kämil hünärmenler taýýarlanylýar

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bellenilişi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň geosyýasy we geoykdysady taýdan örän amatly sebitinde ýerleşmegi ulag-üstaşyr geçelgeleriniň dünýä ähmiýetli ulgamyny döretmäge mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, milli Liderimiziň parasatly başlangyçlarynyň esasynda, bu ulgamy ösdürmek boýunça ýurdumyz we halkara guramalary tarapyndan amala aşyrylýan işler, kabul edilýän çözgütler tutuş adamzadyň geljegini nazarlap, derwaýys ädimlere badalga berýär. Bu barada aýdylanda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly

Hyzmatdaşlygyň gerimi giňeýär

Öňňin Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň, şeýle-de, onuň çäklerinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagynyň jemlerine hem-de 28-nji noýabrda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere bagyşlandy. Brifingiň dowamynda milli Liderimiziň Türki geňeşiň sammitinde eden çykyşyndan gelip çykýan esasy ugurlar beýan edildi hem-de Türkmenistanyň bu gurama synçy döwlet hökmünde kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň 15-nji sammitine görülýän taýýarlygyň barşy bilen hem tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, esasy çäreleriň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi, şeýle-de, YHG-ä agza ýurtlaryň işewürlik forumy geçiriler.

Gazçylarymyz hakdaky alada

Bagtyýar zamanamyzda halk hojalygymyzyň beýleki pudaklary bilen birlikde gaz senagaty hem ösüşli döwri başdan geçirýär. Senagat taýdan özleşdirilýän gaz ýataklary tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Kärhanamyzyň sürüjileri “Marygazçykaryş” müdirliginiň gazçylaryna ulag hyzmatyny edip, olaryň öndürijilikli zähmet çekmeklerine goldaw-ýardam berýärler. Ulaglar kärhanamyzyň zähmetsöýer adamlary gazçylaryň zerur ýüklerini, dürli enjamlarydyr turbalary daşamakda, gazçylary işe gatnatmakda yzygiderli aladalanýarlar. Kärdeşler arkalaşygy guramamyz tarapyndan işgärlerimiz hakynda uly alada edilýär. Olaryň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmakda, howpsuz zähmetiň üpjün edilmeginde degerli çäreleri durmuşa geçirýäris. Işgärlerimize ýörite egin-eşiklerdir aýakgaplaryň wagtly-wagtynda berilmegi ugrunda aladalanýarys. Şu we beýleki tagallalarymyz ulaglar kärhanamyzda ýokary netijeleriň gazanylmagyna saldamly goşant bolýar. Şu günler bolsa ulaglar kärhanamyzyň adamlary Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny uly üstünlikler bilen jemlemegi maksat edinýärler.

Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi

Aşgabat, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň, şeýle-de onuň çäklerinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagynyň jemlerine hem-de 28-nji noýabrda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere bagyşlandy. Brifinge ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar. Azerbaýjandan, Awstriýadan, Owganystandan, Belgiýadan, Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Fransiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Pakistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Türkiýeden, Özbegistandan we Ukrainadan bolan žurnalistler duşuşyga sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Döwrebap ösüşleriň ýolunda

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem uly işler alnyp barylýar. Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylyp, iň döwrebap enjamlar we programma mümkinçilikleri bilen üpjün edilýär. Gümrük işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, sebitiň ýurtlarynyň gümrük edaralarynyň arasynda maglumatlary alyşmaga, gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň möçberlerini artdyrmaga, gümrük kadalarynyň bozulmalarynyň öňüni almaga, döwrebap gümrük hyzmatlaryny we gözegçiligini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň öňdebaryjy halkara tejribäniň we iň täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň gümrük serhediniň üstünden harytlaryň hem-de ulag serişdeleriniň geçirilmeginiň tertibiniň berjaý edilmeginde alyp barýan maksatnamalaýyn işleri ýokary netijesi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň emele gelmegi bilen baglylykda, Gullugyň düzüminde birnäçe täze gümrük edaralary döredildi. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde, gümrük

Dost - doganlygyň we hyzmatdaşlygyň ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Türki dilli ýurtlar bilen gatnaşyklar munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Türki dilli döwletleriň halklary bilen türkmen halkyny müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökler, medeni hem-de ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Täze taryhy döwürde bu hoşniýetli däpler täze derejä we mazmuna eýe bolup, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin oňyn şertleri döredýär. Onuň binýadynda gülläp ösüşe gönükdirilen umumy maksatlar durýar.

Halkara gatnaşyklarda işjeňlik

12-nji noýabrda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz Türkiýe we Gyrgyz Respublikalarynyň Prezidentleri bilen ikiçäk duşuşyklary geçirdi Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly daşary syýasatynyň netijesinde, türkmen-türk, türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn görnüşde hem-de sebit we halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan döwletimiz bu ýurtlar bilen möhüm ugurlar boýunça gatnaşyklary yzygiderli işjeňleşdirýär, netijeli ylalaşyklar gazanylýar. Munuň şeýledigini 12-nji noýabrda Stambulda iş saparynda bolan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen geçiren duşuşyklary aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Sanly ulgamda hyzmatdaşlyk

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Golaýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem hormatly Prezidentimiziň garamagyna Maglumata elýeterlilik merkezini döretmek bilen bagly teklipler edildi. Koreýa Respublikasynyň Ylym we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň bu teklibi ýurdumyzyň Bilim ministrligi tarapyndan öwrenildi we oňlanyldy. Hormatly Prezidentimiz teklibi makullap, koreýaly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikdäki täze taslamanyň iki dostlukly ýurduň arasynda uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant boljakdygyny belledi. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly işler häzirki wagtda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda dünýä döwletleri bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Bu bolsa öz gezeginde bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmekde, bilim berlişini elektron maglumatlar bilen üpjün etmekde, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda möhümdir. Maglumata elýeterlilik merkeziniň döredilmegi ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynyň tehnologiýa we innowasiýa esasynda ösdürilmegine, häzirki zaman elektron okuw-usulyýet binýadynyň döredilmegine, raýatlaryň elektron bilim gorlaryna elýet

COP26: TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ BAŞ­LAN­GYÇ­LA­RY­NA BA­GYŞ­LA­NAN MAS­LA­HAT

Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da «te­ge­lek sto­luň» ba­şyn­da mas­la­hat ge­çi­ril­di. Mas­la­hat Glaz­go şä­he­rin­de Şot­lan­di­ýa­nyň mas­la­hat­lar mer­ke­zin­de BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 26-njy mas­la­ha­ty­na (COP26) türk­men we­ki­li­ýe­ti ta­ra­pyn­dan öňe sür­len baş­lan­gyç­la­ra ba­gyş­lan­dy. Mas­la­ha­ta Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň we De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň Bir­le­şen Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Il­çi­ha­na­sy­nyň, BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň 4-nji ha­bar­na­ma­sy­nyň we iki ýyl­lyk ha­sa­ba­ty taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça to­pa­ry­ň ýolbaşçysy, şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Hal­ka­ra Aw­tou­lag­lar Fe­de­ra­si­ýa­sy we Türk­me­nis­tan

Hal­ka­ra Aw­tou­lag­lar Fe­de­ra­si­ýa­sy (FIA) 1904-nji ýy­lyň 20-nji iýu­nyn­da dö­re­dil­di. Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň 140 döw­let­den 235 ag­za­sy bar. Hal­ka­ra Sport Fe­de­ra­si­ýa­sy gör­nü­şin­de dö­re­di­len bu gu­ra­ma­nyň ştab-kwar­ti­ra­sy Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de ýer­leş­ýär. Esa­sy dil­le­ri iň­lis we fran­suz dil­le­ri­dir. Hal­ka­ra Aw­tou­lag­lar Fe­de­ra­si­ýa­sy dür­li ýyl­lar­da aw­to­mo­bil spor­ty bo­ýun­ça yzy­gi­der­li bäs­le­şik­le­ri ge­çir­ýär. Il­kin­ji ge­zek 1950-nji ýyl­da For­mu­la-1 sport ýa­ry­şy­ny ge­çir­ýär. Şon­dan soň Kar­ting bo­ýun­ça çem­pio­nat, aw­to­ral­li, For­mu­la-E we beý­le­ki ýa­ryş­lar ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 38-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na BAE-den, Şweý­sa­ri­ýa­dan, Ow­ga­nys­tan­dan, Öz­be­gis­tan­dan we Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­dan ge­len işe­wür­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len aras­sa­la­nan ýa­kyş ma­zu­dy­ny, awia­ke­ro­si­ni we aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de «Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len ha­ly­lar hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi mi­nistr­li­gi­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len reňk­siz aý­na önüm­le­ri sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 29 mil­lion 543 müň 200 dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Biz doganlyk halklaryň abadançylygyň ýoly bilen öňe gitmegi üçin tagallalarymyzy birleşdirip, has-da kuwwatly bolduk

Milli Liderimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy 12.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen Lideriniň paýhasy Bitarap Türkmenistanyň bedew batly ösüşleri bilen dünýä ýaýylýar

Žurnalistikada interwýu gyzykly hem özüne çekiji, şol bir wagtda jogapkärçilikli çemeleşmäni talap edýän žanr hasaplanýar. Sowallar arkaly adamyň keşbini çekmeli — hakyky ýerine düşen interwýunyň üstünligi, ine, şunda jemlenýär. Ýöne şol üstünligi gazanmak asla ýeňil-ýelpaý iş däl. Onuň üçin berlen sowallaryň-da, jogaplaryň-da maňzyňa batmagy, düşnükli we täsirli bolmagy zerur. Şu ikisi özara sazlaşanda, söhbetdeşligiň asyl maksadyna ýetjekdigi gümansyz... Biz interwýu žanryndan söz açmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Erim bilen bolan söhbetdeşligi, onuň many-mazmuny barada gürrüň etmekçi bolýarys. Şunda bir hakykata turuwbaşdan ünsi çekmek gerek. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli milli Liderimiz «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň we TASS agentliginiň sowallaryna hem jogap berdi. Iri habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri bilen geçirilen söhbetdeşlikleriň üçüsinde-de, gürrüňsiz, ýüregi elmydama «Halkym, ýurdum!» diýip urýan, tutuş adamzadyň öňündäki jogapkärçilik hökmünde dünýä syýasatyna işjeň garylyp-gatylmak ugrunda irginsiz tagalla edýän, millilige aýratyn gadyr goýýan, döwle

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny nazarlap

10-njy noýabrda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ony «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar. Häzirki zaman aragatnaşyk serişdelerine bagyşlanan şu gezekki halkara onlaýn maslahatda garalýan wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga 25 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Maslahatyň işine diňe bir işewür toparlary däl, eýsem, hünärmenler, alymlar hem-de bilermenler gyzyklanma bildirdiler. Ýurdumyzyň öňden gelýän, hemişelik hyzmatdaşlarynyň hatarynda aragatnaşygyň dürli görnüşleri, maglumatlar tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän «NOKIA», «HUAWEI», «Thales», «Afghan Wireless», «Delta Telecom Ltd», «Rostelecom», «Eastwind», «Azertelecom» we beýlekiler bar. Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalyna ýygnananlar, şeýle hem daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylar teleköpri arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler.

Türkmenistan — Türkiýe Respublikasy: doganlygyň we hyzmatdaşlygyň hoşniýetli ýörelgelerine ygrarlylyk

Kä­mil ara­gat­na­şyk — ösü­şiň esa­sy şer­ti

Öň­ňin, 10njy no­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da­ky Söw­dase­na­gat eda­ra­syn­da öz işi­ne baş­lan te­lea­ra­gat­na­şyk, te­le­met­ri­ýa, ha­bar be­riş til­si­mat­la­ry­nyň we te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş en­jam­la­ry­nyň «Türk­men­tel — 2021» at­ly XIV hal­ka­ra on­laýn mas­la­ha­ty hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da, äh­li ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da, Türk­me­nis­ta­nyň ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň hem hä­zir­ki za­man de­re­je­sin­de ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni no­bat­da­ky ge­zek äş­gär et­di. Ýur­du­my­zyň ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň hü­när­men­le­ri bi­len bir­lik­de, iki gün­lük hal­ka­ra mas­la­ha­ta on­laýn ter­tip­de gat­naş­an da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­larda mu­ny aý­ra­tyn bel­le­di­ler. Düýn, 11nji no­ýabr­da «Türk­men­tel — 2021» at­ly XIV hal­ka­ra on­laýn mas­la­hat öz işi­ni do­wam et­di. Onuň çäk­le­rin­de «Ber­ki­di­len we öý­jük­li ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry: ara­gat­na­şy­gyň bi­te­wi mil­li ul­ga­my­ny dö­ret­mek, giň zo­lak­ly op­ti­kisü­ýüm­li 5G öý­jük­li ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry», «San­ly öz­gert­me­ler za­ma­na­syn­

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministrini kabul etdi

09.11.2021.  Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linharty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Awstriýanyň Federal Prezidentiniň we Federal Kansleriniň salamyny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, awstriýaly hyzmatdaşlaryň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry amala aşyrýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.