Öňňin, 10njy noýabrda paýtagtymyzdaky Söwdasenagat edarasynda öz işine başlan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamynyň hem häzirki zaman derejesinde ösdürilýändigini nobatdaky gezek äşgär etdi. Ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň hünärmenleri bilen birlikde, iki günlük halkara maslahata onlaýn tertipde gatnaşan daşary ýurtly hyzmatdaşlarda muny aýratyn bellediler. Düýn, 11nji noýabrda «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahat öz işini dowam etdi. Onuň çäklerinde «Berkidilen we öýjükli aragatnaşyk ulgamlary: aragatnaşygyň bitewi milli ulgamyny döretmek, giň zolakly optikisüýümli 5G öýjükli aragatnaşyk ulgamlary», «Sanly özgertmeler zamanasynda maglumat howpsuzlygy» ýaly ugurlar boýunça mejlisler geçirildi. Forum tamamlanandan soňra, «Sanly çözgüt — 2021» atly innowasiýa taslamalary bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Biz maslahata gatnaşanlaryň käbirleriniň çykyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.