16-njy dekabrda Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň ösüşine bagyşlanan türkmen eksport edijileri hem-de «Sanly ykdysadyýeti söwda ulgamyna netijeli ornaşdyrmakda ýetilen sepgitler we öňdebaryjy tejribeler» atly halkara maslahaty geçirildi.
Bu halkara maslahaty Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary B.Goçmollaýewiň çykyşy bilen başlady.