Döwrebap ösüşleriň ýolunda

16 Noýabr 2021
1291

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem uly işler alnyp barylýar. Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylyp, iň döwrebap enjamlar we programma mümkinçilikleri bilen üpjün edilýär. Gümrük işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, sebitiň ýurtlarynyň gümrük edaralarynyň arasynda maglumatlary alyşmaga, gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň möçberlerini artdyrmaga, gümrük kadalarynyň bozulmalarynyň öňüni almaga, döwrebap gümrük hyzmatlaryny we gözegçiligini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň öňdebaryjy halkara tejribäniň we iň täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň gümrük serhediniň üstünden harytlaryň hem-de ulag serişdeleriniň geçirilmeginiň tertibiniň berjaý edilmeginde alyp barýan maksatnamalaýyn işleri ýokary netijesi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň emele gelmegi bilen baglylykda, Gullugyň düzüminde birnäçe täze gümrük edaralary döredildi. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde, gümrük nokatlarynda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň kämil gözegçilik enjamlarynyň üpjünçiligi dowamly alnyp barylýar.

Toýly TOTDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar