Gahryman Arkadagymyzyň hyzmatdaşlyk ýoly bilen
Häzirki wagtda dünýäniň ykdysady ösüşiniň, durmuş abadançylygynyň we daşky gurşawyň goragynyň birek-birekden üzňe bolmadyk bitewüligi emele geldi. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklarynda ekologiýa ugrunyň ileri tutulmagyna uly üns gönükdirmek bilen, bu ugurda oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär. Halkara giňişliginde adamyň we tebigatyň özara gatnaşygynda ýüze çykýan meseleleri ykdysady-durmuş ösüşleriniň, parahatçylygyň hem howpsuzlygyň meseleleri bilen birlikde toplumlaýyn çemeleşmäniň esasynda çözmek möhüm wezipe hökmünde öňe çykdy. Şu nukdaýnazardan, döwletimiz dünýä bileleşiginiň agzalary bilen hyzmatdaşlykda, ilkinji nobatda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalary birleşdirmegiň merkezi bolan Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde häzirki zaman ählumumy meseleleri çözmäge döredijilikli gatnaşýar. Häzirki zaman şertlerinde howanyň üýtgemegi, onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete, jemgyýete ýetirýän täsirlerini öwrenmek we azaltmak möhüm ählumumy meseleleriniň birine öwrüldi. Bu meselä aýratyn üns berilmegi onuň adamzadyň abadançylygynyň örän möhüm ugurlaryna güýçli täsir edýändigi bilen düşünilýär. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş üçin amatly