«Bank of America» kompaniýasy 2022-nji ýylda nebit-gaz pudagyna maýa goýmak üçin «Rosneft», «Gazprom» we «Novatek»-i (Gündogar Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Afrika) naýbaşy kompaniýalaryň sanawyna goşdy. Bankyň bilermenleriniň pikiriçe, bu kompaniýalar ýokary öndürijilikli hem-de arzan bahaly bolup, maýadarlar üçin girdejililigi bilen tapawutlanýar.
«Bank of America»-nyň bilermenleriniň hasaplamalaryna görä, «Rosneft»-iň paýnamalary geljek ýyl, takmynan, 40% ýokarlanmak mümkinçiligine eýe. «Novatek» 2030-njy ýyla çenli önümçiligini iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär.